Global Perspektiwa 34 ABŞ Nirä Barýar?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Global Perspektiwa 34 ABŞ Nirä Barýar?

ABŞ Nirä Barýar?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Soňky wagtlarda terrora goldaw berýändigi sebäpli tussag edilen ruhany Brunson sebäpli dartgynlaşan Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky düşnüşmezlik hemmeleriň üns merkezinde. Bu düşnüşmezligi Türkiýe-ABŞ gatnaşyklary arkaly analiz etmek giňden ýaýbaňlanan çemeleşmelerden biri.

Çykgynsyzlygy Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň perspektiwasyndan analiz etmek üçin şübhesiz ýerlikli sebäpler bar. ABŞ tarapyndan çyksyzlygyň şu çäge ýetirilmegi, Russiýadan S-400 raketa ulgamynyň alynmagy, ABŞ-nyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmegine garşy Türkiýäniň global wyjdanyň sesine öwrülmegi we soňky gezek ruhany Brunson wakasy bilen baglanşdyrylýan hem bolsa, Türkiýe tarapyndan mesele beýle görülmeýär. Mesele Türkiýe taýdan ABŞ-nyň Türkiýe tarapyndan terror guramasy hökmünde ykrar edilen PKK/PÝD arkaly terror döwletini gurmak ugrundaky tagalla, Türkiýäniň 11-nji sentýabry hökmünde kabul edilýän 15-nji iýuliň jogapkäri FETÖ-niň ýolbaşçysynyň ABŞ-da ýokary amatlykly şertlerde ýaşamaga dowam etmegi, Türkiýäniň beren ähli resminamalaryna garamazdan oňa hiç zat etmeýänligi. ABŞ-nyň çemeleşmesiniň Türkiýäniň halk köpçüliginde nähili görülýändigine has gowy göz ýetirmek üçin şu mysaly berip bileris: Osama Bin Ladiniň haýsydyr bir ýurtda myhman alynmagy we şol ýurduň terror guramasy AL Kaýda arkaly ABŞ-nyň Meksika serhedinde terror zolagyny döretmek ugrundaky tagallasy Amerikan jemgyýetinde nähili kabul edilse, ABŞ-nyň çemeleşmesi hem türk jemgyýetçiliginde şeýle reaksiýa bilen kabul edilýär.

Düşnükli sebäplere garamazdan dartgynlygy Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar taýdan seljermek ýeterlik bolmaz. Çünki ABŞ diňe bir Türkiýe bilen dartgynly däl. ABŞ has uly düşnüşmezlikleri Hytaý, Russiýa, ÝB, esasanda Germaniýa bilen başdan geçirýär. Hatda Amerikan taryhynda ozal görülmedik dartgynlyklar Meksika we Kanada bilen başdan geçirilýär. Demirgazyk Koreýa we Eýran bilen dowam edýän hroniki dartgynlyklara barada-ha aýdybam oturmalyň.

Şol sebäpli Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky düşnüşmezligi diňe bir iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar taýdan seljermek nädogry.

Bu düşnüşmezlikleri diňe Tramp we hökümet arkaly seljermek hem ýerlikli däl. Şübhesiz Amerikan hökümeti sebäpli taraplary hem bardyr. Şonuň bilen birlikde Amerikan hökümetiniň tas bütin dünýä bilen dowam edýän dartgynlyklarynyň sebäbini has çuňluklardan gözlemek ýeterlik bolar. Olaryň esasylaryny şeýle beýan etmek mümkin:

ABŞ-nyň global derejede başdan geçirýän, belkem ýüze çykaran dartgynlyklarynyň esasy sebäplerinden biri, belkem iň esasysy onuň globallaşmadan ýeterlik derejede bahbit gazanmazlygydyr. Global bäsdeşlikde ABŞ-nyň we firmalarynyň yza galmagydyr. Global bäsdeşlikde iň bähbitli bolan ýurtlar ABŞ we ÝB däl, Hytaý, Hindistan, Braziliýa we Türkiýe ýaly ýurtlar. Bu tapgyrda Amerikan ykdysadyýeti birnäçe gezek çökgünlige sezewar bolan bolsa, adybir ýurtlar milli girdejisini birnäçe esse güýçlendirdiler. Bu döwürde Amerikan gegemoniýasynyň ejizleýändigi ýokary derejede diskussiýa edilýär.

Esasanda ABŞ-nyň global bäsdeşlikden, aç-açanlykdan, erkin bazar ykdysadyýetinden ýeterlik gazanç edip bilmändigi hemmelere mälimkä we ABŞ-nyň gaharjaňlygynyň esasy sebäbi hem şonuň bilen baglyka käbir intelligentlerimiz we ýolbaşçylarymyz globallaşma baradaky garaýyşlaryny özgertmeli. Globallaşma tapgyrlarynyň ösen ýurtlara has uly goşant goşýandygy, baýy baýadýan, garyby ýoksullaşdyrýandygy görnüşli intelligent konfortmizmi barada ýene-de bir gezek pikir etsinler.

Amerikan hökümeti ýurdy globallaşmadan ýeterlik gazanmaýandygy üçin erkin bazar ykdysadyýetiniň çykgynsyzlaşmagyna, globallaşmadan ozalky döwre gönükdirýär. Artan salgytlar, ýokarlan gümrük paçlary, ýurtdan gaçan maýany we firmalary yzyna çagyrmak şol syýasatyň dowamy häsýetinde. Şol syýasatlar dünýäniň söwda gatnaşygyny çäklendirýän bolsa, beýleki ýurtlar bilen birlikde ABŞ-na hem zyýan ýetirýär. Esasanda sarp edijiler zyýan çeker. Çünki ýokarlan salgytlar we paçlar sebäpli harydyň bahalary gymmatlar.

Ikinji sebäbi geçen hepde beýan edişimiz ýaly Amerikan hökümetinde dini toparlaryň, jemagatlaryň, tarykatlaryň günsaýyn güýçlenýän täsiri bolup biler. Iýerusalim we ruhany Brunson kararlarynda bolşy ýaly Amerikan hökümetiniň hakykata laýyk gelmeýän käbir kararlaryny başgaça düşündirmegiň ýoly ýok. Wise-prezident Maýk Personyň we ozalky prezident Jorj Buşyň ewagelistdigini ýatdan çykarmalyň.

Beýleki bir sebäp hökmünde ABŞ-nyň başdan geçirýäň dolanşyk çykgynsyzlygyny görkezip bileris. Köp sanly wakada Pentagon, Ak Tam we Amerikan daşary işleri başkaça pikir edip we çemeleşip bilýär. Amerikan dolanşygyndan garaşsyz ýagdaýda Amerikan jemgyýetindäki tapawutly koalisiýalaryň reaksiýalary we tamalary Ak Tama zor salýar. Hökümetdäki gaharjaňlygyň esasy sebäbiniň şol koalisiýalaryň çäginde beýan edilen Trampyň iş başyndan çetleşdiriliş tapgyrydygy nygtalýar.

ABŞ bilen Türkiýäniň arasyndaky dartgynlyk iki ýurduň gatnaşyklaryndan has uly mesele bolýan bolsa näme edilmeli?

Şübhesiz meseläniň Türkiýe, ABŞ we beýleki ýurtlar bilen bagly we bütin adamzady gyzyklandyrýan taraplary bardyr.

ABŞ-nyň alyp barýan syýasatlary jähtden garalanda ýaňadandan ýapyk ykdysady dolanşyga dolanyp barmak, gümrük diwarlaryny beýgeltmek, erkin bazar ykdysadyýetiniň gerimini daraltmakdan ybarat. Şol daralma ähli ýurtlara we adamlara zyýan ýetirer. ABŞ-nyň esasanda Hytaýyň güýçlenmegine garşy alyp barýan syýasatyna düşünmek mümkin. şonuň bilen birlikde Bütindünýä söwda guramasy, Bütindünýä banky we beýleki halkara guramalary hem-de erkin söwdany, dolanşygy isleýänler hemmeler üçin zyýan bolan şol syýasatlara garşy bilelikde pozisiýa eýelemeli.

2-nji Jahan urşunda nasizm we faşizm ýaly aşa ideologik akymlaryň hem-de şu günki günde Ýakyn Gündogarda aşa dinçi akymlaryň ýurtlaryna we dünýä nähili zyýan ýetirýändigi hemmelere mälim. Edil şonuň ýaly hem Amerikan hökümetiniň sionist hristiýanlyk atlandyrylýan ewangelizm ýaly aşa dini akymlaryň täsiri astynda galmagy adamzada bähbit getirmez. Amerikaly erkinlikçi, plýuralist we liberal gatlaklar howpa göz ýetirýän bolsalar gerek.

Ýurtlar wagtal-wagtal jemgyýetçilik, ykdysady, syýasy, medeni çökgünliklere sezewar bolup biler. Şeýle halatlarda ýurtlary şeýle çökgünliklerden halas etjek öňden görüji liderlere gerek bolýar. Tramp bu meselede umyt döretmeýär. İň gynandyrýan tarapy bolsa umytsyzlyk meselesinde Trampyň ýeke bolmanlygy. Köp sanly Ýewropa ýurdy hem geljek üçin umyt döretmeýän liderler tarapyndan dolandyrylýar.

Umydymyzy ýitirmäliň, emma dünýä, global syýasat gynansagam ýagty günleri wada bermeýär.



Degişli Habarlar