“Zeýtun Şahajygy” Operasiýasynyň Syýasy Netijelerine Syn

“Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň Demirgazyk Siriýada emele getiren täze güýç deňagramlygy Siriýa meselesiniň syýasy çözgüt tapgyryna-da täsirini ýetirer.

“Zeýtun Şahajygy” Operasiýasynyň Syýasy Netijelerine Syn

Türkiýäniň Siriýanyň Afrin etrabynda ornaşan ÝPG güýçlerini ýok etmek üçin başladan “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy tamamlandy. Operasiýanyň birinji aýy kynçylykly geçen hem bolsa ÝPG-niň serhetýakasyndaky garşylygynyň böwsülmegi bilen birlikde operasiýanyň depgini güýçlendi we gysga möhletde Afrin gurşawy tamamlandy. Şol tapgyrda ÝPG terrorçylary çetki obalardan Afriniň merkezine tarap yza çekildiler. ÝPG-niň Afriniň merkezinde şäher söweşine taýarlanýandygy çaklanylýardy. Emma ÝPG şäher merkezinde-de hiç hili garşylyk görkezip bilmedi we Afrin tas çaknyşyksyz diýlen ýaly Türk ýaragly güýçleriniň we Azat Siriýa goşunynyň gözegçiligine geçdi.

“Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň harby tarapy barada köp sanly analiz berildi. Emma Afriniň Türkiýäniň gözegçiligine geçmeginiň mundan beýläk Siriýa meselesiniň şertleri, Türkiýäniň ÝPG-ä garşy göreşi, Siriýada Türkiýe-ABŞ bäsleşigi ýa-da hyzmatdaşlygynyň ýüze çykarmagy ähtimal täsirleri, ÝPG-niň milli we halkara hyzmatdaşlyklaryna ýetirjek täsirleri hem şonça möhüm.

“Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň Türkiýe taýdan möhüm netijesi harby ýüzöwürdijiliginiň üpjün edilmegi boldy. “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen deňeşdirilende has kynçylykly sebitde, has köp sanly terrorçy bilen göreşmeli bolan türk goşuny gysga möhletde we az ýitgi bilen operasiýany tamamlady. Harby mümkinçiligini görkezen we ondan peýdalanma ygtyýaryny görkezen Türkiýäniň Munbiçde we Ýefrat derýasynyň gündogarynda ÝPG bilen boljak göreşde pozisiýasynyň güýçlenjekdigi mälim. Ähli zatdan ozal ABŞ türk goşunyna hiç hili garşylyk görkezip bilmedik ÝPG-ni haçana çenli gorap biljekdigini serjermeli bolsa gerek. Bu täze şertler ABŞ-ny iki görnüşde hereket etmäge gönükdirer. ABŞ birinji alternatiw hökmünde Türkiýäni kanagatlandyrmak üçin Munbiç meselesinde egilşik edip biler. İkinji alternatiw bolsa Munbiçde ÝPG-ä berýäň goldawyny güýçlendirip biler. ABŞ-niň ikinji alternatiwi saýlap almagy ähtimal. Eýsem ABŞ ÝPG-ni Afrinde bolşy ýaly Munbiçde-de gorap bilmän halatynda guramanyň elden gitjekdigini bilýär. ÝPG hakykatdan hem Munbiçde Türkiýe bilen ABŞ ylalaşan halatynda Eýrana tarap gönükmegi pikir edip biler.

Arap ilatyň ÝPG-ä bolan garşylygy

“Zeýtun Şahajygy” operasiýasy ÝPG-niň Munbiçde we Ýefrat derýasynyň gündogaryda araplar bilen edýän hyzmatdaşlygyny hem üznükli ýagdaýa getirer. ÝPG-niň Siriýanyň demokratik güýçleriniň çäginde araplar bilen edýän hyzmatdaşlyklary onsuz hem bähbit hem-de arap taýpalarynyň ýerli howpsyzlyklaryny kepillendirme isleglerine esaslanýar. ÝPG-niň arap ilatynyň köpçülikleýin ýaşaýan ýerlerinde legallygynyň bolmandygy bilinýär. Esasanda Munbiç Siriýadaky dartgynlyk başlaly bäri hökümete garşy pozisiýasy bilen tanalýan şäher we henizem Azat Siriýa goşunynyň hatarynda munbiçliler köplükde. Şeýlelikde ÝPG-niň “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy bilen ýüze çykan ejizligi Munbiçdäki garaýyşlary özgertse gerek. Onsuz hem birnäçe wagtdan bäri Munbiçde halkyň bir bölegi ÝPG-ä garşy ýörişler geçirýär. Geljekde-de şeýle wakalaryň ýaýbaňlanmagyna garaşylýar. Munbiçde ÝPG-ä garşy herekete geçmek üçin pursat gözleýän gatlaklar Türkiýäniň Munbiç meselesinde egilşiksizdigini görmek we şoňa laýyklykda çemeleşmek isleýär. “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy Türkiýäniň diskursyny däl, eýsem harby güýjünden peýdalanma ygtyýaryna eýedigini görkezmegi we ÝPG-niň garşylyk görkezmäge hiç hili mümkinçiliginiň bolmandygy taýdan iňňän möhüm. Halkara basyşlaryň hem Türkiýäniň öňüne böwet bolup bilmejekdigi görüldi.

ÝPG-niň Afrinde ýeňilmegi ýaly ýeňiliş görnüşi hem möhüm. “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň birinji tapgyry hasap edilmände tas hiç hili garşylyk görkezmedik, söweşme ygtyýary galmadyk we şäher merkezinden gaçyp gutulan gurama düşünjesi ýüze çykdy. Ol ÝPG-niň içindäki siriýaly güýçlerinde özlerini PKK-nyň sebitleýin maksatlaryna gurban etmezlik düşünjesini döredip biler. Onuň tebigy netijesi geljekde ÝPG-niň düzümindäki PKK terrorçylary we siriýaly güýçler görnüşinde bölünşige sebäp bolmagydyr. Bu argumenti goldaýan görkeziji Afriniň merkezinde ÝPG-niň nähili hereket etmelidigi barada PKK-nyň ýolbaşçylary bilen ýerli terrorçylaryň arasynda ýüze çykan düşnüşmezlikdir. PKK-nyň ýolbaşçylary soňky güne çenli Afrinde söweş çagyryşyny beren bolsa, Afrindäki PKK terrorçylary söweşmegi saýlap alan bolsa ýerli terrorçylar gaçmagy saýlap aldy.

 

Russiýa-Türkiýe hyzmatdaşlygy hasam güýçlenip biler

“Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň Demirgazyk Siriýada ýüze çykaran täze güýç balansy Siriýa meselesiniň syýasy çözgüt tapgyryna hem öz täsirini ýetirer. Türk ýaragly güýçleri bilen bilelikde siriýaly oppozisionerler hem demirgazykda barha güýçlenýän faktor hökmünde öňe saýlanýar. İdlibde “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň tamamlanmagy bilen ýedinji gözegçilik nokady döredildi. 12 gözegçilik nokadynyň tamamlanmagy bilen Idlibde orta möhletde oppozisionerleriň gözegçiligi kepillendiriler. Şeýlelikde Jarablusdan başlap Jisr Aş Şugura çenli uzap gidýän giňişlikde Azat Siriýa zolagy emele geler. Türkiýäniň hemaýaty astyndaky şol zolak syýasy çözgüt stolunda hökümetiň egilşik etmegä açyk bolmagyny üpjün eder.

Afrinden soň Siriýada Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň depgini hem güýçlenip biler. Türkiýe ABŞ bilen Munbiç meselesinde ylalaşyk gazanman halatynda tapgyrlaýyn ýagdaýda şähere edýän basyşyny artdyrar. Afrinden soň Türkiýäniň ÝPG bilen bolan göreşi Russiýa tarapyndan goldaw tapyp biler. Eýsem indi nyşana alynan ÝPG-ä degişli zolaklar şol bir wagtda ABŞ-nyň pozisiýasynyň güýçli bolan ýerleri. Russiýa, hökümet we Eýran bilen bilelikde Siriýanyň gündogarynda ABŞ bilen bolan bäsleşigi barha dartgynlaşýar. Hökümetiň tarapynda durýan güýçler Deýrez Zorda birnäçe gezek SDG-ä degişli ýerlere hüjüm guramaga synanşan hem bolsa ABŞ-nyň berk garşylygyna sezewar boldy. Emma Türkiýäniň Munbiçe edýän basyşyny güýçlendirmegi ABŞ-na edilýän basyşy artdyrjakdygy üçin olar tarapyndan hem goldanyp bilner.

ÝPG-niň Afrinde gözegçiligi elden gidermegi bilen Russiýa bolan harby garaşlylygy galmady we gurama dolulygyna ABŞ-nyň hemaýaty astynda. Şeýle-de ÝPG “Zeýtun Şahajygy” operasiýasyna razylyk bermegi sebäpli Russiýa hem jogapkär saýýar. Şol sebäpli ýakyn geljekde Russiýa-ÝPG gatnaşyklary hem gowşar we ol hem Türkiýäniň Russiýa bilen hyzmatdaşlyk şertlerini güýçlendirer, Türkiýe-ABŞ dartgynlygyny möwjeder.

Russiýa Afrin meselesinde Türkiýäni goldaýjy pozisiýa eýeledi. Emma onuň Siriýadaky hyzmatdaşlary bolan Eýran we hökümet taýdan beýle däl. Hatda Eýranyň Afrin meselesindäki pozisiýasy sebäpli Russiýadan nägiledigini aýdyp bileris. Onuň anyk görkezijisi “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy dowam edýärkä hökümetiň tarapynda durýan we Eýran tarapyndan goldanýan söweşijileriň ÝPG-ni goldamak üçin Afrine barmagy boldy. Şol başlangyç Russiýa tarapyndan bilýan hem bolsa razylygy we goldawy bilen edilmedi. Russiýanyň Türkiýe bilen Eýranyň arasynda tarapsyz galmagy harby üstünlige eýe bolan Türkiýäniň pozisiýasyny güýçlendirdi we Türkiýe ÝPG-liler bilen birlikde olary goldan şaýy partizanlary hem nyşana aldy. Şeýlelikde Eýranyň göçümi puja çykdy. Russiýanyň şol pozisiýasynda Türkiýe bilen Siriýadan daşarda dowam etdirilýän hyzmatdaşlygyň täsiri güýçli. Emma Russiýa Siriýada pozisiýasy güýçlenýän Eýrana garşy Türkiýäniň deňagramlaşdyryjy güýjünden peýdalanmak isleýäne meňzeýär. Eýsem Afrindäki şertler Idlibde-de başdan geçirilýär. Idlibde gözegçilik nokatlaryny döretmek üçin öňe barýan türk goşuny Eýran tarapyndan goldanýan partizanlaryň hüjümine sezewar bolýan bolsa, Russiýa gözegçilik nokatlarynyň açylmagyny goldaýan ýaly.

Siriýanyň demirgazygyndaky täze güýç deňagramlyklary

“Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň netijeleri Eýranyň we hökümetiň aladalaryny artdyrjaga meňzeýär. İndi Türkiýe Azat Siriýa goşuny bilen bilelikde Halapda hökümetiň gözegçiligindäki ýerlere edýän basyşyny güýçlendirdi. Astana tapgyry sebäpli taraplaryň arasynda çaknyşygyň bolmagyna garaşylmaýan hem bolsa iki tarap hem biri-birleriniň niýetlerine ynanmaýar. Eýran esasanda özüne tabynlykdaky partizanlaryň gözegçiligindäki Nubul we Zahra atly ilatly ýerlere howp abanýandygyny pikir edýär.

Eýranyň we hökümetiň ÝPG/PKK-a bolan çemeleşmesinde bolsa guramanyň mundan soň Munbiçde hem-de Ýefrat derýasynyň gündogarynda nähili pozisiýa eýelejekdigi kesgitleýji bolar. Bar bolan hyzmatdaşlyklara laýyklykda garalanda Türkiýäniň Munbiçde we Ýefrat derýasynyň gündogarynda basyşyny güýçlendirmegi, adybir taraplary hoşal eder. Emma Amerikan howpynyň beýleki bir howp bolan Azat Siriýa goşuny bilen öwez edilmegi hem saýlanyp alynmasa gerek. Munbiçde we Ýefradyň gündogarynda  ABŞ-ÝPG hyzmatdaşlygynyň dowam etmegi Türkiýe-Eýran ugtaşyklygy üçin şert döredip bier. Emma Eýran we hökümet ÝPG-ni öz tarapyna çekmegi saýlap almak isläbem biler. Şeýle hyzmatdaşlyk Afrinde görüldi. ABŞ-nyň şaýylary Siriýada esasy howp hökmünde görýändigine garamazdan olar ÝPG partizanlary bilen bilelikde göreşmegi ABŞ-da käbir şübheleri ýüze çykaran bolsa gerek. ABŞ ÝPG-ni Munbiçde-de gorap bilmän halatynda guramanyň Eýranyň tarapyna geçme ähtinallygyna göz ýetirýän bolsa gerek. Şeýle ssenari Türkiýe-ABŞ ýakynlaşmasyny ýany bilen alyp geler. Türkiýe bolsa hyzmatdaşlyklaryny nähili kesgitlejekdigi meselesinde aç-açan. Türkiýe ÝPG bilen bilelikde hereket edýänleriň ählisini howp hökmünde kabul edýär.

(Oýtun Orhan, Ýakyn Gündogar Strategik Barlaglar Merkezinde (ORSAM) hünärmeni)



Degişli Habarlar