TRT TSR Hakynda


Gysgaça taryh

Türkiýede radip arkaly ilkinži daşary ýurt ýaýlymy 1937-nži ýylyń 8-nži ýanwarynda Ankara Radiosyndan berildi. Hataý meselesi sebäpli berlen bu ýaýlymda, premýer ministr İsmet İnönüniń mesele baradaky çykyşy arap diline teržime edilip berildi.
Şol ýaýlymyń Siriýada, İslenderun Welaýatynda we töwereklerinde täsirli bolmagy sebäpli Stambul Radiosyndan “Araçpa Habarlar” ýaýlyma berilmäge başlandy. Hataý meselesi çözülenden soń yzgiderli bolmadyk şol ýaýlymlar duruzyldy.

Türkiýäniń radiolaryndan yzgiderli daşary ýurt ýaýlymlary 1938-nži ýylyń 28-nži oktýabrynda 20 kw-lyk beribi bilen türk, ińlis, fransuz we nemes dillerinde berilmäge başlady.
II žahan urşunyń dowamynda “Gysga Tolkun Ankara Radiosy” bitarap ýaýlymlary bilen dünýädäki radiolaryń arasynda halk köpçüliginiń ünsini çekdi. 1943-1949-nyi ýyllaryń arasynda Amerikan, Günbatar Ýewropa, Uzak Gündogara we Awstraliýa ýaýlym berip bilme mümkinçiligi döredi.
Daşary ýurt ýaýlymçylygyndaky esasy döwürlerden biri-de 1949-1958-nži ýyllaryń arasyny öz içine alýandyr. Şol ýyllarda Türkiýe, NATO agza boldy, Koreý urşuna gatnaşdy, Günbatar dünýäsi bilen bolan gatnaşyklary ösdi.
İlkinži gününden bäri Gysga Tolkun Ankara Radiosy ady bilen berlen daşary ýurt ýaýlymlary, 1963-nži ýylyń ýanwaryndan başlap Türkiýäniń Sesi ady astynda berilmäge başlandy.
Türkiýäniń Sesi, 1964-nži ýylyń 1-nži maýynda Türkiýe Radio-Telewideniýe Guramasynyń döredilmegi bilen birlikde TRT-niń çähinde ýaýlym bermäge başlady.

Türkiýäniń Sesi

Häzirki wagtda Türkiýe Radio-Telewideniýe Guramasynyń daşary ýurtlara niýetlenen ýaýlymlary Türkiýäniń Sesi tarapyndan berilýär.

Daşary ýurt ýaýlymlar departamentiniń žogapkärçiligindäki Türkiýäniń Sesi (Wot), her gün türk, arap, alban, azerbaýžan, boşnýak, bolgar, hytaý, dari, nemes, fransuz, pars, gürži, harwat, ińlis, ispan, italýan, gazak, gyrgyz, wenger, makedon, özbek, peştu, rumyn, rus, serp, tatar, türkmen, urdu we grek bolmak bilen 29 dilde ýaýlym berýär.
Türkiýäniń Sesi Radiosynyń ýaýmlymlary, gysga tolkun berižileri, hemra we internet arkaly bütin dünýä ýetirilýär. Türkiýäniń Sesi ýerli FM kanallary arkaly beriliş ulgamyny gińeldip, dińleýžilerine has-da ýakynlaşmak we ýaýlymlarynda ýerli mazmunlary artdyrmak üçin tagalla edýär.
Bitarap, ynamdar we çalt depginli habarçylygy ýörelge edinen Türkiýäniń Sesi, her bir topara, her bir ýaşa degişli dińleýžä niýetlenen öwüşgünli we gyzykly gepleşikleri bilen ýaýlymlaryny kämilleşdirýär.
Habar we habar gepleşikleri bilen medeniýet-sungat we aýdym-sazly gepleşiklere ýer berilýän ýaýlymlarda Türkiýe we türkler barada gińişleýin maglumat berilýär. Türkiýäniń sebitleýin hyzmatdaşlygyny ilerde tutýan, gońşyçylyklary gatnaşyklaryń ösdürilmegi baradaky syýasata laýyklykda, ýaýlymlarynda parahatçylygy we medeni hyzmatdaşlyk mowzuklaryny ilerde tutýar.