Aktual Analiz

Damaskyň Gündogar Guta etrabynyň Duma etrapçasynda täze bir himiki hüjüm guraldy

951818
Aktual Analiz

Siriýanyň paýtagty Damaskyň Gündogar Guta etrabynyň Duma etrapçasynda täze bir himiki hüjümiň guralandygy dünýä metbugatynda habar berildi. Hüjümde gynansagam esasy bölegi çagalardan we zenanlardan ybarat bolan köp sanly adam ýogaldy. Berilen ilkinji beýannamalara görä, myşsa gazynyň ulanylandygyna üns çekilýär. Urşuň başyndan bäri oppozisionerleriň gözegçiliginde bolan Gündogar Guta etraby hökümetiň soňky wagtlardaky esasy nyşanasy. Birnäçe aýdan bäri etrap bombalanýar, hassahanalar, mekdepler, metjitler ýaly jemgyýetçilik binalary ýumrulýar.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Paýtagt Damaskdaky geografiki ýerleşişi taýdan hökümete gönüden howp salýan strategik ähmiýete eýe bolan Gündogar Guta etrabyny almak we oppozisionerlerden saplamak hökümet üçin iňňä möhüm. Urşuň başyndan bäri 7 ýyllap gabaw astynda bolan Gündogar Guta etraby soňky tapgyrda Türkiýäniň we Russiýanyň ylalaşmagy netijesinde iş ýüzüne geçirilen Astana gepleşiklerinde çaknyşyksyz zolaklardan biri hökmünde yglan edilipdi. Emma hökümet we ony goldaýan Russiýa bilen Eýran sebitdäki terror guramalaryny bahana edip, sebiti nyşana almaga başlady. Agyr bombardymanlardan soň sebitdäki oppozisionerler hem soňky döwürde Russiýanyň töwellaçylyk etmeginde boýun egmäge we Siriýanyň demirgazygyna tarap göçürilmäge başlandy.

İlatyň göçürilmegi bilen Gündogar Gutadaky Duma etrapçasy Jeýs Al Yslamyň gözegiliginde galdy. Jeýs Al Yslam bilen hökümetiň wekilleriniň arasyndaky gepleşiklerde Russiýa töwellaçylyk etdi. Russiýa bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda Jeýs Al Yslam etrapda polis güýji hökmünde tertip-düzgini ýola goýmalydy. Emma şol ylalaşyk Siriýanyň hökümeti tarapyndan kabul edilmedi. Jeýs Al Yslamyň Dumadan çykmagy kabul etmezligi sebäpli gepleşikler bes edildi. Şol günlerde-de Duma himiki hüjüm guraldy. Himiki ýarag bilen guralan hüjüm sebäpli asuda ilatdan köp sanly adam pida boldy, Jeýs Al Yslam hem himiki hüjümden soň Siriýanyň demirgazygyna göçmegi kabul etmäge mejbur boldy. Bir tarapdan Dumada galmagyň gymmaty himiki hüjümden soň hasam agyrlaşdy. Beýleki tarapdan himiki hüjümden soň asuda ilat gorkdy we ilatyň gorkmagy sebäpli Jeýs Al Yslam göçmek barada ylalaşmaly boldy. Siriýanyň hökümeti himiki hüjüm bilen Damaskyň merkezindäki oppozisionerleriň bazasynyň göçürilmegini gazandy.

Eger ylalaşylmadyk bolsady Dumany almak üçin guraljak harby operasiýanyň netijesi iňňän agyr bolardy. Duma etrapçasynda Jeýs Al Yslamyň uzak möhletden bäri goranyş liniýasyny gurandygy, ýarag ammarlarynda köp sanly ok-däriniň we agyr ýaraglaryň bardygy mälimdi. Şeýle-de siriýaly oppozisionerleriň hatarynda Jeýs Al Yslam harby mümkinçiligi bilen tanalýardy. Esasy bölegi ozalky harbylardan emele gelýän Jeýs Al Yslamyň Dumada gabaw astyndaky goranyşy hökümet üçin gymmata düşerdi. Şeýlelikde Duma meňzeş Daraýýa şäherini almak üçin hökümet birnäçe aý dowam eden harby operasiýa guramaly bolupdy. Hökümetiň gurandygy aýdylýan himiki hüjüm şeýle agyr netijeleri azaltdy we gysga möhletde netije berdi. Himiki ýarag ulanmak ynsanperwerlik ýörelgelerine  bap gelmeýän hem bolsa soňky hüjüm hökümet üçin ýeňiş manysyny aňladýar.

Siriýanyň hökümetiniň himiki ýarag ulanmagynyň netijesi halkara derejesinde reaksiýa döretmän halatynda hökümet üçin gymmaty iň pes çözgütdigini aýtmak ýalňyş bolmasa gerek. Urşuň başlamagyndan bäri 215 gezek himiki ýarag ulanan Siriýanyň hökümetiniň halkara jemgyýetçiliginiň ünssizliginden peýdalanyp, ýaňadandan şol ýola ýüz tutandygy öňe sürülýär. Aýratynam diplomatik taýdan BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşinde Russiýanyň goldawyna bil baglaýan hökümet, harby taýdan-da Russiýa tarapyndan goralýandygyny nazarda tutup şeýle ýola baş goşan bolsa gerek. Adamkärçilik gymmatlyklaryny bir gyra goýlan we halkara jemgyýetçiliginiň perwaýsyz bolan şertlerinde Siriýanyň hökümeti taýdan Duma üçin iň ýerlikli çözgüdiň himiki hüjümdigini aýdyp bileris.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar