Global Perspektiwa 24 Saýalaw tapgyry indi näme üçin polýarizleýji däl?

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Global Perspektiwa 24 Saýalaw tapgyry indi näme üçin polýarizleýji däl?

Birnäçe gün soň Türkiýede Prezident we Parlament saýlawlary geçiriler. Dalaşgärler we syýasy partiýalar saýlaw kampaniýalaryny ýokary depginde dowam etdirýärler. Türkiýäniň taryhynyň ilkinji Prezident saýlawynyň saýlaw tapgyryna ser salanymyzda ünsi çekýän zat, belkem taryhynda görülmedik derejede parasatly tapgyry başdan geçirmegimiz. Ozalky dartgynly, bölünşige sebäp bolýan, radikal diskurslaryň höküm süren saýlaw kampaniýalaryndan nam-nyşan ýok.

Munuň sebäpleri nämekä eýsem?

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

%50+1 ses almak üçin ylalaşyk syýasatynyň mejburlygy

Ozalky saýlawlara ser salnanda Türkiýäniň syýasatynda 20 göterim ses bilen häkimiýet başyna geçmek mümkindi. Adalat we ösüş partiýasy özi üçin hem kyn ýoly saýlap alyp, döwlet ýolbaşçysynyň %50+1 ses bilen saýlanmagy baradaky düzgüniň goýulmagyna öňbaşçylyk etdi. İndi syýasy partiýalaryň diňe öz taraplary üçin syýasat alyp barmaklary, tarapdarlaryny ugrukdyrmaklary ýeterlik däl. Dalaşgärler häkimiýet başyna geçmek üçin jemgyýetiň giň gatlaklaryndan ses almak üçin syýasat alyp barmaly bolarlar. Şol maksada laýyklykda täze saýlawçy gatlaklary bilen ysnyşyp, olary ses bermäge razy etmeli bolarlar. %50+1 ses alma mejburlygy ähli partiýalary ozalky, diňe öz saýlawçysyna niýetlenen syýasatdan, şol howpsyz giňişlikden aýrylmaga, täze giňişliklere gönükmäge mejbur edýär. Şol çäkde ähli partiýalaryň giň halk köpçüligi bilen gatnaşykda bolmagy, ylalaşyjy syýasat alyp barmagy, aşa diskurslara we adamlara çäklendirme goýmaklary gerek bolup durýar.

Türkiýäni dolandyrmagyň sebitleýin kynçylygy göz öňünde tutulanda dalaşgärleriň we partiýalaryň saýlaw ulgamyna laýyklykda has ylalaşyk syýasat alyp barma mejburlygy oňyn wakadyr.

2-nji tapgyr ähtimallygy

Geçirilen sowalnamalar Prezident saýlawynyň birinji tapgyrda tamamlanjakdygyny görkezýän hem bolsa, oppozision partiýalar we olaryň dalaşgärleri saýlawyň ikinji tapgyra galmagy üçin elinden geleni edýär. Teoriki taýdan hem bolsa saýlawyň 2-nji tapgyra galma ähtimallygy dalaşgärleri we partiýalary has ünsli çemeleşmäge gönükdirýär. Esasanda oppozision partiýalaryň diňe öz saýlawçylary bilen %50+1 mukdarynda ses alma ähtimallygy ýokdugy üçin beýleki partiýalardan we az hem bolsa Adalat we ösüş partiýasyndan ses almaly bolarlar. Bu mejburlyk partiýalary we dalaşgärleri tebigy ýagdaýda beýleki partiýalaryň tarapdarlarynyň göwnünden turmajak diskurslardan we çemeleşmelerden çetde durmaga, has jebisleşdiriji syýasat alyp barmaga ugrukdyrýar. Wagtyň geçmegi bilen haýsydyr bir dalaşgäriň üstün çykman, Prezidentiň 2-nji tapgyrda saýlanmaly bolan şertlerinde 2-nji tapgyr ähtimallygynyň has ýumuşandygy täsiri aç-açan görüler. Şeýle ähtimallykda partiýalar 2-nji tapgyrda tapawutly arkalaşyklara ýönelip biljekdigi üçin beýleki partiýalardan hem ses almak üçin diskurslaryny mylaýymlaşdyrmaly bolarlar.

Saýlawçylaryň gönüden dalaşgärlige hödürlemegi

Ozalky prezident saýlawlarynda prezidentlik üçin diňe bir partiýalaryň mejlisdäki toparlary ýa-da belli bir mukdardaky deputatlar dalaşgärlige hödürläp bilýärdi. Ol hem aslyna seredilende saýlawçylaryň ygtyýarynyň ýeterlik derejede beýan tapmagyny bökdeýärdi. Demokratiýa we azatlyklar taýdan kemçilikdi. Täze ulgamda şol kemçilik düzedildi. Şol hukuk esasanda kiçi partiýalary, mariginal toparlary ulgamyň içinde saklamak taýdan oňyn funksiýa eýeleýär. Eger-de şeýle hukuk berilmedik bolsady, şol partiýalar/toparlar has-da berk çemeleşip bilerdi. Emma şol hukuk bilen degişli gatlaklar indi öz dalaşgärlerini hödürläp bilýärler. Ýüz müň ses ýygnap bilmän halatynda diňe ulgamy günäkärleme mümkinçiligi hem galmady.

Arkalaşyklaryň saýlawdan ozal döredilmegi

Türkiýede ozalky saýlawlarda partiýalaryň arkalaşyk etmekleri kanuny däldi. Bu saýlawda arkalaşyk etmäge şert döredilendigi üçin syýasy partiýalar esasan “Jemhur” arkalaşygynyň ýa-da “Millet” arkalaşygynyň çäginde saýlawlara gatnaşýar. Syýasy partiýalaryň arkalaşyklar bilen saýlawa gatnaşmagy syýasy dartgynlyklary iki şertde gowşadýar. Ozallar hyzmatdaşlyklar, koalisiýalar saýlawdan soň edilerdi. Saýlawdan ozal bolsa aldym-berdimli bäsleşikler bolardy.

Beýleki tarapdan arkalaşyklar bilen saýlawa gatnaşmak %10 saýlaw çäklendirmesinden geçmegi üçin kiçi partiýalaryň hem Mejlisde wekilçilik edilmegine şert dördýär. Mejlisde syýasy wekilçiligiň artmagy hem saýlaw tapgyrynda syýasy dartgynlygy azaldýar.

Çetleşdiriji alalama syýasatynyň indi netijesiz bolmagy

Saýlaw tapgyrynda esasanda çepçi partiýalar tarapyndan gün tertibine getirilýän öňdebaryjy-yzagalak, laik-anti laik, döwrebaplyk, Atatürkçilik ýaly diskusiýalara tas hiç gabat gelinmeýär. Şol diskusiýalaryň çepçi partiýalar üçin birdenkä gadyrynyň gaçandygyny aýtmak hakykata laýyk bolmaz. Bu diskurs özgerlişiginiň esasy sebäbi özgeren saýlaw ulgamy. Diňe öz tarapdarlaryna esaslanýan, çetleşdiriji syýasat bilen %50+1 ses almagyň mümkin bolmazlygy, partiýalaryň onlarça ýyllap dowam etdiren syýasatyny özgertmäge gönükdürýär. Häkimiýet başyna geçmek üçin çetleşdiriji syýasat däl, eýsem giň halk köpçüliginiň goldawynyň gerek bolmagy partiýalarda mejbury özgerlişik üçin basyş edýär. Partiýalaryň indi jemgyýetiň ähli gatlaklary bilen gatnaşyk açmaga mejbur bolmagy Türkiýe üçin oňyn başlangyç.

Terror ýaranlarynyň çetleşdirilmegi

Saýlaw tapgyrynda ünsi çeken beýleki bir faktor terror guramalary bilen arasyny açmadyk HDP bilen, göräýmäge hem bolsa partiýalaryň arkalaşyk etmäge ýakyn durmaýanlygy. Jemgyýetiň bu basyşy demokratiýanyň öz kadasyna laýyk işlemegi taýdan iňňän möhüm başlangyç. Syýasy partiýalar bir tarapdan jemgyýetçilik we demokratik gurama hökmünde saýlawa gatnaşýan bosla, mundan beýläk saýlawdan soň terrora ýaranlyk edip bilmez, saýlanmadyk terrorçylardan buýruk almazlar.

Ýaýbaňlanýan populizm

Saýlaw tapgyrynda jemgyýetiň giň gatlaklarynyň goldawyny alma mejburlygy populizmi hem ýaýbaňlandyrdy. Esasanda oppozision partiýalar nämäni nähili öndürjekdikleri barada däl, eýsem nämäni nähili paýlajakdyklaryny beýan edýärler. Ol indi ýurduň 2 müň däl, 10 müň dollarlyk girdeji gazanmagyndan, 80 sente mätäç bolmandygyndan gelip çykýar. Şonuň bilen birlikde netijesiz populist çykdajy, salgyt we beýleki ýollar bilen başgalary tarapyndan tölenýän muzdlar arkaly edilýär. Hemmelere her zady wada bermegiň soňy umytsyzlyk, ýagny ýokluk bilen deňdir.

Täze syýasat: Garşy bolanyň däl, mümkin bolanyň yzyna düşmek…

Türkiýäniň sebitinde uly howplary başdan geçirýän şertlerinde içeri syýasatda ekstremist däl, eýsem jebisleşdiriji, birleşdiriji, jemgyýetiň ähli gatlaklaryny özüne çekýän syýasatyň saýlanyp alynmagy ýurduň geljegi taýdan öňňän möhüm. Prezident dolanşygy ulgamy ony eýýäm ýola goýana meňzeýär. Dalaşgärler we partiýalar giň halk köpçüliginden ses almak üçin indi marginal däl, eýsem mümkin bolanyň yzyna düşmeli bolýar.

Syýasat onsuz hem “mümkin bolanyň sungatydyr.”

 

 


Etiketkalar: saýlawlar , saýlaw etaby , etap

Degişli Habarlar