Aktual Analiz 33

Nyşana astyndaky ýurt Eýran

Aktual Analiz 33

ABŞ-niň Eýranyň ýadro programmasy sebäpli Ahmedinejad zamanynda goýan embargolary, Eýranyň ykdysadyýetine uly zeper ýetirdi. 2013-nji ýylda Prezidentlige saýlanan we ylymly-reformist hökmünde görülen Hasan Ruhani bu nukdaýnazardan Eýranyň halky üçin uly wadalar berýärdi. Hasan Ruhani zamanynda P5+1 ýurtlary bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde Eýranyň ýadro synaglaryny çäklendrilmegi we gözegçilik etmäge rugsat bermegi bilen Eýrana garşy goulan embargolaryň gowşadylmagy barada karara gelinipdi. BMG-de gol çekilen şertnama Eranyň halky we Eýranyň ykdysadyeti üçin uly bir umyt çeşmesi bolupdy. Bu ýagdaý Eýranyň ykdysadyýetinde gysga möhletlik bir galkynyşa sebäp döretsede Donald Trampyň ABŞ-niň Prezidentligine saýlanmagyndan soň Eýran bilen ýaňadandan jedelleşikler başdan geçirilmäge başlandy. ABŞ 2018-nji ýylyň 8-nji maýynda birtaraplaýyn häsýetde ylalaşykdan çekilýändigini yglan etdi.

Indi bolsa Syýasat, Ykdysadyýet we jemgyýet ylmy-derňew gaznasy SETA-nyň ylmy işgäri-ýazyjy Jan Ajunyň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

ABŞ, Eýran bilen baglaşylan ylalaşykdan çekiljekdigini aýan etmegi bilen ýagdaý Eýranyň ykdysadyýetine ýaramaz täsir ýetirmäge başlady. Eýranyň hökümeti dollaryň kursyny resmi ýagdaýda 42 müň rial hökmünde kesgitlesede, erkin bazarda amerikan dollarynyň hümmedi örän artdy. Eýranyň rialy şu ýylyň ýanwar aýyndan başlap daşary ýurt walýutalaryna garşy hümmedi barha gaçmaga başlady. Erkin bazarda rial daşary ýurt walýutalaryna garanyňda şu ýylyň başyndan bäri jemi 150 göterim hümmedi gaçdy. 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda 44 müň rial bolan 1 amerikan dollar soňky günlerde 110 müň riala baryp ýetdi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň syýasaty Eýrana garşy goýan sanksiýalaryndan soň, Eýranyň hökümetini üýtgetmekden zyýada, Eýranyň Orta Gündogardaky ekspansionistik syýasatyny duruzmak we Eýrany sebitde çäklendirmekden ybaratdyr. Pars aýlagy ýurtlary we Ysraýyl Eýranyň sebitdäki ekspansionistik syýasatyndan biynjalyk bolýandyklaryny we ABŞ bilen bilelikde Eýrany çäklendirmek isleýändiklerini gizläp hem duranoklar.

Eýrany embargolaryň üsti bilen nyşana alyp, sebitdäki wekilçilikli güýçlerine berýän pullarynyň we çeşmeleriniň çäklendirilmegi we şeýlelik bilen Eýranyň dolulygyna çäklendirilmegi maksat edinilýär.

ABŞ-niň Eýrana garşy goýan sanksiýalary bilen Eýranyň amerikan dollary, altyn we beýleki gymmat bahaly daşlar bilen söwda edip bilmeginiň öňüni almak maksat edinilýär. Mundan başgada embargolaryň çäginde Eýrana uçar we uçaryň bölekleri hem berilmez. Goýulan sanksiýalar bilen Eýrandaky awtomobil pudagy hem nyşana alyndy.

ABŞ-niň sanksiýalary sebäpli Eýrandaky maýa goýumlaryny bes eden kärhanalaryň arasynda Daimler hem bar. Daimler kärhanasy maýa goýumlaryny artdyrmagy we Eýranda ýük ulaglaryny öndürmegi meýilleşdiren bolsa, ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň Eýrana garşy sanksiýalar kabul etmeginden soň, kärhana Eýran bilen bagly meýilnamalaryny ýaňadandan gözden geçirmeli boldy. ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp Twitteriň üsti bilen beren beýanatynda embargolara garamazdan Eýran bilen söwda edýän kärhanalaryň ABŞ bilen söwda edip bilmejekdigini habar berdi.

Emma ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň bu derejedäki beýanatlaryna garamazdan ÝB ýurtlary embargolara garşy bolýar. Mysal üçin Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maasyň beren beýanatynda Eýranda iş alyp barýan Ýewropaly kärhanalara goldaw berjekdiklerini mälim etdi. Eýran bilen edilýän söwdada pul geçirimleriniň dowam etmegi üçin iş alyp barýandyklaryny aýdan Maas ABŞ-niň Eýrana garşy girizen sanksiýalaryny uly gynanç bilen kabul edendiklerini habar berdi. Heiko Maas mundan başgada Eýran bilen bolan söwda gatnaşyklarynyň girdeji maksatly bolmandygyny we Eýrandaky adamlary pikir edýändiklerini bellesede, ÝB-niň Eýran bilen söwdadan uly girdejiler almagy meýilleşdirýändigi we Eýrandan nebit we gaz alyp, Russiýa bolan garaşlylyklaryny azaltmak isleýändikleri mälim. ABŞ-niň Ýewropa ýurtlaryny äsgermän Eýran bilen gazanylan ylalaşykdan birtaraplaýyn häsýetde çekilmegi, ÝB bilen ABŞ-niň arasynda bölünmä sebäp bolup biler.

ABŞ-niň soňky wagtlarda sanksiýalaryny we embargolaryny artdyrmagy aslyna garanyňda Amerikan daşary syýasatynyň üýtgeýändiginiň bir görkezijisidir. Türkiýä Branson hadysasy üçin sanksiýalar girizjekdigini aýdyp hemle atan ABŞ şol bir wagtda Russiýa garşy hem sanksiýalar girizýär. Mundan başgada Hytaýa garşy girizen sanksiýalaryny hem şol görnüşde kabul etmelidiris. Palestina meselesinde BMG-däki ýerinden bütin dünýä hemle atan ABŞ-niň sanksiýa we embargo syýasaty gysga möhletde ABŞ üçin oňyn netijeler bersede, uzak möhletde ABŞ-niň dünýädäki pozisiýasyny howp astyna atar we ABŞ-ni ýalňyzlaşdyrar.

Bu gün biz siziň dykgatyňyza Syýasat, Ykdysadyýet we jemgyýet ylmy-derňew gaznasy SETA-nyň ylmy işgäri-ýazyjy Jan Ajunyň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny ýetirdik.


Etiketkalar: nyşana , embargo , Eýran , ABŞ

Degişli Habarlar