Global Perspektiwa 37 Siriýa Nirä Barýar?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Global Perspektiwa 37  Siriýa Nirä Barýar?

Siriýa Nirä Barýar?

Siriýadaky uruş 7-nji ýylynda ähli pajygasy bilen dowam edýar. Astana tapgyrynda çaknyşyksyz zolak hökmünde yglan edilen dört zolagyň biri bolan Idlibe garşy Siriýanyň hökümetiniň we Russiýanyň guraýan hüjümleri dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryndan biri. Bütin dünýä sowukganlylyk bilen hüjümlerden soň näçe million adamyň ýurduny terk etjekdigini, himiki ýaragyň ulanyp-ulanylmajakdygyny bilmeýär. Hamala diýersiňiz bir serialyň täze ssenarileri barada gepleşilýän ýaly, wyždansyz we biperwaý. Hamala diýersiňiz ýürekler daşa dönen ýaly.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Astana tarapyna tarap bolup durýan Türkiýäniň, Eýranyň we Russiýanyň liderleri geçen hepde Tähranda duşuşdylar. Idlib we umuman Siriýanyň geljegi barada pikir alyşyldy. Tährandaky maslahat günbataryň alysdan gazal okaýan, halkara jemgyýetçiliginiň we guramalarynyň dymýan dünýäsinde Türkiýäniň siriýalylaryň gyrylmazlygy üçin nähili ýalňyz galandygyny we ýekelikde mertlerçe göreşýandigini aç-açan görkezýän delilnama boldy. Türkiýeden we Russiýadan habarsyz Eýran tarapyndan gepleşikleriň göni ýaýlyma berilmegi şol aç-açan hakykaty bütin dünýäniň ýene-de bir gezek eşitmegine sebäp boldy. Ýatdan çykarylan mikrofon ýaly. Gynansagam gepleşiklerde beýleki liderlerden siriýalylaryň gumanitar pajygasy barada alada bildirilýän ýekeje söz eşitmedik. Prezident Erdogan hüjümleriň bes edilmelidigini birnäçe gezek nygtap geçdi. Türkiýäniň esasy bölegi siriýaly 4,5 million bosguny kabul edendigini aýtdy. Eýsem Türkiýe hem köp sanly ýurt ýaly serhetlerini bosgunlara, ýüregini adamkärçilige ýapyp bilerdi. Birnäçe müň bosguny görüp ÝB-niň gymmatlyklaryny, adam hukuklaryny, “azatlyk, deňlik, doganlyk” duýgularyny ýatdan çykaran, bosgun duşmançylygy arkaly häkimiýet başyna geçen ÝB-ne agza käbir ýurtlar ýaly çemeleşip bilerdi. Aslyna seredilende beýle edip bilmezdi. Türkiýäni tapawutlandyrýan onsuz hem taryhy, wyždan, ynsanperwerlik duýgusy sebäpli beýleki ýurtlar ýaly çemeleşmezligidir.

Uruşyň 7-nji ýylynda taraplaryň pozisiýasynda gynansagam uly özgerlişik ýok. Russiýa Siriýadaky bazalary arkaly Ortaýer deňzindäki pozisiýasyny güýçlendirip, Krymda, Gürjistanda, Ukrainada däl, günbatar bilen has alys ýerlerde gabatlaşmak maksady bilen hökümeti goldamaga dowam edýär.

Eýran sebitleýin imperial syýasatyny Siriýada-da dowam etdirýär. Dini lider Ali Hamaneýe ýakynlygy bilen tanalýan Tähranyň halk deputaty Ali Ryza Zakainiň “Üç arap ýurdy häzirki wagtda Eýranyň elinde we yslam ynkylabyna tabyn. Sana Eýran ynkylabyny ykrar etmek ugrunda tagalla edýän dördünji arap paýtagty” diýmegi, Eýranyň sebitleýin imperialistik niýetini görkezýär. Liwan, Yrak, Ýemen, Siriýa ýaly ýurtlaryň paýtagtlary Zakainiň öňe sürmegine görä “Näderejede Eýranyň elinde” bilemok. Emma şol ýurtlardaky wakalar sebitiň ýaşaýjylarynyň akýan gandan, pajygalardan Eýrany jogapkär saýýandygyny görkezýär. Yragyň esasy şäherlerinden biri we esasy port şäheri Basrada esasy bölegi şaýylardan ybarat bolan halkyň Eýrana garşy köçelere çykmagy, Eýranyň Başkonsullygyny oda bermegi, Eýranyň imperalistliginiň baran ýurtlaryndaky täsirini görkezmek taýdan möhüm. Şeýle-de dünýäniň çar tarapyna gidýändigine garamazdan Eýrana ýekeje bosgunyň barmazlygy, siriýalylaryň Eýranyň messepçi garaýyşyna, goňşulygyna we ynsanperwerligine bil baglamaýandygyny görkezmeýärmi eýsem?

Suriýe urşunyň aňyrsynda durýan esasy ýurt Ysraýyl. Ysraýyl sebitdäki bäsdeşleriniň ählisiniň ejizlemegi üçin urşuň mümkin gadar dowam etmegi üçin başyndan bäri, asudalyk bilen, çuňňur syýasat alyp barýar. Şol syýasat Ysraýylyň serhetlerini, sionist ýehudileriniň arzuw edýän ideasyna laýyklykda Türkiýäniň günorta-gündogaryny öz içine alýan “wada berilen ýerlere” çenli giňeldilmegini nazarda tutulýan “Beýik Ysraýyl” strategiýasyna bap gelýär. Belkem başyndan bäri şoňa laýyk syýasat alyp barylýar.

ABŞ-nyň Siriýa syýasaty bolsa Ysraýyldan garaşsyz däl. ABŞ, DAİŞ howpynyň ortadan aýrylandygyna garamazdan terror guramasy PKK-PÝD-ä  ähli görnüşdäki ýaraglar bilen adatdan daşary goldawyny dowam etdirýär. Şol goldawyň göräýmäge Eýranyň daşynyň gurşalmagy üçin berilýändigi aýdylýar. Türkiýäni bölmegi maksat edinýän, Türkiýe serhedini başdan soňa eýelejek PKK/PÝD terror döwleti üçin berilýän adatdan daşary goldaw, diňe bir Eýranyň daşynyň gurşalmagy bilen düşündirlip bilnermikä? Ýogsam şol terror koridory Ysraýylyň uzak möhletli maksatlaryna ýetmegi üçin açylan ýolmyka?

We ÝB. Aşa sagyň günsaýyn güýçlenýän we ýurtlary ýesir alan şertlerinde ýeke-täk derdi siriýaly bosgunlaryň ýurduna gelmezligi bolan ÝB-ne agza ýurtlaryň Siriýa baradaky syýasaty barmyka eýsem?

ABŞ diňe bir Ysraýyla indekslenen syýasatlaryndan el çekmän, ÝB iş ýüzüne geçmeýän, netijesiz, boş wadalardan aňyry geçip, anyk başlangyçlar etmän halatynda rus we ajam goldawyny alan Siriýadaky hökümetiň hüjümlerini bes etmegine garaşmak ýerliksizdir. ÝB we ABŞ siriýalylar öz ýurdunda ölen mahaly ýa-da Türkiýede galan halatynda mesele hökmünde garamaýar.

Siriýada bütin dünýäniň gözüniň öňünde etniki saplaýyş edilýär. Ýurduň demografik gurluşy özgerdilýär. Hökümet we ýaranlary, käte günbatar ýurtlary almak isleýäň şäherleriniň terror öýjügine öwrülendigini aýdýar we şol ýerleri bombalaýar. Şolaryň netijesinde millionlarça adam ýurduny terk etmäge mejbur bolýar. Millionlarça adamyň terrorçydygyny aýdyp bolarmy? Bu taýda maksat etniki saplaýyş etmek, şäherleriň demografik gurluşyny özgertmäk dälde näme? Maksat terror guramalaryna garşy göreşmek bolsa, onuň ýeke-täk ýoly terrorçylary we günäsizleri tapawut goýmazdan ähli ýaşaýjylary bilen bilelikde ýok etmekmi?

Jerimesini söweşýänler däl, Türkiýe ýaly adamzadyň aladasyny edýänleriň jerimesini töleýän ahlaksyz söweş gutarmaly. Gutarmaly, çünki uzak ýyllar dowam etjek dikeldiş işleri başlasyn. Ýüreklerimiz bombalaryň astynda galmazlyk üçin ýurdundan gaçýarka deňizlerde gark bolan ýene-de näçe bäbege çydar?

Adamzat taryhynda ençeme zalymlar gelip geçdi. İdi Amin, Stalin, Pol Pot, Gitler, Mussolini, Iwan Grozny, Robespier, Kont Drakula, Haçparazlar şolaryň bellileridi. Emma taryhda iru giç zalymlar ýok boldy, ejir çekenler üstün çykdy. Şu günki günde zalymlaryň kimdigini hemmeler bilýär we olar näletlenýän bolsa, uzak möhletde adamzadyň üstün çykanlygy sebäplidir. Garakçylar dünýäde höküm sürmez.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar