TRT-niń Gysgaça Taryhy

Esasy Seneler

  • 1-nji maý 1964-nji ýyl
    359-njy kanunyń güýje girmegi bilen TRT döredildi we radio kanallary TRT-niń edarasyna degişli edildi.
  • 31-nji oktýabr 1968-nji ýyl
     
    TRT Ankara Telewideniýesi synag ýaýlymlaryna başlady..
  • 9-njy Sentýabr 1974-nji ýyl
     Türkiýäniń radiolary, TRT-1 ady bilen 24 sagat ýaýlym bermäge başlady.
  • 17-nji Aprel 1979-njy ýyl

    TRT ilkinji gezek “Gurbansoltan Aýynyń 23-i Halkara Çagalar Festiwalyny gurady we Ýewropanyń 27 kanalynda göni ýaýlymda alnyp görkezildi.
  • 6-njy oktýabr aýynyń 1986-njy ýyl

    TRT-2 telewideniýe kanaly ýaýlyma başlady.
  • 2-nji oktýabr 1989-njy ýyl

    TRT-3 we TRT-GAP telewideniýe kanallary ýaýlyma başlady.
  • 28-nji fevral 1990-njy ýyl

    İlkinji halkara kanal bolan TRT-İNT Ýewropada ýaýlyma başlady.
  • 30-njy iýun 1990-njy ýyl

    Terbiýeleýiji aýratynlykdaky TW kanaly bolan TRT-4 İzmirden ýaýlyma başlady.
  • 3-nji dekabr 1990-njy ýyl
    TRT “Telegün” ady bilen teletekst synag hyzmatyna başlady.
  • 27-nji aprel 1992-nji ýyl
    TRT Awrasýa kanaly, Türk Dilli Döwletlere niýetlenen ýaýlymlaryna başlady.
  • 14-nci avgust 1998-nji ýyl
    Berlinde TRT-niń ilkinji resmi ofisi açyldy.
  • 5-nji Ýanvar 1999-njy ýyl
    Öýjükli Ýaýlym Tehnologiýalary Merkezi (SAÝTEK) döredildi.
  • 1-nji maý 1999-njy ýyl

    TRT-niń internet web saýty açyldy.
  • 15-nci iýun 1999-njy ýyl
    TRT-FM-iń we Türkiýäniń Sesi Radiosynyń ýaýlymlary Awstraliýadan hem dińlenmäge başlandy.
  • 25-nji iýul 1999-njy ýyl
    TRT-İNT telewideniýe kanalynyń ýaýlymlaryna Awstraliýa materiginde we Täze Zelandiýada tomaşa edilmäge başlandy.
  • 20-nji sentýabr 1999-njy ýyl

    Radio-4, Türk aýdym-sazlaryny gińden ýaýbańlaşdyrmak maksady bilen ýaýlyma başlady.
  • 7-nji iýun 2000-nji ýyl
    TRT-İNT-iń, Türkiýäniń Sesi Radiosynyń (TSR) we TRT-FM-iń (Radio 2) ýaýlymlary ABŞ-na we Kanada ýetirildi.
  • 31-nci ýanwar 2001-nji ýyl

    TRT-niń telewideniýe kanallary täze guramaçylykly kartlar we täze tugralar bilen täzeden bezeldi.
  • 2-nji iýun 2001-nji ýyl
    TRT-niń Azerbaýjan-Baku ofisi açyldy.
  • 16-njy iýun 2001-nji ýyl
    TRT-niń Müsür-Kair ofisi açyldy.
  • 1-nji iýun 2002-nji ýyl
    TRT, Günorta Koreýa bilen Ýaponiýanyń Seul we Tokio şäherlerinde bilelikde guran, Türk Milli Ýygyndy futbol toparynyń hem üçünjilik eýelän Bütin Dünýä Futbol Çempionatynda, ýer eýesi ýurtlaryń düşüren sýujetlerini göniden alyp görkezmek bilen birlikde öz düşüren sýujetlerini hem göni ýaýlyma degişli edip, tomaşaçylarynyń dykgatyna ýetirdi. Gysga ady EBU/UER bolan Ýewropa Ýaýlym Bileleşigi, taryhynda ilkinji gezek çempionadyń ýaýlym hukuklaryny satyn alyp bilmedi.
  • 2-nji iýun 2002-nji ýyl

    TRT Turizm Radiosy, 24 sagat üznüksiz ýaýlym bermäge başlady. Antaliýanyń Lara etrapçasynda ýerleşýän studiolaryndan dińleýjilerine hyzmat berýän radio, ińlis, fransuz, nemes, rus we grek dillerinde ýaýlym berýär.
  • 8-nji awgust 2002-nji ýyl
    TRT-niń daşary ýurtlardaky 6-njy ofisi Amerikanyń Waşington şäherinde açyldy.
  • 24-nji maý 2003-nji ýyl
    TRT, ýurdymyzyń adyndan gatnaşan 48-nji Ýewrowideniýe Aýdym-Saz bäsleşiginde Sertab Ereneriń ýerine ýetirmegindäki “Ewerý Waý that Y jan” atly aýdym bilen ýeńiji boldy.
  • 20-nji ýanwar 2004-nji ýyl
    Türksat 1C sputniginiń Türkiýe-Ýewropa çägini öz içine alýan tolkunlaryndan TRT-1, TRT-2, TRT-3, TRT-4 we TRT-İNT telewideniýe ýaýlymlary bilen ähli radio ýaýlymlarymyzdan ybarat bolan konstruktiw TRT ýaýlymymyz berilmäge başlandy.
  • 12-nji maý 2004-nji ýyl
    TRT, 49-njy Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşşigi, Stambulda ýurdymyzyń we guramamyzyń ýer eýeçiliginde ilkinji gezek iki tapgyrly görnüşde guralyp, 36 ýurda göni ýaýlym arkaly ýetirlendir.
  • 3-nji noýabr 2004-nji ýyl
    TRT-niń web saýty (trt.net.tr) täze grafikasy we gowulandyrlan infrasrtukturasy bilen özgerdilen görnüşde täzeden açylandyr. Bu çäkde mazmun taýdan başlaşdyrlyp, ähli tehnologik ulgamlar arkaly syn edilip bilinýän, dolanşygy ýeńil, tiz we düşnükli, telewideniýe, radio, praým-taým gepleşikleriniń tanadylşyna ýer berlen, tomaşaçylaryń gepleşikler barada maglumat almagyna şert döredýän aýratynlyklar kämilleşdirlendir.
  • 14-nji dekabr 2004-nji ýyl
    TRT-TURK TW we Türkiýäniń Sesi Radiosynyń türk dilindäki ýaýlymlary Türksat 1C sputniginiń Türkiýe-Orta Aziýa gińişligini öz içine alýan gündogar şöhlesinden öýjükli örnüşde ýaýlyma berilmäge başlanandyr.
  • 24-nji iýun 2005-nji ýyl
    TRT-niń daşary ýurtlardaky 7-nji ofisi Özbegistanyń Daşkent şäherinde açyldy.
  • 10-njy awgust 2005-nji ýyl
    Halkara İzmir Uniwersiade Olimpiada Oýunlary ýurdyń içine we daşary ýurtlara üstünlikli ýagdaýda ýaýlym berendir.
  • 1-nji noýabr 2005-nji ýyl
    TRT-(ABU) Aziýa-Ýuwaş Umman Ýaýlym Bileleşigi, Asiawision Şertnamasyna gol çekişildi.
  • 22-nji iýun 2006-njy ýyl
    Halkara Buena Wista Telewideniýesi bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Walt Disneýe degişli multifilm, multi-kinofilmleriniń Türkiýedäki ýaýlym hukuklaryny 4 ýyl möhlet bilen TRT aldy.
  • 16-njy mart 2007-nji ýyl
    2010-2014-nji ýyllardaky Dünýä Kuboklary bilen FİFA-nyń beýleki dürli çempionatlarynyń (Konfederasiýa kuboklary ýaly) ýaýlym hukuklary TRT-nińki boldy.
  • 13-20 aprel 2008-nji ýyl
    TRT, Türkiýäniń Prezidentiniń 44-nji Halkara Tigir Turniriniń Türkiýedäki ýaýlym hukuklaryny aldy.