TRT Hakynda

TRT

Türkiýede “jemgyýete niýetlenen ýaýlymçylyk” diýlende “ilkinji” we “ýeke-ták” bolmaklyk aýratynlyklaryna eýe bolan Türkiýe Radio Telewideniýe Guramasy TRT 1964-nji ýylyń 1-nji maýynda döredildi.
1927-nji ýylyń 5-nji maýynda ýaýlyma başlan radio hem, şol günden başlap TRT-ániń çágine degişli boldy. Düwmesine basan mahalymyz ýa-da gulagyny towlan halatymyzda bizi tapawutly dünýálere alyp gidýán radionyń ýanyna 60-njy ýyllaryń ahyrynda ýene-de bir dost goşuldy: Telewizor… Türkiýe telewizor bilen 1968-nji ýylyń 31-nci ýanwarynda ilkinji gezek TRT arkaly tanyşdy. 81 ýaşyndaky radio we 40 ýaşyndaky telewideniýe ýaýlymçylygy bilen TRT, hem Respublika taryhymyzyń ýady hem-de tejribesi, gazananlary, jogapkárçilik düşünjesi bilen ynam sütüni, jebisligimiziń we agzybirligimiziń tymsaly boldy.
Başlangyç ýyllarda elbet-de kynçylyklar, agyr günler başdan geçirildi. Ýaýlym başdan geçirmesi Mithatpaşadaky kiçijik studioda we diýseń agyr şertlerde başlapdy. Emma işgárleriniń áhli kynçylygyń hötdesinden gelme batyrgaýlygy, netijeli tagallasy diýseń gysga wagtda öz miwelerini berdi we TRT, Türk milletiniń ýüreginde öçmejek ýer eýeledi. Türkiýániń hem ýaýlymçylyk mekdebi, hem-de iń ynamdar ýaýlym guramasy hökmünde şu günlere gelip ýeten TRT, radio we telewideniýe ýaýlymçylygy taýdan iń başarjań prodýuserleri hem ösdürip ýetişdirdi. Bu sebápli biri birinden gowy we öwüşginli gepleşikler hem Türkiýániń telewideniýesinde taýarlandy.
TRT, radio we telewideniýe taýdan dińe bir “ýaýlym guramasy” bolmak bilen çáklenmedi, şol bir wagtda “düýpli tálim beriş guramasy” funksiýasyny hem ýerine ýetirdi…
Bu funksiýa, dińe bir ýaýlym hünármenlerini taýarlamak taýdan dál, habar we maglumat berýán dińeleýjilerine tálim bermeklikge niýetlenen ýaýlymlar taýdan-da ýüzöwrülmesiz áhmiýete eýedir.
İne şeýle manyly we ýüzöwrülmesiz missiýa eýe bolan TRT, bitarap, ynamly habar düşünjesi we “jemgyýete niýetlenen ýaýlymçylyk” ýörelgesinden egilşik etmedik ýokary aýratynlyga eýe gepleşikleri bilen, dünýániń belli ýaýlym guramalarynyń arasyndaky mynasyp ýerini aldy.
Bu üstünligi ýüze çykaran faktorlary esasy sözbaşylar hökmünde şu görnüşde sanap geçmek mümkin:

Jogapkärçilikli we ynamdar habarçylyk

ABŞ-WAşington, Belgiýa-Brýussel, Müsür-Kair, Germaniýa-Berlin, DKTR-Lefkoşa, Azerbaýjan-BAkuw, Türkmenistan-Aşgabat, Özbegistan-Daşkent we dünýäniń çar tarapyndaky habarçylar… Gysgaça aýdylanda; Amerikadan Ýewropa we Aziýa, Ýakyngündogardan Kawkaza çenli, köp sanly esasy merkezlerde açan wekilhanalary we ofisleri bilen TRT; hem Türkiýäniń hem-de dünýäniń gözi-gulagy…
-Merkez Ankara bilen birlikde Stambul, İzmir, Antaliýa, Çukurowa, Diýarbakyr, Erzurum we Trabzon sebit müdirlikle2rinde her biri öz ugry boýunça hünärmenleşen tejribeleri habarçylar, şol sanda Türkiýäniń çar tarapyndaky ýerli habarçylary bilen hyjuwly habar ulgamy…
-Dogry, obýektiw, ynamdar habarçylyk düşünjesi bilen, dińleýjileriniń we tomaşaçylarynyń ańynda “ynam” markasy…

Her bir ýaşa we medeniýete niýetlenen ýaýlymlar

Terbiýeleýji-medeni, sazly-şüweleńli, çagalara niýetlenen we sport bilen baglanşykly gepleşikler, pikir alyşmagyna pursat döredýän gepleşikler, dokumental filmler, dramalar, iń saýlama kino-filmlerden ybarat bolan ýokary hili ýaýlymlar…
Halkara ülńilere laýyk gelýän ýaýlym gińişligi bilen; terbiýeleýji äheńdäki, ýaş we jemgyýetçilik-ykdysady derejeleri taýdan tapawutlylyklary bolan gin tomaşaçy köpçüligine eýe bolmak we olaryń göwnünden turýan, goldawyny alýan ýaýlym guramasy bolmaklyk…
-4 sanysy ýurt, 2 sanysy halkara, 1 sanysy sebitleýin bolmak bilen 7 telewideniýe kanaly bilen dünýäniń çar tarapyndan tomşa edilme mümkinçiligine eýe bolmak…

 

Telewideniýe Kanallary:

TRT 1: Maşalalar üçin niýetlenen kanal 168 sagat
TRT 2: Habar, informatika, medeniýet we sungat kanaly 168 sagat
TRT 3: Ýaşlar we sport kanaly 54 sagat
TRT GAP: Gündogar we Günorta-Gündogar Anadoly Sebitlerine niýetlenen ýaýlymlar 69 sagat
 TRT 4: Terbiýeleýji äheńdäki we aýdym-saz ýaýlymlary 139 saat
TRT INT: Bütin dünýä niýetlenen ýaýlym 168 sagat
TRT TURK: Orta Aziýa we Kawkaza niýetlenen ýaýlym 119 sagat

Halkara sputnik we 2 sany ýer stansiýasy bilen, Ýewropanyń we Aziýanyń ýaýlymçylarynyń arasynda köpri funksiýasyny ýerine ýetirýän; ýurdyń we dünýäniń güntertibindäki habarlary, agza bolan milli we halkara ýaýlym guramalarydyr habar gulluklarynyń üsti bilen, wagt ýitirmezden, ginişleýin ýetirmek mümkinçiligine eýe ýokary potensial…
-TRT TÜRK kanalynda, Kawkaza we Orta Aziýa niýetlenen ýaýlymlar bilen doganlyk halklara gujak açmak, Türkiýäni we türk halkyny tanatmak, Türk dilli döwletler bilen dil we pikir birligini emele getirmek, arkalaşyk we jebislik duýgysyny güýçlendirmek, medeni we söwda gatnaşyklarynyń ösdürilmegine goşant goşmak…
Esasanda Ýewropada ýaşaýan Türklere niýetlenen ýaýlymary berýän we dünýäniń birnäçe künjegine tomaşa edilip bilinýän TRT-İNT kanaly bilen, daşary ýurtlardaky Türkler bilen medeni arabaglanşyklaryń güýçlenmegine goşant goşmak… TRT-İNT-i güýçlendirip, geljek ýyllarda halkara arenada ady belli habar kanallary bilen bäsleşip biljek derejä ýetirmek.

   

 

TRT-äniń açylmagyna taýarlyk görülýän telewideniýe kanallary

Tapawutly dillerde we lehçelerde gepleşýän raýatlarymyza we şol dillerde gepleşýän halklara ýaýlym hyzmatyna bermek… Şeýlelikde terror guramalarynyń, şol adamlara etmäge çalyşýan basyşlaryny täsirsiz ýagdaýa getirmeklik ugrundaky tagallara goşant goşmak… Bu maksatlara laýyklykda kyrmançi we zazaça lehçelerinde ýaýlym berýän täze telewideniýe kanalyny açmak urgrundaky tagallalar… Pars we arap dilinde gepleşýän halklar bilen ýurdymyzyń arasyndaky gatnaşyklary berçinleşdirmek üçin şol dillerde ýaýlym bermek maksady…
-Türk we dünýä çagalarynyń göwnünden turjak aýratynlykda güýçli “Çagalar Kanalyny” açmak dogursyndaky işler…

Radio-81 ýyllyk tejribe

TRT radiolary, 4 sany ýurt derejesinde, 5 sany sebitleýin radio kanaly we Turizm Radiosy bilen; tejribeli hünärmenleri bilen, sazyń dürli ugurlaryna degişli horlary, ukyply sungat ussatlary, çagalar we ýaşlyk klublary, baý arhiwi, kompýuterleşdirlen ýaýlymlary, ýokary tehnologiýa bilen üpjün edilen studiolary, güýçli ýaýlym berijileri we dörebap ýaýlymçylyk kadalaryna bap gelýän gepleşikleri bilen raýatlarymyzyń ýüzöwrülmesiz ýoldaşy bolmagynda galýar.

Radio kanallary

Radio 1 : Terbiýeleýji äheńde, medeni gepleşikleri berýän habar kanaly. Durmuş bilen baglanşykly ähli mowzuklara degişli gepleşikleri we her sagatda berilýän habar programmalary bilen, dińleýjileriniń ýüzöwrülmesizi bolmagy doly 81 ýyldan bäri dowam etdirýär.
Radio 2 (TRT FM) : Türk halk aýdym-sazlary we estrada aýdymlarynyń saýlama erlerini berýän populýar aýdym-saz kanaly.
Radio 3 : Klassiki saz, jaz we opera.
Radio 4: Türk halk aýdym-sazlary we türk sungat sazy. Radionyń 4 kanaly hem, Türkiýäniń her bir künjeginden we internet arkaly bütin dünýäde 24 sagat yzgiderli ýaýlymda.
5 sany sebitleýin radio ýaýlymy
Trabzoz radiosy, Erzurum radiosy, GAP-Diýarbakyr radiosy, Anltaliýa radiosy, Çukurowa radiosy… Turizm radiosy hem ýaýlymlary bilen hem türk turizmine hem-de ýurdymyzdaky turistlere hyzmat etmek ýaly möhüm jogapkärçiligi öz üstüne alýar.

Bütin dünýä 29 dilde radio ýaýlymy

Daşary ýurtlardaky türleriń watanlary bilen arabaglanşygyny üpjün edýän we Türkçe bilen birlikde 29 dilde ýaýlym berýän Türkiýäniń Sesi Radiosy (TSR-WOT) ýurdyn we dünýäniń çar tarapyndan dińlenip bilinýär.

Bütin dünýäni gurşaýan ýaýlym ulagamy

Ýaýlymçylyk pudagyndaky ähli görnüşdäki mediýa hyzmatlaryny gysga möhletde özleşdirýän; geçmişden gelýän tejribeler, gazanan üstünliklerimiz we günsaýyn “geljege tarap öńe barýan güýçli we ynamdar” ýaýlym guramasy…
Ýaýlymçylyk pudagyndaky bu baý terjine, tehniki infrastrukturasy bilen hem şu günki günde ýeten sepgidinde görenleri haýran galdyrýar. 61 Mega Watlyk telewideniýe, 22 Mega Watlyk hem radio berjileri bilen Türkiýedäki ähli hususy kanallaryń eýe bolan güýjinden has ýokary potensiýal bilen serhetlerimiziń içine we daşyna ýaýlym berýäris.
TÜRKSAT 2A we TÜRKSAT 1J (3A) sputnikleri arkaly guramamyzyń radio we telewideniýe ýaýlymlaryny öýjükli tehnologiýa geçirýän 2 sany sputnik stansiýamyz bar.
Şol sanda biri Berlindäki ofisimizde bolmak bilen 42 telewizýon gepleşiklerini taýarlaýan we ýaýlyma berýän studio,
Telewizýon ýaýlymlaryny ekranlara ýetirýän 9 sany göni ýaýlym ulagy, 15 sany reži ulgamly göçme telewizýon sputnik up-link ulgamlary,
Türkmenistanda we Diýarbakyrda režisiz göçme sputnik uk-link ulgamy, Ankarada bir sany radio sputnik up-link interwýu ulagy,
55 sany radio montaž we ýaýlym studiosy, 9 sany ornaşyk telewizýon we radio sputnik up-link ulgamlary,
5 sany göni radio ýaýlym we interwýu ulagy, 6 sany generator ulagyna eý ebolan TRT…
Ankara, Stambul we İzmir şäherlerinden öýjükli telewizýon ýaýlym synaglary hem 24 sagat üznüksiz dowam etdirilýär.

İnternetde TRT

Öýjükli ulgam zamanasynda dińleýjileriniń isleglerini kanagatlandyryp bilmek we tehnologiýanyń döreden şertlerini halkyna hödürlemek isleýän TRT, bu ugurda hem diýseń möhüm taslamadyr işleri gysga wagtda amala aşyrdy. 1999-njy ýylyń 1-nji maýynda www.trt.net.tr atly internet saýty ulanylmaga berildi. TRT-äniń ýaýlym hyzmatlaryny dünýä derejesindäki internet ulanyjylary üçin elýeterli ýagdaýa getirmek maksady bilen radio we telewideniýe ýaýlymlaryny internetde göni efirde hödürledi. Şol sanda Türkiýeden we dünýäden gelip gowuşýan habardyr maglumatlar, sport täzelikleri, howa maglumaty we telewideniýe ýaýlym programmasy web saýtynyń esasy hyzmatlarynyń käbirleridir.

TRT-niń arhiwi, Türkiýäniń gürlip we eşidilip bilinýän materýallarynyń ýady

Respublikanyń esasy başlangyçlaryna şaýatlyk eden, Respublika bilen bütewileşen gurama barada söz açylýan bolsa, elbetde baý arhiw hem bar diýmekdir. TRT dińe bir görlip we eşidilip bilinýän materýallary bir ýerde jemlemek bilen çäklenmän, dünýäniń iń baý we ýokary tehnologiýasyndan peýdalanmak arkaly uzak geçmişe eý ebolan radio-telewideniýe mirasyny gorap saklaýar. Dürli senelere we formatlara degişli bu materýallar, mazmun analizleri berlenden we düzediş işleri geçirlenden soń digital mediýa şertlerinde saklanýar.

TRT Market

TRT Market, TRT-niń arhiw aýratynlygyndaky gepleşiklerini we aýdym-sazlaryny audio-wideo önümleri hökmünde halka hödürleýär.

 TRT Radio-Telewizýon Žurnaly

1987-nji ýylyń Sanjar aýyndan bäri aýlyk görnüşde okyjylary dilen duşuşýan TRT Radio-Telewizýoz Žurnaly, guramadaky iń sońky habarlary, uly produksiýalar bilen baglanşykly gyzykly maglumatlary, radio-telewideniýe gepleşikleriniń tanadylyş işlerini gińişleýin beýan edýär.

TRT-äniń guraýan esasy we uly çäreleri

“TRT Halkara Çagalar Şüweleńi” ýaly diýseń gińgöwrümli guramaçylyk bilen, her bir jynsdan, dilden we dinden bolan dünýä çalaryny göni 30 ýyldan bäri, 10 gün möhlet bilen Türkiýede myhman edip, dünýä parahatçylygyna uly goşant goşýan we halkara derejesindäki uly çäreleriń hem “üýtgewsiz salgysy” aýratynlygyna eý ebolan ýaýlym guramasy…
Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigi, Dünýä Kubogy, Olimpiadalar, Bütin dünýä uniwersitet oýunlary ýaly esasy halkara çärelerde ýene-de TRT-niń goşandy bar…
Gysga möhletli aradan soń Dünýä Kubogynyń tolgunşygy ýańadandan TRT-äniń ekranlarynda.Futbol söýerler 2010-njy we 2014-nji ýyllardaky Dünýä Kubugyna ýene-de TRT-den tomaşa aederler we elbetde olimpiadalaryń ähli bäsleşiklerine sportyń üýtgewsiz salgysy bolan TRT-de tomaşa edip bilersińiz.
- Ýaýlymçylyk pudagyndaky ähli görnüşdäki mediýa hyzmatlaryny gysga möhletde özleşdirýän; geçmişden gelýän tejribeler, gazanan üstünliklerimiz we günsaýyn “geljege tarap öńe barýan güýçli we ynamdar” ýaýlym guramasy…

Agza Bolan Guramalary

EBU -Europen Broadcasting Union (Ýevropa Ýaýlym Bileleşigi)
ABU –Asia-Pacific Broadcasting Union (Aziýa-Ýuvaş Umman Ýaýlym Bileleşigi)
HFCC/ASBU -International High Frequency Broadcasters Coordination Group ( Gysa Tolkun Ýaýlymçylarynyń Utgaşyklyk Topary)
ABU-HFC (ABU High Freguency Broadcasters Coordination Group (Gysa Tolkun Utgaşyklyk Topary)
IMC International Music Council (Halkara Aýdım-Saz Geńeşi)
EIM European Institute of Media UNESCO Turkish National Committee Turkish National Council of Press (Ýewropa Mediýa İnstitutynyń UNESCO Türk Milli Komitetiniń Türk Milli Metbugat Geńeşi)
CMCA (Centre Méditerranéen de la Communication Audioviseulle (Ortaýer Denzi Sebitiniń Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleriniń Aragatnaşyk Merkezi)

Başga bir söz bilen aýdylanda Türkiýäniń dünýä, dünýäniń hem Türkiýä açylýan gapysy…