Global Perspektiwa 36 Hindistan musulmanlary

Ankara Ýyldyrym Baýazit uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof. Dr Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Global Perspektiwa 36 Hindistan musulmanlary

Sosýolog Dewid Harley “Postmoderinligiň ýagdaýy” atly eserinde ýaşaýan döwrümizi wagt-ýer darlygy hökmünde kesgitleýär. Başdan geçirilýän globallaşma etaplary, alyslary ýakynlaşdyrýarka, ýakynlary hem alyslaşdyryp bilýär. Taryhy geçmişi hem ýatdan çykardyp bilýär.

Gepleşigimiziň bu günki sanynda Hindistan musulmanlary barada maglumat bermek isleýäris. Döwrümizde Hindistan biziň üçin jemgyýetçilik taýdan Meksika ýaly alysda. Eýsem taryhda hem şeýlemidi?

Ankara Ýyldyrym Baýazit uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof. Dr Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

 

Hindistanyň ýatdan çykarlan yslamy geçmişi.

Aşakky  Hindi materiginiň ýagny Hindistanyň, Pakistanyň we Bangladeşiň yslam dini bilen tanyşmagynyň geçmişi Hezreti Ömer döwrüne çenli uzap gidýär.

TRT-niň TSR-nyň Türk dilindäki ýaýlymlarynda Çeşmi Jihan atly gepleşigine gatnaşan Nýu Delhi, Mashreg Jentr ylmy barlag merkeziniň müdüri, şol bir wagtda Ankara Ýyldyrym Baýazit uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň mugallymy Dr Omair Anas Hindistana Yslam dininiň üç ýol bilen gelendigini nygtady.

Ilkinji ýolda yslam dini Hindistana İndoneziýadaky ýaly musulman täjir arkaly gelipdir. Söwda-da uly ynama eýe bolan musulman täjirler materikde yslamyň ýaýbaňlanmagynda täsirli bolupdyr.

Ikinji ýolda  Orta Aziýadan gelen sufistleriň täsiri Hindistanda  has güýçli bolupdyr. Dr Anas esasan Möwlana Jelaleddin Ruminiň materikde ýakyndan tanalandygyny nygtaýar. Hindi musulmanlaryň esasan sufistleriň Türkiýe gezelençlerinde hökmany suratda Konýa gelip görendiklerini belleýär. Hezreti Möwlananyň iki ýurduň arasynda esasy köprü bolup biljekdigini aýdýar. Hezreti Möwlananyň Hindistana ýakyn sebitden Owganystanyň Balh şäherinden bolmagy onuň Hindistanda ýakyndan tanalmagynda esasy rol oýnar biler. Hezreti Möwlana hakykatdan hem dünýäniň çar tarapynda pikirleri asyrlary aşyp geçen köprü ýalydyr. Pikirleri, ýüzlenmeleri bilen dünýäniň çar tarapyndaky ýurtlary we ynsanlary biri-birine birleşdirýär.

Üçünji ýolda bolsa asyrlardan bäri dowam edip gelýän musulman ýolbaşçylaryň täsirini görmek bolýar. Asly türk musulman ýolbaşçylar Hindistanda müňünji ýyllarda täsirli bolmaga başlaýar. Osmanly döwleti döwründe hem görülşi ýaly hoşniýetli çemeleşýärler, tapawutlylyklara sarpa goýýarlar. Şol materigiň däp-dessurlaryna laýyklykda ýerli halk bilen jebislikde ýaşaýarlar.

Tanymal musulman alymlary ösdürip ýetişdiripdirler.  Şol döwrüň tanymal ýazyjylaryndan 1564-1624-nji ýyllarda ýaşap geçen “Mektubat” kitabynyň ýazyjysy Ymamy Rabbanini, 1602-1662-nji ýyllarda ýaşap geçen “Hüjjetüllahy Baliga”nyň ýazyjysy Şah Weliýullah Dehlewini we 1914-1999-njy ýyllarda ýaşap geçen “Musulmanlaryň pese gaçmagy bilen dünýä nämeleri ýitirdi” kitabynyň ýazyjysy Abul Hasan an Nedwi ýatlap geçmek bolar.

Iňlis basyp alyşlygyndan soň Hindistanda yslam dininiň ýaýbaňlanmagynyň depgini gowşaýar göýä diýersiň ýatdan çykarylýar. Munda basyp alyjy syýasatlar bilen birlikde Hindistanyň, Pakistanyň we Bangladeşiň öz döwletlerini gurmak etabynda öz milli taryhlaryny we milletlerini döretmek tagallasynyň täsiriniň güýçli bolandygyny aýdyp bileris.

Şu günki günde 200 milliondan gowrak musulman ilaty bilen Hindistan, dünýäde iň köp musulman ilata eýe Indioneziýadan soň 2-nji ýurt. Aşakky Hindi materigi hökmünde seredenimizde bolsa musulman ilatyň sany 600 milliona golaý. Hindistanyň ilaty bolsa 1,3 milliard adam. Hindistandaky musulmanlaryň şu günki ýagdaýy bolsa gynansakda gaty öwerlik däl. Assam sebitinde musulmanlara uly basyş edilýär.

 

700 ýyl dowam eden türk soltanlyklary

Aşakky Hindi materiginde müňünji ýyllardan başlap 1857-nji ýyla çenli türk soltanlyklary höküm sürýär. Materikde türk soltanlyklary Gaznalylar bilen başlaýar. Tanymal soltanlyklaryndan biri Çagataý türklerinden Babür Şa we ogly Jihangir Şa döwründe iň parlak döwrüni ýaşan Babür imperatorlygydyr.

Soňky Babür Şasy Bahadyr Şanyň 1857-nji ýylda iňlislerden ýeňilmegi bilen Aşakky Hindi materiginde soltanlyklar döwrü ýapylýar.

Osmanly soltanlary bilen Hindistandaky soltanlyklaryň ýakyndan gatnaşyk edendikleri bilinýär. Asylsyzada Osmanly maşgalalary Türkiýeden sürgün edilenlerinden soň Osmanly şa gyzlary hindi şazadalary bilen durmuş gurýar.

Iňlisler Hindistany has ir basyp alan bolsady ýada ABŞ-ny musulmanlar guran bolsady?.

Şu günki günde Hindistanda 18 resmi dil, 22 welaýat we 400-e golaý dil we dialekt bar. Hindistan dünýäniň din, dil, medeniýet we ynanç taýdan iň baý ýurtlaryndan biri. Şol baýlygynyň goralyp saklanmagynda we biziň günlerimize çenli ýetirilmeginde şübhesiz birnäçe asyr dowam eden musulman hökümetleriň täsiri güýçli bolan bolsa gerek. Sebäbi şol hökümetler ýerli medeniýetleri, dilleri, dinleri ortadan aýyrýan, assimirleýän däl eýsem olary öz medeniýetleriniň bir bölegi ýaly kabul edýän syýasat alyp barypdyrlar. Edil Osmanlylaryň öz geografiýasynda, araplaryň Andalusiýada edişleri ýaly. Şol sebäpli musulman hökümetler häkimiýetini ýitirenden soň hem şol sebiterdäki ähli dinler, diller, medeniýetler öz barlyklaryny dowam etdiripdir.

Birnäçe ýyl höküm süren musulman hökümetlerine garamazdan şu günki günde Balkanlarda türk diliniň, Andalusiýada arap diliniň ady hem agzalmaýar. Emma iňlis dili Hindistanyň, Pakistanyň we Bangladeşiň resmi dillerinden biri bolmaga dowam edýär. ABŞ-da bolsa ýerli halkyň şu günki dilini, dinini we medeniýetini bir gapdala goýalyň olar göýa diýersiň nesli tükenip barýan guşlar ýaly gorag astynda saklanýar.

Bu ýagdaý hem iňlisler 1800-nji ýyllarda däl ABŞ-daky ýaly 1400-nji ýyllarda Hindistana gelen bolsady eýsem netijesi nähili bolardy? diýlen soragy ýüze çykarýar.

Hindistan hem ABŞ-da bolşy ýaly ak adamyň dilini, dinini gorap saklamagy üçin ýerli medeniýetleriň , dilleriň we ynançlaryň ýok edilen ýurdy bolardy. Ýada tersini pikirlenip göreliň: ABŞ günbatarlylar däl eýsem musulmanlar tarapyndan gurlan bolsady Amerikanyň ýerli halkynyň ýagdaýy nähili bolardy? Eýsem Astek, Inka , Maýa we beýlekileriniň medeniýetleri, dilleri ýok bolmagyň bosagasyna çenli gelermidi? Ýada şu günki günde ABŞ-ny olar gönükdürermidi?

Iňlis basyp alyşlygyndan soň Aşakky Hindi materiginde diňe günbatar medeniýeti höküm sürmedi. Materik Hindistan, Pakistan we Bangladeş hökmünde üç bölege bölündü. Şol bölünşigiň iňlis imperýalizminiň “aýyr, böl gönükdir” syýasatynyň netijesi ýada çykgynsyz ýagdaýda bolan musulmanlaryň çäresizligi bolup bolmandygy jedelleşikli meseledir.

Materik ýekeje ýurt hökmünde öz barlygyny dowam etdiren bolsady şol ýurtlar biri-birine garşy tutum alyp barmazdy. Esasy köplüge eýe boljak musulmanlaryň täsiri bilen belkide şol sebitde asudalyk we durnuklylyk höküm sürmäge dowam ederdi. Kim bilýär?

Milli Azat edijilik söweşi we Hindistanly musulmanlar

I-nji Jahan urşunda iňlisler Osmanly döwletine hüjüm eden mahaly Hindistanly musulmanlar uly garşylyk görkezdi. Özleri hem iňlis basyp alyşlygy astyndadylar. Osmanly döwletiniň hem basylyp alynmagy bilen umytlarynyň, arzuw hyýallaryny puja çykmagyna, ýurtlaryndaky basyp alyjylygyň dowam etmegine alada bildirdiler.

Osmanly döwletine ýardam bermek üçin Jinnahyň we Gandiniň goldaw bermeginde Haliflik hereketini başladýarlar. Hereketiň tanymal liderleri Britaniýanyň şol döwürdäki premýer ministri bilen duşuşýar. Milli Azat edijilik söweşine goldaw bermek üçin özaralarynda pul ýygnap Türkiýä ugradýarlar.

Globallaşma bilen başlan gepleşigimizi globallaşma bilen tamamlalyň. Globallaşma alyslary ýakynlaşdyrýarka, ýakynlary hem alyslaşdyryp bilýär. Emma bize taryhy geçmişi ýatdan çykartmaly däl. Şol ýakynlyklar XXI asyryň öňdebaryjy ýurtlaryndan biri bolmaga dalaş edýän Hindistan bilen edýän gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmagymyza itergi bermeli.

Ankara Ýyldyrym Baýazit uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof. Dr Kudret Bülbüliň Hindistan musulmanalary baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar