Daşary ýurt metbugatyna syn 27.08.2014

Türkiýede başdan geçirilýän wakalar bilen bagly habarlar daşary ýurt metbugat organlarynda giň beýan tapýar

104999
Daşary ýurt metbugatyna syn 27.08.2014

Prezidentlige saýlanan R. T. Erdogan Daşary işler ministri Ahmet Dawutoglyny Premýer ministrlige dalaşgärlige hödürledi.
“AFP” habarlar gullugy mesele bilen baglanşykly habarynda Erdoganyň “Partiýanyň başlyklygyna we premýer ministrlige dalaşgärimiz “Täze Türkiýe” maksadyny we Adalat we ösüş partiýasynyň 2023-nji ýyla çenli bolan döwür üçün öňde goýan maksatlaryny amala aşyrjakdygyna ynanýaryn” diýendigini ýazdy.
Habarlar gullugy Ankarada Adalat we ösüş partiýasynyň Merkezi ýerine ýetirjiler geňeşiniň maslahatyndan soň beýanat beren Erdoganyň “27-nji awgustda Adalat we ösüş partiýasynyň başlyklygy üçin dalaşgärimiz Daşary işler ministri we Konýa halk deputaty Ahmet Dawutogly”diýendigini ýatladýar.
Habarda 27-nji awgustda geçiriljek Adalat we ösüş partiýasynyň gurultaýynda Dawutoglynyň partiýanyň başlyklygyna resmi taýdan saýlanjakdygy nygtalýar.
10-njy awgustda geçirlen prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda sesleriň 52 göterimini alyp Türkiýe Respublikasynyň 12-nji Prezidentligine saýlanan Erdoganyň 28-nji awgustda penşenbe güni kasam etmeginden we täze wezipesini kabul edip almagyndan soň Ahmet Dawutoglyna täze hökümeti gurmak jogapkärçiligine bermegine garaşylýar.
Germaniýanyň Türkiýäni diňländigi hakyndaky habarlar hem gün tertibinde ýerini gorap saklaýar.
Nemes “Der Tageşpigel” gazeti “Türkiýe berk garşylyk görkezýär” söz başyly habarynda Daşary işler ministrliginiň Türkiýäniň öňe sürülýän garaýyşlar hakyndaky tutumyny açyk aýdyň beýan etmek üçin Germaniýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçisi Eberhard Pohly Daşar işler ministrligine çagyrandygyny we Daşary işler ministri Ahmet Dawutoglynyň hem Germaniýanyň Daşary işler ministri Frank Walter Şteinmier bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar.
Habarda Daşary işler ministrligine çagyrlan baş ilçi Pohle, Germaniýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň bu tutumynyň howpsuzlyk taýdan iki taraply gatnaşyklara howp salýandygy we dostlar bilen hyzmatdaşlaryň arasyndaky şeýle diňlenşigiň kabul edilip bilinmejekdigi barasynda maglumat berlendigi nygtaldy.
Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz “Ysraýylyň guran hüjümleri sebäpli Gazada elektrik togy desgalarynyň hatardan çykandygy sebäpli Türkiýäniň hususy pudak arkaly Gazanyň halkyny elektrik togy bilen üpjün etmek üçin ýüzýän desga uradarys” diýdi.
Eýranyň resmi habarlar gullugy “İRNA” “Ýüzýän desga ugradylar” söz başyly habarynda Palestinanyň Energetika ministriÖmer Kyttaner bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat beren ministr Taner Ýyldyzyň Ysraýylyň gäminiň ugradylmagy kararyna garşy çykmak ähtimallygy barasynda durup geçendigini we “Bu adamkärçilik meselesidir we bu meselede degişli kanuny üýtgetmeler gysga möhletde kabul ediler” diýendigini ýatladýar.
Habarda Taner Ýyldyzyň ýüzýän elektrik togy desgasynyň ugradylmagynyň elektrik togy bilen üpjün edilmegi taýdan Ysraýyl tarapyndan Gazanyň halkyna goýlan ykdysady embargonyň ýatyrylmagy manysyny aňladýandygy nygtaldy.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar