Daşary ýurt metbugatyna syn 04.05.2016

Türkiýäniň we dünýäniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

484030
Daşary ýurt metbugatyna syn 04.05.2016

Britaniýanyň Reuters habarlar gullugynyň: “Türkiýe ÝB bilen baglaşylan wiza ylalaşygy üçin gerek bolan soňky kanuny hem mejlisden geçirdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Parlamendiniň türk raýatlarynyň Ýewropa wizasyz gidip-gelmeklerini ýola goýmak üçin soňky päsgelçilikleriň biri bolan howpsyzlyk güýçlerini gözegçilik etjek komissiýanyň döredilmegi bilen baglanşykly kanuny tassyklandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Ýewropa komissiýasynyň şu gün Türkiýäniň wiza ýeňilliginiň ýola goýulmak üçin gerek bolan ähli kriteriýalary berjaý edendigi barada beýanat bermegine we ÝB-ne agza ýurtlar bilen Ýewropa Parlamendiniň hem şol karary iýun aýynyň ahyrynda tassyklamagyna garaşylýandygyny mälim edýär.

Russiýanyň Halkara habarlar gullugy Sputnikiň: “Kilis şu gün hem roketanyň sesleri bilen oýandy” söz başyly habarynda, Siriýada terror guramasy DAEŞ-iň gözegçiligi astyndaky Bab sebitinden Kilis şäheriniň merkezine atylan 2 roketanyň boş meýdana düşendigini habar berýär. Habarlar gullugy wakada ýaralanan ýa-da ýogalan adamyň bolmandygyny, sebite ýangyn söndürijileriň we polisleriň iberilendigini ýazýar.

Britaniýanyň BBC habarlar gullugynyň: “Britaniýada Saud Arabystanyna ýarag satuwy bes edilsin çagyryşy” söz başyly habarynda, Britaniýanyň Parlamendiniň Halkara galkynyş komitediniň Saud Arabystanyna ýarag satuwynyň goý bolsun edilmegi barada çagyryş berendigine ünsi çekýär. Habarda komitediň Britaniýanyň satan ýaraglarynyň Ýemende asuda ilata garşy ulanylyp-ulanylmadygy we onuň söweş hukugynyň düzgünleriniň bozulyp-bozulmandygynyň garaşsyz komitet tarapyndan derňelmegini talap edendigi bellenýär. BBC deputatlaryň derňew işleiniň tamamlanýança çenli Saud Arabystanyna ýarag satylmazlygyna çagyrýandyklaryny nygtaýar. Habarlar gullugy Halkara galkynyş komitediniň agzalarynyň Ýemende hyzmatdaş güýçleriniň asuda ilaty hem nyşana alýandygy baradaky subutnamalaryň artýandygyny aýdandyklaryny beýan edýär.   

Hytaýyň Halkara Hytaý radiosy CRI-iň: “Kars welaýatynyň süýt önümleri Hytaýa eksport ediler” söz başyly habarynda, Hytaýyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly Baş ilçisi Ýu Hongýangyň ýanyndaky wekiliýet bilen Kars welaýatynyň gubernatory Günaý Özdemir bilen duşuşanda beren beýanatynda Hytaý bilen Türkiýäniň arasynda ençeme ugurda şertnamalara gol çekilendigini, şolaryň biriniň hem Karsda öndürilen süýt önümleriniň Hytaýa eksport etmek bilen baglanşyklydygyny aýdandygyny mälim edýär. Habarda Türkiýe bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny hem ýüze çykarmak isleýändiklerini bellän Ýunyň iki ýurduň arasyndaky söwda kuwwadynyň 27 milliard dollara ýetendigini, şunuň bilen birlikde Türkiýe bilen Hytaýyň arasynda 14 milliard dollar möçberinde gol çekilen taslamalaryň bardygyny nygtandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar