Daşary ýurt metbugatyna syn 01.10.2014.

Türkiýede başdan geçirlen wakalar bilen bagly habarlar daşary ýurt metbugat organlarynda giňişleýin ýer alýar

146011
Daşary ýurt metbugatyna syn 01.10.2014.

Fransuz “AFP” habarlar gullugy “Türkiýe koalisiadan çetde galyp bilmez” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň beren beýanatyna ýer berdi.
Habarda Prezident Erdoganyň Türkiýäniň YDYD guramasyna garşy söweşýän halkara koalisiadan çetde galmajakdygy hakyndaky sözlerine üns çekildi.
Prezident Erdogan Stambulda geçirlen Bütindünýä Ykdysadyýet forumynda eden çykyşynda “Hepdäniň dowamynda degişli adamlar bilen gepleşikler geçireris we koalisiadan çetde galmarys” diýdi.
İspaniýanyň “Europa Press” habarlar gullugy “Ýewropanyň ýeterlik derejede goldaw bermezligine nägilelik bildirdi” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyn ýurtlarynda YDYD guramasy tarapyndan guralýan hüjümlerden gaçan siriýaly bosgunlar meselesinde Ýewropanyň ýeterlik derejede goldaw bermeýändigine garşylyk görkezendigini habar berdi.
Prezident Erdogan BMG-nyň 69-njy Sessiýasynda eden çykyşynda 1,5 million siriýaly bosguna kömek bermek üçin Türkiýäniň 4,5 milliard dollar sarp edendigine aýratyn ünsi çekldi.
Erdogan liderlere “Size ýüzlenýärin baý we güýçli Ýewropa ýurtlaryna näme boldy” diýip ýüzlendi.
Perzident Erdoganyň beren maglumatyna görä Ýewropa ýurtlary diňe 130 müň siriýaly kömek berdi.
Fransiýada çap edilýän “Le Figaro” gazeti “Erdogan ara zolagyň döredilmegini isleýär” söz başyly habarynda serhetlerde howpsuzlygyň ýokarlandyrylmagyny isleýän Türkiýäniň Siriýa serhedinde ara zolagyň döredilmegini isleýändigini ýazýar.
Gazet Prezident Erdoganyň “Öz serhetlerimizi gorarys” diýen sözlerine ýer berýär.,
Eýranyň “İRNA” habarlar gullugy “YDYD guramasy dünýä üçin howpdyr” söz başyly habarynda Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň “YDYD guramasyny dünýä üçin howply” hökmünde häsiýetlendirendigine ünsi çekýär.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly Stambulda eden çykyşynda Türkiýäniň YDYD guramasy ýaly terror guramalaryna garşy berk tutum alyp barjakdygyny aýtdy we “Şol guramalar dünýä we esasan hem musulmanlar üçin howplydyr” diýdi.
Dawutogly YDYD guramasynyň esasan hem Türkiýe üçin howplydygyny nygtady we “Türkiýedäki syýasatçylar bu mesele baradaky berk tutumlaryny açyk aýdyň beýan etdiler”diýip belledi.
Katardan ýaýlym berýän “Al Jazira” telewideniýesiniň internet saýtynda berlen “Dünýa bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrýar” söz başyly habarda halkara gatnaşyklar baradaky görkezijileriň Türkiýäniň daşary ýurda berilýän ynsanperwer kömekler taýdan birinji ýerde durýandygyny görkezýändigine üns çekildi.
“Global ynsanperwer kömek 2014” atly habarnamada jemi 1,6 milliard dollara barabar ynsanperwer kömegini beren Türkiýe “iň jomart ýurt” çini berildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar