Aktual Analiz 32

Ýewropada rasizm we islamafobiýa gün saýyn ýaýbaňlanýar

Aktual Analiz 32

Ýewropada rasizm we islamafobiýa gün saýyn ýaýbaňlanýar. ÝB-niň esaslandyryjy ýurdy Germaniýada Nasional Sosialistiň geçmişinde şuňa meňzeş etabyň nähili ýagdaýda alnyp barylandygy görülýär.  Germaniýada rasizmiň we islamafoiýanyň adaty ýagdaýa gelmäge başlan günlerinde başdan geçirlen Mesut Özil skandaly we Germaniýanyň Milli ýygyndy futbol komanfasynyň türgeni Mesut Öziliň Germaniýanyň milli ýygyndysyndan aýrylmagy rasizmiň we islamafobiýanyň ýeten derejesini görkezýän esasy wakalardan biridir.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Jan Ajunyň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Mesut Öziliň, Prezident R. T. Erdoganyň Britaniýa guran saparynyň çäginde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen surat aldyrmagy Germaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we Germaniýadaky syýasatçylar tarapyndan nemes jemgyýetinde dünýä kobugynyň öňüsyrasynda esasy krizis ýagdaýyna getirildi. Mesut Özil aslynda 2010-njy ýyldan bari her pursatda Prezident Erdogan bilen bolan duşuşygynda surat aldyrýar. Özil Prezident Erdogan bilen surat aldyrandygy üçin rasist hüjümlere sezewar boldy. Germaniýanyň milli ýygyndysynyň başarjaň türgeni Mesut Özil rasisit hüjümlere we hemlelere sezewar boldy. Özil özi hakyndaky kemsidiji sözlere we hemlelere garamazdan dymmagy saýlap aldy. Germaniýanyň Futbol Federassiýasynyň başlygy Reinhard Grindeliň talabyna oňyn jogap bermedi, tersine Prezident R. T. Erdogan bilen aldyran suraty üçin ötünç soramady.

Germaniýanyň Milli ýygyndy futbol komandasynyň Russiýada geçirlen dünýä kobugynyň toparara bäsleşiklerinde ýeňilmegi habaryny Germaniýanyň ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Mesut Öziliň suraty bilen bermekleri we Germaniýanyň Futbol Federassiýasynyň başlygy Reinhard Grindeliň Germaniýanyň milli ýygyndy futbol komandasynyň dünýä kobugynda ýeňilmeginiň esasy jogapkäri hökmünde Mesut Özili görkezmegi dartgynlygy has-da möwjetdi. Mesut Özil Prezident R. T. Erdogan bilen aldyran suratynyň öňüsyrasynda hem Umra ziýaratynda aldyran suratlary sebäpli rasisit hüjümlere we kemsitmelere sezewar bolupdy.

Mesut Özil rasist hüjümlere we hemlere berk garşylyk görkezdi we ýörite jarnama çap etdi.

Aslynda Mesyt Öziliň Twitter arkaly iňlis dilinde  çap eden ýüzlenmesi, Germaniýada rasizmiň we islamafobiýanyň ýeten derejesini açyk aýdyň görkezýär.

Mesut Özil jarnamasynda “ ýeňýärkä nemes, ýeňilýärkä migrant boldum” diýýär. Mesut Özil aslynda jarnamasy bilen birlikde futbolyň Muhammed Alisi boldy. Germaniýany we Germaniýanyň Futbol Federassiýasyny berk tankyt eden Mesut Özil, şol bir wagtda Germaniýada ýaşaýan türk we musulman azlygyň sesi boldy.

Mesut Özil jarnamasynda Germaniýadaky rasisme ünsi çekýär we kalbynyň Türkiýe hem-de Germaniýa üçin urýandygyny aýratyn belleýär. Öziliň Germaniýa üçin futbolda gazanan üstünliklerine garamazdan Prezident Erdogan bilen aldyran suraty sebäpli rasist hüjümlerine sezewar bolandygyny açyk aýdyň beýan etmegi, aslynda Germaniýada ýaşaýan türkleriň garaýyşlaryny we duýgularyny hem beýan edýär.  Germaniýada ýaşaýan asly türk bolan nemes raýatlary Mesut Özile güýçli goldaw berip ony gahryman ýaly gutladylar.

Öziliň jarnamasy Germaniýada ýaşaýan türkleriň we musulmanlaryň sesi bolan we olaryň garaýyşlaryny we duýgularyny beýan eden bolsa-da, näme üçin bir futbolçynyň we näme üçin bir halk deputatynyň türk we musulman azlygyň garaýyşlaryny we duýgularyny beýan etmeýändigi soragy  ünsleri özüne çekýär. Germaniýanyň mejlisindäki asly türk halk deputatlarynyň we Germaniýadaky syýasy partiýalaryň türk we musulman azlygyna wekilçilik edip bilmezligi, dertlerine derman bolmazlyklary Germaniýa üçin esasy mesele. Bir tarapda rasizm we islamafobiýa gün saýyn möwjeýärkä, beýleki tarapda Germaniýadaky türklere we musulmanlara wekilçilik edýän halk deputaty ýok. Şol sebäpli hem Germaniýada ýaşaýan türkleriň we musulmanlaryň hukuklaryny goramak we olara goldaw bermek üçin Türkiýe Germaniýada has täsirli we aktiw syýasat alyp barmaly. Türkiýe Germaniýadaky türkler we musulmanlar üçin göreşmeli.  Türkiýe Germaniýadaky türklere we musulmanlara ruhy taýdan goldaw berjek we hakykatlary açyk aýdyň beýan etjek Mesut Özilleriň sanynyň köpelmegi üçin tagalla etmeli.

Türkiýe Germaniýada has täsirli we aktiw syýasat alyp barman halatynda bolsa Germaniýadaky türkler we musulmanlar rasizme sezewar bolmaga dowam eder.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Jan Ajunyň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik

 



Degişli Habarlar