Ahad Tamimi bir çaga, ony boşadyň meni alyň

Aklawçy Gülden Sönmez Adam hukuklaryny goraýjysy

Ahad Tamimi bir çaga, ony boşadyň meni alyň

Aklawçy we Adam hukuklaryny goraýjysy Gülden Sönmez “Ahady boşadyň meni alyň” atly açyk teklipli hat ýazdy.

Sönmez hatynda Palestinaly gyzyň kazyýete gandally getirilmegini ýazgardy.

“ähli dinlerde we iedalogiýalarda söweşiň hem özüne görä hukugy we ahlagy bardyr” diýen Sönmez “Söweş döwründe hem çagalar el degrilmesizdir we goralýar. Çagalary tussag etmek bilen adamzada garşy jenaýat edýärsiňiz” diýen hatynda  Ysraýyla “Size Palestinaly ähli çagalaryň we eger bar bolsa syýasy maksatly tussag edilen ýehudi çagalaryň boşadylmagy üçin çagyryş berýärin. Ahad Tamimi boşatmaňyzyň we ýaňadandan tussag etmejekdigiňiz barada söz beren halatyňyzda men size boýun egmäge taýar” diýip çagyryş berýär.

Ysraýylyň ilçihanasyna açyk çagyryş.

Ahad Tamimi bir çaga, ony boşadyň meni alyň.

Palestinaly gyzjagaz Ahad Tamimi 2017-nji ýylyň 18-nji dekabry gije Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan öýünde mahaly ejesi bilen birlikde göz tussaglygyna alynýar. Şol günden bäri birnäçe gezek Ysraýylyň harby kazyýetine çykarylýar. Ahad Tamimi bir çaga. Dünýäde deňi taýy görülmedik ýagdaýda Haby jenaýat işine çekilýär. Dünýäniň çar tarapynda Ahad Tamimiň we beýleki palestinaly çagalaryň tussag edilmegine garşy ähli adam hukuklary guramalary bilen birlikde beýleki guramalar hökmünde birnäçe gezek tussaglykdakylaryň boşadylmagy üçin çagyryş berdik. Emma gynansakda boşadylmady we şu gün 8 aý azatlykdan mahrum edildi. Ahad Tamim çagadygyna garamazdan kazyýete elleri we aýaklary gandally getirildi. Kazyýete bu ýagdaýda getirlen çaganyň tussaghanada başdan geçiren wakalaryna göz ýetirmek kyn bolmasa gerek.

Çagalary erkine goýberiň. Çagalary söweşiňizden çetde tutuň. Ähli dinlerde we idealogiýalarda söweşin hem özüne görä hukugy we ahlagy bardyr. Ähli dinlere görä söweş döwründe hem çagalar el degrilmesizdir we goralmalydyr. Kiçi ýaşdaky çagalary tussag etmek bilen adamzada garşy uly jenaýat edýärsiňiz.

Siz Ahadi boşadyň we meni alyň diýýärin.

Men Ysraýylyň basyp alyjy ýurtdygyna ynanýan Palestinanyň azatlygyny isleýän, Mawy Marmara gäminde Palestina üçin ýola çykan, Ysraýylyň bi düzgünçiliklerine garşy geçirlen ähli protest ýörişlerine gatnaşan we Ysraýyla garşy şygarlar aýdan, Ysraýyl tarapyndan “terrorçy” hökmünde yglan edilen adam hukuklaryny goraýjysy. Siziň adam hukuklaryny goraýjylaryny halamaýandyňyzy bilýärin we olary terrorçy hökmünde görýärsiňiz. Terror sözi meniň adymyň ýanyna gelişmeýär. Ömrümi adam hukuklaryna we hukuk göreşine bagyşladym. Emma siziň kagyz ýüzündäki hukugyňyz maňa “terrorçy” diýýär. Şonuň üçin hem meni tussag etmek siziň üçin hem Ahad tussag etmekden has möhüm bolsa gerek.

Size Palestinaly ähli çagalaryň we eger bar bolsa syýasy maksatly tussag edilen ýehudi çagalaryň boşadylmagy üçin çagyryş berýärin. Ahad Tamimi boşatmaňyzyň we ýaňadandan tussag etmejekdigiňiz barada söz beren halatyňyzda men size boýun egmäge taýar. Ol bir çaga. Kiçi çagalardan peýdalanyp söweşi çagalar arkaly dowam etdirmäň. Dünýäniň çar tarapynda halk siziň eden azamzat jenaýatyňyzdan utanýar we sizi näletleýär.

Teklibimi kabul etseňiz meniň bilen aragatnaşyk saklap bilersiňiz.

21.03.2018

Aklawçy Gülden Sönmez.

Adam hukuklaryny goraýjysy.



Degişli Habarlar