Türk daşary syýasatyna syn 34

Türkiýe bilen Hýtaýyň Orta Aziýadaky jemgyýetçilik diplomatiýa hereketleri

Türk daşary syýasatyna syn 34

Jemgyýetçilik diplomatiýasy Orta Aziýada daşary sıyasat ugurlarından birine öwrüldi. Biz hem synymyzyň bu günki sanında Türkiýe bilen Hýtaýyň Orta Aziýadaky jemgyýetçilik diplomatiýa hereketlerini analiz emekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşıklar bölüminiň ylmı işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele boýunça synyny dykgatıňıza ýetirýäris.

Hytaý Orta Aziýanı taryhy täsir ediş sferalaryndan biri hökmünde görýär. Ykdısadyýetı bilen birlikde sarp edyän energetikası hem gün saýyn artýan Hytaý üçin Orta Aziýa şol bir wagtda ýurduň günbatarynda ýerleşyän Uýgur Awtanomiýası bilen hem serhetdeş bolmagy sebäpli howpsyzlyk syýasaty taýdan diýseň möhüm. Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasy barada Hytaý bilen Russiýa şol bir syýasy garaýşa eýe ýaly görünýär. Emma iki ýurduň arasynda ykdysady häkimiýet göreşi bar.

Türkiýe Orta Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň garaşsyz, syýasy we ykdysady taýdan durnukly, öz aralarynda we goňşulary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän, halkara guramalary bilen gatnaşyk edýän we demokratik gymmatlyklara goldaw berýän ýurtlar hökmünde barlyklaryny dowam etdirmeklerine goldaw berýär.

Türkiýe alyp barýan şol syýasaty bilen sebit ýurtlarynyň esasy hyzmatdaşyna öwrüldi. Türkiýäniň sebit baradaky jemgyýetçilik diplomatiýasy bilim, medeniýet we berýän ykdysady kömekleri bilen dowam edýär. Şol çakde ilkinji nobatda Türk medeniýetiniň, sungatynyň, diliniň we taryhy mirasyň goralmagy we şol gymmatlyklaryň dünýä tanyşdyrylmagy we geljek nesillere ýetirilmegi maksady bilen 1993-nji ýylda Halkara Türk medeniýet guramasy TÜRKSOÝ döredildi. Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan we Türkmenistan bilen birlikde Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy, Russiýa Federassiýasyna tabynlykdaky 6 Awtanomiýa we Maldowa tabynlykdaky Gagauz Awtanomiýasy hem synçy ýurt çini bilen TÜKSOÝ-a agzadyr.

Hytaý sebitde ýumşak güýjüni gurmaga çalyşýar. Hytaýyň Orta Aziýadaky bähbitlerini goramak üçin alyp barýan syýasa ugurlary bolsa, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, harby türgenleşikler, terrora garşy bilelikdäki göreşler, Orta Aziýa Erkin söwda şertnamasy we Täze Ýüpek ýoly taslamasydyr. Hytaýlylar tarapyndan gurlan tebigy gaz turba geçirijileri, Orta Aziýanyň sebitleýin utgaşyklygyna goldaw berýärkä, Orta Aziýadaky döwletleriň özygtyýarlygy üçin göniden howply bolmady. Gazagystan bilen Türkmenistan Hytaýyň nebit we tebigy gaz geçirijileri netijesinde Moskwa bolan tabynlyklaryny azaltdy. 2020-njy ýylda Hytaýyň Orta Aziýadan çykan nebitiň we tebigy gazyň esasy müşderisi ýagdaýyna gelmegine garaşylýar. Gyrgyz Respublikasynda hem Hytaýyň maddy taýdan goldaw bermeginde gurlan nebiti gaýtadan işläp çykarýan desga guruldy.

Jemgyýetçilik diplomatiýasy adalgasyna propaganda maksatly çemeleşýän Hytaýyň bu ugurdaky esasy guramasy Döwlet geňeşiniň Maglumatlar ofisi we Halkara hytaý dili geňeşi HANBAN-dyr. HANBAN Konfüçýus institutynyň hem esasy merkezi hökmünde iş alyp barýar. İş alyp barýan ýurtlarynda hytaý diliniň we medeniýetiniň tanadylmagy üçin tagalla edýän şol merkezler şol bir wagtda talyplara stipendiýa mümkinçiligini döredip, ýaşlary Hytaýda okamaga höweslendirýär.

Talyp çalşygy maksatnamalary we stipendiýa mümkinçili bilen ýylda 150 müňden gowrak ýetginjegiň Hytaýda ýokary bilim almagy üçin amatly şert döredilýär.  Hytaýda bilim alýan ýaşlaryň 75 göterimi Aziýa ýurtlaryndan gelýär. Foreign Affairs uniwersitetiniň açylmagy bilen hem daşary ýurtly diplomatlar üçin üç aýlyk bilim maksatnamasy başladyldy. Şeýlelikde geljegiň syýasaty gönükdirijileriniň aňynda abraýly Hytaý döretmek maksat edinilýär.

Sebit ýurtlary bilen edýän gatnaşyklarynda bilime uly ähmiýet berýän Türkiýe 1992-nji ýylda başladylan “Uly talyp taslamasy” bilen Türki dilli ýurtlardan ýüzlerçe talyby kabul etdi. Döwrümizde “Türkiýe stipendiýalary” ady bilen Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasy tarapyndan daşary ýurtly talyplara stipendiýa berilýär. Şol meýilnamanyň çäginde “Türki dilli ýurtlar stipendiýa maksatnamasynyň” çäginde her ýyl onlarça talyp Türkiýedäki ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýär. Mundan başgada türk diliniň ýaýbaňlandyrylmagy üçin edilýän tagallalar bilen Türkiýäniň jemgyýetçilik diplomatiýasynda esasy serişdelerinden biri ýagdaýyna gelen Ýunus Emre İnstituti, Astanadaky we Bakudaky merkezleri bilen sebitde iş alyp barýar. Türkiýäniň Milli bilim ministrliginiň çäginde Gyrgyz Respublikasynda we Türkmenistanda her birinde 4, Gazagystanda we Özbegistanda bolsa 1 ylym ojagy iş alyp barýar.

Gyrgyzystan-Türkiýe Manas uniwersiteti 1997-1998 okuw ýylyndan bäri Bişkekde ýaşlara bilim berýär. 2014-2015 okuw ýylynyň görkezijilerine görä uniwersitetde 9 fakultetde,  4 Ýokary mekdepde, 1 Ýokary hünärmen mekdebinde 4891 talyp, 2 institutda bolsa 243 talyp bilim alýar.

Türk dünýäsiniň ilkinji bilelikdäki döwlet uniwersiteti bolan Ahmet Ýasawy uniwersiteti bilime we ylmy-barlaga uly goşant goşýar. Gazagystanda ýerleşýän uniwersitet 880 mugalymy bilen ýaşlara bilim berýär. Uniwersitetiň Ykdysadyýet, Tarih we bilim, Tehnalogiýa we daşary ýurt dilleri, Hukuk, Medisina, Tebigy ylymlar, Sport we sungat, İnformatika we İnženerçilik fakultetleri bilen ýaşlara döwrebap bilim berýär.

Hytaýyň Uýgur Awtanomiýasynda ýaşaýan uýgurlara edýän basyşy ýygy-ýygyndan daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan gün tertibine getirilýär. Hytaýyň mundan başgada şol sebitde ýaşaýan gazak we gyrgyz azlyklara käbir ýeňillikler döredip etniki aýraçylyga meçew berýändigi öňe sürülýär. Dürli stipendiýa mümkinçiligi bilen Hytaýa çagyrlan Orta Aziýaly ýaşlar umuman Uýgur Awtanomiýasyndaky uniwersitetlere ýerleşdirilýär. Hytaýyň bu syýasaty bilen sebitde uýgurlara basyş etmegi we Orta Aziýa ýurtlary bilen ykdysady taýdan gatnaşyk edip Ýüpek ýoly taslamasy üçin amatly şert döretmegi maksat edinýändigi nygtalýar.

Türk iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy agentligi TIKA Gazagystanda, Gyrgyz Respublikasynda, Özbegistanda we Türkmenistanda durmuşa geçirýän işleri bilen saglygy goraýyş, syýahatçylyk, bilim, tokaýçylyk, oba hojalyk we maldarçylyk pudagyna uly goşant goşýar.

2009-njy ýylyň 21-nji martyndan bäri ýaýlymlaryny dowam etdirýän Türk dünýäsiniň sesi bolmagy maksat edinýän TRT Awaz Türkiýäniň esasy başlangyçlaryndan biridir. Kanal gazak, gyrgyz, özbek we türkmen dilleri bilen birlikde Azerbaýjan türkçesinde we boşnýak dilinde ýaýlym berýär. Mundan başgada TRT-niň daşary ýurtlar dilleri departamentinde Türkiýäniň Sesi radiosy azeri, gazak, gyrgyz, türkmen, özbek, tatar we ugur dillerinde berilýän radio we internet ýaýlymlary esasy jemgyýetçilik diplomatiýasy serişdesine öwrüldi.

Gyrgyz Respublikasynda 15, Gazagystanda 4, Özbegistanda 2 we Täjigistanda 1 Konfüçýus merkezini açan Hytaý, mundan başgada Halkara radiosynyň ýerli dillerdäki ýaýlymlary bilen hem sebite täsirini ýetirmegi maksat edinýär.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ýlmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ypegiň mesele boýunça sýnýný dýkgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar