Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 05

Türkiýäniň ilkinji milli gönükdiriji komplekti: Duýgur gönükdiriji komplekt 1

Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 05

Türk Harb-İş kärdeşler arkalaşygynyň müdüri Tarkan Zenginiň şu günki temamyz bilen bagly synyny dykgatyňyza ýetirmekçi.

Türkiýe biri-birinden tapawutly howplara garşy öz howpsyzlygyny üpjün etmäge synanyşýan we terror guramalaryna garşy göreşýän mahaly, belli bir döwürlerde hyzmatdaşlarynyň ýarag we ok-däri embargolaryna sezewar galýar. Pul berip alan goranyş önümlerini ulanmagynda bökdençlikler ýüze çykarylýar. Türkiýe bolsa öz gezeginde başdan geçiren her krizisinde bu meseleleri bir mümkinçilige öwürmäge synanyşýar. Türkiýäniň hyzmatdaşlary uçarmansyz howa ulaglaryny satmakdan çetde durýar. Emma Türkiýe özi üçin gerek bolan uçarmansyz howa ulaglaryny özi öndürýär. Hyzmatdaşlar kamikaze dronlaryny Türkiýä satmak islemeýär. Emma Türkiýe özi üçin zerur bolan dronlary öndürmek bilen çäklenmän, eýsem kamikaze dronlaryny başga ýurtlara satmaga başlady. Hyzmatdaşlar harby uçarlarda ulanylýan döwrebap bombalar bolan Duýgur gönükdiriji komplektler babatynda päsgelçilikler ýüze çykarylan mahaly Türkiýe dowamly önümçilige başlady.  

Bular ýaly döwrebap ok-därilerde daşary ýurtlara bolan garaşlylygy ortadan aýyrmak strategik taýdan örän  möhüm bir mesele. Mysal üçin ABŞ, Türkiýä satýan ok-därilerini islendik mahaly gözegçilik etmek mümkinçiligine eýe. Satan ok-därilerinden, ulanylan we galan ok-däri sanyny gözegçilik edip bilýär. Iň möhüm mesele bolsa şol ok-därileriň haýsy koordinatlara atylandygyny bilmek mümkinçiligine eýe. Başgaça aýdanymyzda ABŞ Türkiýäniň terrora garşy göreşinde özünden alynan bu döwrebap ok-därileriň ulanylmagynda san we koordinat päsgelçiliklerini ýüze çykaryp bilýär. Hat-da Türkiýäniň, PKK we PÝD ýaly terror guramalaryna garşy ulanmagy üçin ABŞ-niň şol döwrebap ok-därileri satmadyk mahallary hem bolupdy. Şol sebäpli Türkiýäniň garaşsyz bir ýurt ýaly hereket etmeginde döwrebap ok-därileri ýerli mümkinçilikler bilen öndürmegi örän möhüm.

Duýgur gönükdiriji komplektleriň dowamly önümçiligine nähili böwet bolundy?

Esasan hem käbir ýurtlar Türkiýäniň goranyş senagatynyň millileşmegine böwet bolmak üçin ençeme strategiýa ulanýar. Kämahallar goranyş önümlerini satman, kämahallar satan önümleriniň ulanylmagynda bökdençlikler ýüze çykaryp, kämahallar bolsa ýerli önümçiligiň öňüni almak üçin önümleriň bahalaryny örän arzanladýarlar.  Esasan hem Türkiýe özi üçin zerur bolan harby önümleri özgertmäge başlan mahaly, bahalaryny örän arzanladyp önümleriň millileşmeginiň öňüne geçmek isleýärler. Şol bökdençlikleriň biri hem Duýgur gönükdiriji komplektler babatynda başdan geçirildi.

Türkiýäniň harby howa güýçleri döwrebap ok-däride daşary ýurtlara bolan garaşlylykdan azat bolmak üçin 2005-nji ýylda işe girişdi. Zamananyň ýolbaşçylary ok-därileriň ýerli mümkinçilikler bilen öndürilmegi üçin gerek bolan görkezmeleri berdiler. Gysga wagtyň içinde, ýagny 2006-njy ýylda Duýgur gönükdiriji komplektler öndürildi. Emma ozal hem bolşy ýaly, Türkiýäniň ýerli önümçiligine päsgel bermek üçin hyzmatdaşlar birnäçe göçüm etdiler.

Türkiýe üçin gerek bolan Duýgur gönükdiriji komplektleriniň JDAM görnüşiniň her birini 120 müň dollara ABŞ-den satyn alýardy. Türkiýe 2006-njy ýylda Duýgur gönükdiriji komplektleriň ok-därilerini 90 müň dollara öndürmäge başlady. Dowamly önümçilige geçilende bolsa çykdajysy has hem azaljakdy. Türkiýe şol günler dowamly önümçilge geçjekdigini aýan etmeginden soň, ABŞ önümiň bahasyny 6 esse arzanlatjakdygyny beýan etdi. ABŞ 120 müň dollara satan JDAM ok-därisiniň bahasyny 20 müň dollara çenli peseltdi. Çykdajysynyň azalmazlygyna garamazdan, bahanyň bu derejede peseldilmegi örän geň bir hadysadyr. ABŞ-niň JDAM-yň bahasyny bu derejede arzanlatmagyndaky esasy maksady Türkiýäniň Duýgur gönükdiriji komplektleriniň dowamly önümçiliginiň öňüne geçmekdi. Bahalarynyň arzanladylmagyndan soň ýerli önümçiligiň çykdajysy 4,5 esse köp bolýar. Şol sebäpli dowamly önümçilik etaby yza süýşürilýär. Emma Türkiýe garaşsyz milli goranyş syýasatyna laýyklykda gysga wagtyň içinde ýerli önümçilik üçin ýaňadandan işe girişýär.

Türkiýe dowamly önümçilige geçdi.

Duýgur gönükdiriji komplektler TÜBITAK-yň Goranyş senagatynyň ylmy-derňew we kämilleşmek institutynyň inženerleriniň 5 ýyllyk tagallasy netijesinde özgerdildi. Türkiýäniň Harby howa güýçleriniň inwentaryna giren ilkinji milli Duýgur gönükdiriji komplekt 1-leriň ilk önümçiligi bolsa 3-nji Howa kontrol fabriginde durmuşa geçirildi. Harby iş ýeri hökmünde iş alyp barylýan bu ýerde işleýän harbylar we ýönekeý işgärler tarapyndan 2013-nji ýylda ilkinji önümçilik ýerine ýetirildi. Ozalky Ylym, senagat we tehnologiýa ministri Faruk Özlü 2017-nji ýylyň noýabr aýynda TBMM-niň Meýilnama we býujet komissiýasynda eden çykyşynda Duýgur gönükdiriji komplekt 1-leriň dowamly önümçiliginiň başlanandygyny habar beripdi. Ozal dünýäde diňe ABŞ, Russiýa we Ysraýyl Duýgur gönükdiriji komplektler öndürýärdi. Türkiýe şol bir wagtda milli mümkinçilikleri bilen bu ok-därini öndüren dünýäniň 4 ýurdunyň biri ýagdaýyna geldi. Duýgur gönükdiriji komplekt 1-ler Ýewfrat galkany, Zeýtun şahajygy operasiýalarynda we terrora garşy göreşde ulanyldy.

Öndüijiler tarapyndan berilen maglumatlara görä aýratynlyklary şulardan ybarat: Harby uçarlar adaty bombalary 5-6 km uzaklykdan atyp bilýän bolsa, Duýgur gönükdiriji komplektlerdäki bu uzaklyk 25 km çenli ýetýär. Üstündäki kiçiräk goşmaça ganatlar we ýörite üstüniň saýasynda bombalar howada manýowrlar ýerine ýetirip bilýär. Uçar howply zolaga girmeden ozal, berilen wezipesini howpsyz ýagdýda tamamlaýar. Gönükdiriji bombalaryň üstüne geýdirip boljak ýagdaýda dizaýn edilen komplektler, koordinatlary bellenen nyşanalary emeli hemralaryň we ýörite datçikleriň üsti bilen ýok edýär. Şeýlelik bilen nyşananyň golaýyndaky zatlara zeper ýetirmeden, hüjüm gurap bilýär. Az çykdajy bilen öndürilen we möhüm aýratynlyklary bolan Duýgur gönükdiriji komplektler şu günki gün Ýakyn Gündogar, Aziýa we Demirgazyk Afrika başda bolmak bilen ençeme ýurt tarapyndan ýakyndan gözegçilik edilýär.

Şu gün biz siziň dykgatyňyza Türk Harb-İş kärdeşler arkalaşygynyň Bilim müdüri Tarkan Zenginiň şu günki temamyz bolan Duýgur gönükdiriji komplektler bilen bagly synyny dykgatyňyza ýetirdik.


Etiketkalar: komplekt , uçar , bomba

Degişli Habarlar