TRT Habar

TRT Habar

Maksatlary

TRT habar, halk köpçüliginiń ýurduń içinde we daşary ýurtlarda ykdysady, medeni, ylmy, tehniki we sungat taýdan bolup geçýän wakalar hakynda yzgiderli, dogry, çalt we kanagatlanarly habar almagyny, 
Ýokary gatnaşykly demokratiýa we hukugyń üstünligine laýyklykda halkköpçüliginiń; hakykatlary öwrenmegini, erkin we sagdyn emele gelmegini, demokratik žemgyýetde köplüçüligiń nygtalmagyny, 
Diskusiýa we dürli pikirleriń beýan edilmegine mümkinçilik döredýän aktual temalarda, dürli görnüşde analiz edilýän meselelerde žemgyýete maglumat berilmegine goşant goşmagy maksat edinýär.

Habarçylyk ýörelgeleri

  • Habarlary we wakalary çalt we dogry görnüşde ýetirmek. Gerek bolan halatynda möhüm içerki we Türkiýäni gyzyklandyrýan daşarky wakalar barada hünärmenleriń analiz bermegini ýola goýmak.
  • Türkiýe Respublikasynyn milli žebislik we adalat düşünžesiniń çäginde, adam hukuklaryna esaslanýan, demokratik, dünýewi we sosiýal hukuk döwleti ygtybaryny güýçlendirýän garaýyşlara gińişleýin ýer bermek.
  • Türkiýede, türki dilli döwletdir halklarda, dünýäde bolup geçýän wakalara habar býulletenlerinde döwrebap ýaýlymçylyk düşünžesine laýyklykda, tarapsyz görnüşde ýer bermek. Möhüm wakalary gińişleýin analiz edýän habar gepleşiklerini taýarlamak. Žemgyýetde ýalńyş pikir döredip bilžek, žemgyýete meçew beržek habarlara we habar gepleşiklerine ýer berilmez.
  • Habar býulletenlerini we habar gepleşiklerini mowzuklarynyń çäginde, konstitutsion guramadyr edaralaryń arasynda tapawut goýmazdan bitaraplyk, dogrylyk we çalt depginli bolmak ýörelgelerine laýyklykda, mümkinçiliklere görä radio üçin aýry, telewideniýe üçin aýry taýarlamak.
  • Döwletiń syýasy, ykdysady we žemgyýetçilik işleri barada, raýatlaryń garaýyşlaryny hem beýan edýän praktikalara ýer bermek.
  • Halklara habar gulluklary bilen gatnaşyk edilýärkä, daşarda alynýan habarlary ýerli habar gulluklary we TRT-niń öz çeşmeleri tarapyndan tassyklamaga çalyşmak. Habarlary, habar gulluklaryndan gelişi ýaly däl, eýsem, döwrebap habarçylygyń talabyna laýyklykda analiz edilenden soń bermek.
  • TRT-niń habar býulletenlerinde we habar gepleşiklerinde, Türkiýäni we dünýäni gyzyklandyrýan ýa-da döwrebap žemgyýetiń agzalarynyń ünsini çekžek wakalary halk köpçüligine bitarap görnüşde ýetirmek.
  • Habar býulletenlerinde we habar gepleşiklerinde, ýaýlym uöagynyń aýratynlygyna laýyk beýan ediş usullaryndan peýdalanylar, habar býulletenlerinde öńünden kesgitlenen meýilnamalaryń ýerine habarçylaryń göni ýaýlymda beren habarlarynyń dinamiki akymda berilmegini üpžün etmek. Tewizýonda sýužete, effekte, grafika we animasiýa gińişleýin ýer bermek. Arhiwden alnan sýužetler peýdalanylan mahaly hökmany suratda “arhiw” frazasyny ulanmak.
  • Habarlarda; kommentarilere we garaýyşlara-da ýer bermek. Habar býulletenlerinde häzirki wagtda we gelžekde halkara gatnaşyklara zyýan ýetirip bilžek syýasy hem-de ideologik analizler bermezlik, habardyr analizleriń nirden alnandygyny beýan etmäge ünsli çemeleşmek.
  • Gaty az sanly adamy ýa-da kiçižik sebiti gyzyklandyrýan badalga bermek, açylyş dabarasyny guramak, diplom gowşuryş we şuńa meńzeş temalardaky habarlary gyzyklanýanlaryń mukdaryna görä taýarlamak. Protokol habarçylygynyń çägini gowy kesgitlemek.
  • Syýasy habarlarda we habar programmalarynda bitaraplyga, dogrylyga we aktuallyga aýratyn ünsli çemeleşmek. Syýasy partiýalaryń beýannamalary gysgaldylyp alnan mahaly bolsa beýannamanyń maksadyny we özenini ýitirmezlik.
  • Bir taraply we tarap tutýan ýaýlym bermezlik. Haýsydyr bir syýasy partiýanyń, toparyń, bähbit töwereginiń, dini ynanžyń ýa-da pikiriń bähbitlerine serişde bolmazlyk. Kanun tarapyndan höküm berilýänçä hiç kimi günäkär hökmünde yglan etmezlik.
  • Syýasy, ykdysdy we žemgyýetçilik işler barada halkyń garaýyşynyń kesgitlenmegi we onuń döwlet eýeçiligine ýetirilmegi üçin iş alyp barmak, reportaž, forum, panel we beýleki guramaçylykly işlere ýer bermek.

TRT habar hakynda gişleýin maglumat almak üçin:  www.trthaber.com