Global Perspektiwa 33 Ejizlik Psihikasy bilen Däl, Ynamly Pozisiýa Eýelemek

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele boýunçy syny

Global Perspektiwa 33 Ejizlik Psihikasy bilen Däl, Ynamly Pozisiýa Eýelemek

Ejizlik Psihikasy bilen Däl, Ynamly Pozisiýa Eýelemek

Geçen hepdelerdäki gepleşiklerimizde günbatar boýunça üç görnüşli pozisiýadan, boýun egiji, ret ediji we parasatly pozisiýalar barada durup geçipdik.

Boýun egijilik we ret edijilik biri-birinden garaşsyz, biri-birine garşydaş iki çemeleşme ýaly görünip biler. Şonuň bilen birlikde şol iki çemeleşmäniň arasynda ýakyn gatnaşyk bar. Günbatarda ýaşaýan bosgunlar we musulmanlar üçin iki çemeleşme biri-biri üçin legallyk dördip biler. Öz gymmatlyklaryndan çetleşen, ýaşaýan jemgyýetlerinde dolulygyna ýitip giden, boýun egiji gatlaklar ret ediji gatlaklaryň legallyk çeşmesi bolup biler. Tersine-de bolup biler. Ret edijiligiň düzüminde ýaşaýan jemgyýetinden doly üzňeleşen we oňa garşy durýan gatlaklar, boýun egijiligi ýüze çykaryp biler. Beýleki tarapdan boýun egijiligem, ret edijiligem dogulyşdan gelmeýändigi üçin dolulygyna kabul edilmän bilner. İki çemeleşme hem radikal garaýyş bolandygy üçin kabul edýänler tarapyndan hamala diýersiňiz her gün ýaňadandan legallaşdyrylmaly, adamlaryň özlerine her gün ýaňadandan kabul etdirýän çemeleşme bolup biler. Dolulygyna kabul edilmän halatlarynda şol iki çemeleşmäniň arasynda geçişler hem ýüze çykýar. Boýun egijilikden ret edijilige, ret edijilikden boýun egijilige geçişler edilip bilinýär. Ol, dini gymmatlyklar bilen arabaglanşygy bolmadyk, bar dolandyrýan, içgi içýän, göräýmäge doly assimirlenen gatlaklardan hem näme sebäpden DAIŞ-e gatnaşýanlary aýdyňlaşdyrýar.

Ret edijileriň hem boýun egijileriň hem şol çemeleşmäniň eýelerine we ýaşaýan jemgyýetlerine haýsydyr bir oňyn goşandy ýok.

Boýun egijilik ýa-da ret edijilik däl, şu günki günde günbatarda gerek bolan çemeleşme Sait Halim serkerdede beýan tapan parasatly ýa-da ynamly çemeleşmedir. Sait Halim serkerdäniň 1-nji Jahan urşunyň ähli pajygasyna, derdine seretmezden günbatara garşy berk tankytlaryna garamazdan şu günki günde-de pikirzadanyň ýetip bilmedik, reaksionerlikden daşda, parasatly çemeleşmäni şol döwürde beýan etmegi hökmany suratda bellenilip geçilmäge mynasypdyr.

Günbatar jemgyýetlerinde boýun egijiligiňem ret edijiligiňem sebäbi esasan ýaşalýan jemgyýetiň şertleridir. Şonuň bilen birlikde köplenç bosgunlar boýun egijiligem, ret edijiligem eýe bolan ideologiýalaryna, medeniýetlerine we dinlerine esaslandyrýarlar.

Meselä musulmanlaryň nukdaý nazaryndan seredenimizde yslam ýaly Hezreti Adamdan soň adama  çenli bütin adamzadyň meselelerini çözjekdigini beýan eden din, haýsydyr bir zadyň garşydaşy däldir. Onuň özi bir ideýa, gözýetim, mümkinçilik. Gönüden göni esaslandyryjy ygtyýar, bir başlangyç. Bir zadyň garşysyna görä, pozisiýa eýelemek, garşysynda durýan zadymyzy merkeze öwürmekdir. Yslam ynançda ähli beýleki dinleri ret edip, “La” bilen başlaýar. Çemeleşmede bolsa, ylym möminiň ýitiren gymmatlygy. Ylym Hytaýda hem bolsa gözläp tapyň diýilýär. Ylym näme? Bilimdir, maglumatdyr, tehnikadyr, dolanşyk, tejribe.

Bu barasynda Hezreti Pygamberiň Mekgäniň jahiliýe jemgyýeti bilen gatnaşygy biziň üçün ýol görkeziji bolup biler. Pygamberiň Mekgäniň jahiliýe jemgyýeti bilen üç görnüşli gatnaşyk açandygyny aýdyp bileris. Käbir işleri, özünip alyp baryşy Mekgäniň jahiliýe jemgyýetiniňki bilen bir. Geýim-gejim, sakal ýaly Pygamberiň käbir eden işleri bilen Mekgäniň jahili jegyýetiniň arasynda tapawut ýok. Pygamber käbir eden işleri bilen Mekgäniň jahiliýe jemgyýetiniň edenleri düzedipdir, özgerdipdir. Mysal üçin sakalyny gysgaldypdyr. Käbir edenleri bolsa şol jemgyýetiň edenlerini doly ret edýär.

Hezreti Pygamberiň analitiki çemeleşme hökmünde-de atlandyrylmaga mynasyp bolan şol üç taraplaýyn çemeşeleşmesi gündogara, günbatara, günorta, demirgazyga, döwrebaplyga postmodernlige, globallaşma we beýlekilere durmuşyň ähli ugurlaryna garaýyş üçin şu günki günde-de diýseň manyly we aýdyňlaşdyryjy. Boýun egiji çemeleşmeler bizi bizden çetleşdirer. Dolulygyna ret ediji çemeleşmeler ýaşlarymyzy DAIŞ ýaly akymlara alyp gider. Şol jähtden Osman döwletiniň Medeni hukugy bolan Mejelledäki “goşdaky esasy zat erkinlikldir” düzgüni iňnän möhüm. Mejelle durmuşda esasy zadyň erkinlikdigini beýan edýär. Ol hem şu günki günde belli gatlaklaryň başdan geçirýän ejizlik psihikasyny ýeňip geçmek üçin iňňän möhüm garaýyş.

Reforma bilen dowam eden tapgyrlarda görkezilen reaksiýalar umuman reaksionerlik bilen boýun egijiligiň arasynda gidip-gelýär. Şol çäkde reforma baradaky analizler we çemeleşmeler diňe şol döwür bilen bagly däl. Häzirki döwürde başdan geçirilýän tapgyrlara-da esasan reforma görkezilen reaksiýalar görkezilýär. Eýsem durmuşy köp taraplaýyn özgerdýän tapgyrlar yzgiderli häsýetde synçy bolup galyp bolmaýar. Şol tapgyrlar adamlary, toparlary, guramalary we ýurtlary täsiri astyna alýan, kynçylyklara sezewar edýän tapgyrlar. Şol perspektiwadan ser salanymyzda hem geçmişde günbataryň döwrebaplygyna häzirki wagtda bolsa Ýewropa bileleşigine we globallaşma boýunça düýpli çemeleşmemäniň, pozisiýanyň eýelenendigini aýdyp bilmeris. Emma her bir şertde alternatiw tapmak özümizi çetleşdirmegiň we wakalardan daşda galmagyň beýanydyr.

Şol çäkde nämä duş gelenimizde-de boýun egiji ýa-da ret ediji akymlardan daşgary analitik çemeleşmä eýele bolunmaly.

Beýleki tarapdan durmuşy çykgynsyz ýaly görüp, göçürmek gerek. Yslam kynçylyk däk, ýeňillik, aşalyk däl, kadalylyk dini…

Netijede günbatar bilen birlikde duş gelinýän faktorlara, adalgalara, meselelere asla ejizlik psihikasy bilen boýun egmän, eýe bolan gymmatlyklarymyzyň umumy dessurlaryna laýyklykda ynamly çemeleşmäge eýe bolunmaly. Biziň aslyna seredilende Horasandan başlap Anadola, bu taýdan günbatara dowam eden ýörişimiziň kyssasy hem şondan gelip çykýar. Eýe bolan gymmatlyklarymyzyň umumy dessurlaryna laýyklykda duş gelen ähli medeniýetler bilen çekinmän baýlaşdyk. Gabat gelinen ähli tapawutlyklar gorkylarymyzyň däl, eýsem baýlygymyzyň gözbaşyny emele getirdi. Çözgüt beýle kyn däl: Hezreti Möwlananyň bir aýagyny berk basyp, beýleki aýagy blen bütin dünýä gerim açmak hökmünde beýan eden sirkul metaforyndaky ýaly bir tarapdan öz gymmatlyklarymyza esaslanýan, şahsyýetimizi emele getirýän aýagymyzy ymykly basyp, beýleki tarapdan zehin dünýämizi baýlaşdyrjak, durmuşymyzy ýeňilleşdirjek tapawutlyklara açyk bolmak…

Eýsem diňe dogry pozisiýa eýelemek ähli meseleleri çözermikä? Bizi barjak kenarymyza ýetirermikä? Dowam ederis..

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele boýunçy synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar