Türk daşary syýasatyna syn 32

47 ýyllyk Türkiýe-Hytaý gatnaşyklary

Türk daşary syýasatyna syn 32

Ýaňy ýakynda Türkiýe Respublikasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 47 ýyllygy bellenilip geçildi. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda 47 ýyllyk Türkiýe-Hytaý gatnaşyklaryny analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe Respublikasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1971-nji ýyla ýola goýulýar. Iki ýurduň arasyndaky ykdysady we syýasy gatnaşyklar 1980-njy ýyllardan başlap ösmäge başlaýar.

2010-njy ýylda Türkiýe bilen Hytaýyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişilýär. 2010-njy ýylda “Strategik hyzmatdaşlyk” derejesine götürlen gatnaşyklar, soňky döwürde ýokary derejeli iki taraply saparlaryň goşandy bilen çalt depginde ösýär. Emma özara gatnaşyklaryň strategik meýilnamanyň çäginde dowam etdirilýändigini aýdyp bilmeris. Türkiýe bilen Hytaýyň arasyndaky ösýän ykdysady gatnaşyklar türk ykdysadyýetine oňyn täsirini ýetirýär. Emma Türkiýäniň Hytaýa garşy daşary söwda ýetmezçiligi gün saýyn artýar. Türkiýe 2016-njy ýylda Hytaýdan 25,4 milliard dollarlyk haryt satyn aldy. Türkiýäniň Hytaýa eden eksporty bolsa diňe 2,4 milliard dollara barabar boldy. Bu deňagramsyz ýagdaýyň dowam etdirilmegi eltbetde mümkin däl. Türkiýe bilen Hytaýyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi we dowam etdirilmegi üçin Hytaýdan Türkiýä goýuljak maýa goýumlar artdyrylmaly. Bu meselede 2017-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýetiniň Hytaýa guran resmi saparynyň çäginde Türkiýeli we Hytaýly firmalaryň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamalary baglaşyldy.

Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda ýygy-ýygyndan ýokary derejeli saparlar guralýar. Hytaýly we Türkiýeli döwlet adamlarynyň saparlary gatnaşyklaryň ösmegine itergi berýär. Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan 2017-nji ýylyň maý aýynda Hytaýda geçirlen “Bir nesil bir ýol” maslahatyna gatnaşdy. Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bolsa 2017-nji ýylyň awgust aýynyň başynda ASEAN-yň maslahatynyň öňüsyrasynda Hytaýda saparda boldy.

Prezident Erdogan ýaňy ýakynda Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin ýolbaşçysy hökmünde Braziliýadan, Russiýadan, Hindistandan, Hytaýdan we Günorta Afrikadan ybarat BRİKSE-e agza ýurtlaryň Günorta Afrikada geçirlen 10-njy liderler maslahatyna gatnaşdy. Prezident Erdogan Günorta Afrika guran iş saparynyň çäginde Hytaýyň Döwlet başlygy Sizinpin bilen özara duşuşyk geçirdi.

Türkiýe şu günki günde köp taraply daşary syýasat alyp barýar. Bu meselede Türkiýeli ýolbaşçylar Hytaý bilen edilýän gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Hytaýly liderler hem Türkiýäni Ýakyn Gündogarda güýç merkezi we “Bir nesil bir ýol” taslamasynyň esasy ýurdy hökmünde görýär. Türkiýeli ýolbaşçylar Türkiýäniň “Bilelikdäki koridor”  başlangyjynyň Hytaýyň “Bir nesil bir ýol” taslamasyna utgaşyklydygyny nygtaýar. Türkiýe bilen Hytaý gadymy Ýüpek ýolunyň janlandyrylmagyny maksat edinýär. Türkiýe Hytaýyň Ýewropa bazarlaryna barmagynda esasy orun eýeleýär. Türkiýäniň Hytaý we Ýewropa bazarlaryny biri-birine birleşdirýän merkez ýagdaýyna gelmegi iki ýurt üçin hem bähbitli bolar.

Hytaý, Türkiýe üçin Germaniýadan soň dünýäde ikinji, Uzak Gündogarda bolsa esasy söwda hyzmatdaşy. Hytaý, 2016-njy ýylda Türkiýäniň eksport sanawynda 19-njy orny, Türkiýäniň importynda bolsa 1-nji orny eýeledi. Elbetde bu ýerde iki ýurduň arasynda import-eksport deňagramsyzlygy ünsleri özüne çekýär. Ýakyn geljekde import-eksportyň deňagramlygy ýagdaýa gelmegi gatnaşyklary has-da pugtalandyrar.

Geljekde Hytaýyň özüne mahsus daşary syýasat alyp barmagy hiç kimi geň galdyrmasa gerek. Hytaý Halk respublikasynyň Döwlet başlygy Sizinpin 2017-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda eden çykyşynda “Hytaýyň “esasy güýç” aýratynlygyna birnäçe gezek ünsi çekdi. Sizinpin Hytaýyň kemsidilýän günleriniň indi yzda galandygyny we Hytaýyň döwrebap halkara güýç hökmünde ýaňadandan çar paýa galmagynyň wagtynyň gelendigini nygtady. Hytaý, Hytaýyň Komunist partiýasynyň 19-njy gurultaýynda kabul edilen kararlar bilen uly öňe gidişlik etmäge taýarlanýar. Täze döwürde gün saýyn pajarlap ösýän, güýçli we baý ýurtlar bilen bäsleşýän, hatda birnäçesinden öňe geçen, sebitara we halkara pozisiýasy we täsiri güýçlenen Hytaýy görmek mümkin.

Günbatarly hyzmatdaşlary ABŞ we ÝB bilen dürli kynçylygy başdan geçirýän Türkiýe hem Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlar bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär. Şol çäkde Hytaýyň syýasatda we ykdysadyýetde täsirini artyrmak üçin alyp barýan syýasaty Türk-Hytaý hyzmatdaşlygynyň artmagyna sebäp bolup biler.

Günbatarly hyzmatdaşlary bilen käbir kynçylyklary başdan geçirýän Türkiýäniň Hytaý bilen ykdysady, syýasy we harby taýdan edýän gatnaşyklaryny ösdürmegi Türkiýe üçin elbetde has amatly. Emma Hytaýda ýaşaýan uýgur türkleriniň ýagdaýy Hytaý bilen Türkiýäniň arasyndaky esasy mesele bolup durýar. Hytaý güýçli ýurt hökmünde Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek üçin uýgur türklerine edýän basyşyny gowşatmaly. Hytaý basyş syýasatyndan ýüz öwüren halatynda özara gatnaşyklar pajarlap öser hem-de uýgur türkleri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda esasy rol oýnar.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.

 

 



Degişli Habarlar