Türk daşary syýasatyna syn 36

Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklary

Türk daşary syýasatyna syn 36

26 ýyl ozal 1992-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasynda dipolomatik gatnaşyklaryň başlamagy üçin şertnama baglaşyldy. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklary we şol gatnaşyklaryň sebite ýetirýän täsirini analiz etmekçi.

Karatekin uniwersietiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň mugallymy Dr Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe Respublikasy 1991-nji ýylyň 30-njy awgustynda garaşsyzlygyny yglan eden Azerbaýjan Respublikasyny 1991-nji ýylyň 9-njy noýabrynda ykrar eden ilkinji döwlet boldy. Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky diplomatk gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda başlaýar. Özara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi maksady bilen 2010-njy ýylda Prezidentler derejesinde Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşi mehanizmi döredildi. Azerbaýjan bilen başladylan Türkiýe-Azerbaýjan-Gürjistan, Türkiýe-Azerbaýjan-Eýran we Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan üç taraplaýyn maslahatlar sebitara durnuklylyga, parahatçylyga we asudalyga goşant goşmaga dowam edýär.

Hazar deňziniň energetika çeşmeleriniň dünýä bazarlaryna ýetirilmegini göz öňünde tutýan Baku-Tiblisi-Jeýhan çig nebit turba geçiriji we “Baku-Tiblisi-Erzurum tebigy gaz turba geçiriji taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasynda doganlykdan strategik hyzmatdaşlyga tarap gidýän ýolda esasy rol oýnady. İki ýurduň arasyndaky söwda mukdary 5 milliard dollara golaýlady. Iki ýurt 2023-nji ýyla çenli söwda mukdaryny 15 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär.

Özara arkalaşyga we ynama esaslanýan Azerbaýjan-Türkiýe gatnaşyklary halkara platformalarda hem dowam edýär. Iki döwlet BMG-nyň, Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Ýewropa geňeşiniň, Garadeňiz ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, Türk geňeşiniň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň agzasy hökmünde uly işleri durmuşa geçirýär.

Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň çäginde, iki ýurduň ýaragly güýçleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi maksady bilen dürli türgenleşikler geçirilýär. Soňky gezek 2017-nji ýylyň maý aýynyň başynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwyň golaýynda geçirlen harby türgenleşige 1000 esger, 80 tankt we sowutly ulag, 60 top, 12 Mi-17 kysymly hüjüm we ýük dik uçarlary bilen howa goranyş ulgamlary gatnaşypdy. 5-nji maýa çenli dowam eden türgenleşik üstünlikli ýagdaýda geçirildi.

Azerbaýjanyň Türkiýe ýaly türkleriň Oguz taýpasyndan bolmagy, taryhy etapda agzybirlikde ýaşalmagy we geografiýa taýdan ýakynlygy Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda ýakyndan gatnaşyk edilmeginde esasy rol oýnaýar. Türkiýe Azerbaýjan bilen köp ugurly we strategik gatnaşyk edýär. Iki ýurduň prezidentleriniň wezipä başlamagyndan soň ilkinji daşary ýurt saparlaryny Azerbaýjana we Türkiýä guramaklary däbe öwrüldi. Türkiýe bilen Azerbaýjanyň özara gatnaşyklary sebitde durnuklylygyň we parahatçylygyň üpjün edilmegini maksat edinýär. Iki ýurduň gatnaşyklary haýsydyr bir ýurt üçin howp emele getirmeýär. Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklary “strategik hyzmatdaşlyk” adalgasyny dolulygyna öz içine alýar. Iki ýurduň arasynda 26 ýyl ýaly gysga wagtda uly öňe gidişlikler edildi. Şol öňe gidişlikler müdümi doganlyk gatnaşyklarynyň görkezijisidir.

Türkiýe Ýokary Garabag meselesiniň Azerbaýjanyň territorial bitewiligine we özbaşdaklylygyna laýyklykda parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi üçin tagalla edýär. Şol çäkde Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk toparynyň agzasy hökmünde tagallalaryny dowam etdirýär we esasan Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde çaknyşyklaryň we ýitgileriň bes edilmegi üçin her pursatda çagyryş berýär. Gynansakda Minsk üçlügi henizem hiç hili netije alyp bilmedi. Garabag meselesinde kabul edilen halkara kararlara garamazdan güýmeme taktikasynyň alnyp barylmagy elbetde gynandyryjy ýagdaý. Türkiýe Ýokary Garabag meselesiniň Azerbaýjanyň territorial bitewiligine laýyklykda parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi üçin Azerbaýjana goldaw bermäge dowam eder.

Iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk goranyş senagaty taýdan hem diýseň möhüm. Türkiýe bilen Azerbaýjan energetika meselesine uly ähmýet berýär. Halkara taslama ýagaýyna gelen TANAP ýagny Trans Anadoly tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin uly tagalla edilýär. TANAP taslamasynyň dolulygyna durmuşa geçirilmegi sebitde strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän ýurtlardan biri  bolan Azerbaýjan bilen Türkiýäniň güýjüne güýç goşar.

1921-nji ýylyň 14-nji oktabrynda Azerbaýjanyň Ankaradaky wekili İbrahim Abilowyň ynanç hatyny gowşuran maslahatynda söz sözlän Mustafa Kemal Atatürkiň “Azerbaýjanyň gynanjy biziň gynanjymyz, begenji biziň begenjimiz” diýen sözlerinden onlarça ýyl soň Haýdar Aliýew hem “Biz bir millet, iki döwlet” diýip belledi. Döwrümizde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik ähmiýeti TANAP, Baku-Tiblisi-Kars demir ýol taslamasy ýaly birnäçe taslama bilen has-da artýar. Prezident R. R. Erdogan we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ýaly güýçli liderler iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalanmagy üçin uly tagalla edýär.

Karatekin uniwersietiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň mugallymy Dr Jemil Dogaç Ipegiň Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklary we şol gatnaşyklaryň sebite ýetirýän täsiri baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar