Aktual Analiz 09

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça syny...

Aktual Analiz 09

Siriýanyň paýtagty Damaskyň gündogarynda ýerleşýän we Jobar ýaly şäher merkezine degişli etrapçalary özünde birleşdirýän Guta etraby 2013-nji ýyldan bäri höklümetiň we hökümetiň tarapynda durýan partizanlaryň gabawy astynda saklanýar. Gündogar Guta etraby soňky wagtlarda hökümetiň we Russiýanyň esasy howa hüjümlerine sezewar bolan ýerlerden biri. 3 günüň dowamynda 250-den gowrak adamyň öldürilmeginden soň BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşi maslahat geçirdi we Siriýanyň ähli ýerinde hüjümleriň bes edilmegi barada ylalaşyldy. Emma BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň karary iş ýüzünde Siriýadaky urşuň we gündogar Gutadaky gyrgynçylygyň dowam edýändigi manysyny aňladýar. Hüjümlerde esasanda saglyk merkezleri bilen çörek bişirilýän kärhanalar ýaly halkyň azyk islegini kanagatlandyrýan ýerleriň bombalanmagy halkyň ýaşaýyş şertlerini hasam agyrlaşdyrýar.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Idlibde Astana tapgyryna laýyklykda Türk ýaragly güýçleri tarapyndan üç sany gözegçilik nokadynyň gurulmagyndan soň göräýmäge çaknyşyksyz şertler emele geldi. Astana tapgyrynda çaknyşyksyzlygyň üpjün edilmeli ýerlerinden Homs, Guta we Dera etraplarynda bolsa Türk ýaragly güýçleriniň gözegçilik nokatlary ýok. Ydlibde çaknyşyklaryň bes edilmeginden soň Siriýanyň hökümeti we hökümeti goldaýan toparlar güýçlerini gündogar Guta süýşürip, uly göwrümli operasiýalara başladylar.

Guryýer operasiýasynyň başlamagyndan ozal gündogar Guta etraby hökümetiň we Russiýanyň howa güýçleri tarapyndan bombalanýar. Russiýanyň we Siriýanyň hökümetiniň esger-asuda ilat tapawudyny goýmazdan edýän bombardymany Halapdaky şertlere meňzeş “ýer bilen ýegsan etme” strategiýasynyň iş ýüzüne geçirilýändigini görkezýär. Şol strategiýa laýyklykda gündogar Gutada hamala diýersiňiz gyrgynçylyk edilmeginden soň BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň maslahaty geçirildi. Russiýanyň weto howpy sebäpli Howpsyzlyk geňeşi netijesi bolmadyk hüjümleriň bes edilmegi barada umumy ylalaşyk yglan edildi. Terror guramalary DAIŞ we Al Kaýdanyň ylalaşyga degişli edilmegi, sanksiýa mehanizmleriniň döredilmezligi BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň kararyny jogapkärçiliksizleşdirýär.

Şeýlelikde Russiýa resmi taýdan Siriýada diňe DAIŞ-e we Al Kaýda garşy göreşýär. Emma iş ýüzündäki hakykat Russiýanyň parasatly oppozisiýany birinji nyşana hökmünde kesgitländigini we asuda ilat-esger tapawudyny goýmazdan bombardyman edýändigini görkezýär. Şeýle-de BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň hüjümleriň bes edilmegi baradaky karary bozulan halatynda hiç hili sanksiýa mehanizmini döretmezligi karary berjaý etmegi hamala diýersiňiz meýletinlik garaýyşyna esaslandyrýar.

Mundan başgada Russiýanyň gündogar Gutada Ahraruş Şam we Jeýs Al Yslam ýaly toparlaryň HTŞ bilen bilelikde hereket edýändigini we ylalaşygyň daşynda tutulýandygyny beýan etmegi BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň kararynyň ahli analizlere açyk bolandygyny görkezýär. Aslyna seredilende gündogar Gutada Jeýs Al Yslam bilen HTŞ-niň arasynda köp sanly çekeleşik bolupdy we Jeýs Al Yslam HTŞ-den köp sanly adamy tussag edipdi. Ahraruş Şam bolsa Russiýa şol beýanaty berýärkä İdlibde HTŞ-ä garşy operasiýa alyp barýardy.

Russiýanyň we Siriýanyň hökümetiniň gündogar Gutada guraýan hüjümlerini gyrgynçylyk hökmünde häsýetlendirmek ýerlikli bolar. Gündogar Guta gür ilatly etraplardan biridir. gabaw astynda bolan we gönüden nyşana alynýan ýüzlerçe müň asuda ilat hamala diýersiňiz gyrgyna berilýär.

Russiýa BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň kararyndan soň hamala “ýagşy niýetlisiräp” her gün gündogar Gutada ýerli wagt boýunça sagat 09:00 bilen 14:00 aralygynda “ynsanperwer ylalaşyk” yglan etdi. Yglan edilen ylalaşyk Asada tapynlykda güýçler we onuň ýaranlary tarapyndan ilkinji gününde bozuldy we gündogar Guta guralýan hüjümler dowam etdi. Gündogar Gutadaky Jemgyýetçilik goranyş toparlaryndan alynan maglumata görä Siriýanyň hökümeti ýerli wagt boýunça sagat 09:00 bilen 14:00 aralygynda yglan eden ylalaşygyna garamazdan Gündogar Gutany bombalamaga dowam etdi. Hökümet ýerli wagt boýunça sagat 09:30-da gündogar Gutadaky ilatly ýerlerden Dumany, Beýt Sawany we Merj etrapçalaryny top okuna tutmaga başlady.

Türkiýe bolsa Astana tapgyrynyň hemaýatkär ýurtlaryndan biri hökmünde gündogar Gutadaky çaknyşyklary şol tapgyr arkaly duruzmak üçin tagalla edýär. Astana tapgyrynyň çäginde Russiýanyň we Siriýanyň hökümetiniň gündogar Guta guraýan hüjümleriniň duruzylma ähtimallygy BMG-niň tagallalaryna seredilende has uly. Astana tapgyryndan netije alynýança Türkiýe häzirki wagtda Gündogar Gutadaky ýaralylaryň bejergisi we ynsanperwer kömekleriniň gündogar Guta ýetirilmegi ugrunda uly tagalla edýär.

Gündogar Gutada başdan geçirilýän agyr şertleriň öňi aslyna seredilende Siriýanyň içindäki çylşyrymly deňagramlylykdan, Russiýa bilen hökümetiň pozisiýasyndan zyýada; BMG-niň konstruktiw meseleleri sebäpli alynyp bilinmeýär. BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik bäş agzasy dünýä parahatçylygyna goşant goşmagyň ýerine öz bähbitlerine laýyklykda hereket edýär. Gündogar Gutadaky gyrgynçylyk belki azaldylyp bilner ýa-da şol ugurdaky tagallalar netijesiz galar. Emma BMG-niň gurluşy özgermän halatynda dünýä derejesinde şeýle pajygalaryň öňi alynyp bilinmez.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar