Daşary ýurt metbugatyna syn 15.10.2014

Geçen hepde Türkiýede başdan geçirilen wakalar barada daşary ýurt habar beriş serişdelerinde berilen esasy habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

157756
Daşary ýurt metbugatyna syn 15.10.2014

ABŞ-nyň “AP” habarlar gullugy “Türkiýe: ABŞ bilen täze ylalaşyk ýok” söz başyly habarynda, türk ýolbaşçylarynyň esasy harby howa bazasynyň terror guramasy YSYS-a garşy operasiýalarda peýdalanylmagy boýunça ylalaşyk gazanylandygy barasynda ABŞ-dan gelip gowşan habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini mälim etmeginden soň NATO-nyň hyzmatdaşlary bolan Türkiýe bilen ABŞ-nyň duşenbe güni bazanyň peýdalanylmagy barasynda ylalaşmandyklaryny ýazýar.
Habarda amerikaly ýolbaşçylaryň duşenbe güni ýene-de bir gezek Türkiýäniň ABŞ-na we hyzmatdaşlygyň agzalaryna İnjirlik bilen birlikde harby howa bazalaryndan peýdalanmaga rugsat berjekdigini, mesele boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini aýdandyklary nygtalýar.
Emma duşenbe güni ministrler kabinetiniň mejlisinden soň çykyş eden Wise-premýer Bülent Arynç “terrorçylyga garşy göreş üçin dowam edýän hyzmatdaşlykdan daşgary İnjirlik harby howa bazasy bilen bagly haýsydyr bir üýtgeşiklikligiň ýokdugyny” aýtdy.
Wise-premýer Bülent Arynç Türkiýäniň Siriýada we Yrakda terror guramasy YSYS bilen söweşýän parasatly oppozision güýçlere tälim bermek hem-de olary harby enjamlar bilen üpjün etmek üçin käbir bazarlaryň peýdalanylmagyny teklip edendigini, emma taraplaryň entek ylalaşyk gazanmandyklaryny nygtady.
Eýranyň “İRNA” habarlar gullugy “Başgalary tarapyndan kesgitlenen pozisiýany kabul etmeris” söz başyly habarynda, Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň “Terror guramasy YSYS-a garşy göreşde üç alternatiwden başga ýok ýok; halkara guryýer güýji, howa bombardymany ýa-da halkara howa güýjüniň goldaw bermeginde siriýaly oppozisionerleri güýçlendirmek” diýendigini ýazýar.
Habarda Dawutoglynyň “Siriýa meselesinde dünýä synçy bolan halatynda ol has agyr apatlara sebäp bolar ýa-da dünýä Siriýa meselesinde hiç hili çäre görmez, bizem synçy bolarys. Beýle zat mümkin däl. Ýa-da dünýäniň çykgynsyzlygy çözmek üçin meýilnamasy bolmaly we Türkiýä pozisiýa beriler, ony kabul etmeris. Çünki Türkiýe başgalarynyň kesgitlän pozisiýasyny eýelemez” diýen sözlerine üns çekilýär.
“İRNA” Premýer ministr Dawutoglynyň “Dördünji ýol bolsa Türkiýe meseläniň çözgüdi baradaky garaýyşlaryny beýan eder we başgalaram öz garaýyşlaryny beýan eder. şeýlelikde meseläni çözmek üçin giňgerimli strategiýanyň üstünde bilelikde işläp, ony durmuşa geçireris. Türkiýeniň isleýän çykalgasy ine şeýle” diýen sözlerini çap edýär.
Fransiýanyň “AFP” habarlar gullugy “Pariž täze barlag-gözegçilik ugurlaryny açmaga taýar” söz başyly habarynda, Fransiýanyň daşary işler ministri Lauren Fabiusyň beren beýanatynda Fransiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk gepleşiklerinde iki ugur boýunça barlag-seljerişiň açylmagyna taýardygyny aýdandygyny mälim edýär.
Habarda Fabiusyň Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen geçiren duşuşygyndan soň “Gepleşikler aç-açan, hoş niýetlilik we kabul edilen çäkde dowam etdirilmeli” diýen sözlerine ünsi çekilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar