ABŞ-nyň PÝD/ÝPG-ä Berýän Goldawynyň Halkara Hukukdaky Orny

ABŞ DAEŞ terroryny ýok etmek maksady bilen Siriýadaky Türkiýä garşy terror hüjümlerini guraýan PKK-nyň ol ýerdäki bölegi bolan PÝD/ÝPG-ni guryýer güýçleri hökmünde yglan etdi

ABŞ-nyň PÝD/ÝPG-ä Berýän Goldawynyň  Halkara Hukukdaky Orny

ABŞ-nyň PÝD/ÝPG-ä Berýän Goldawynyň

Halkara Hukukdaky Orny

ABŞ DAEŞ terroryny ýok etmek maksady bilen Siriýadaky Türkiýä garşy terror hüjümlerini guraýan PKK-nyň ol ýerdäki bölegi bolan PÝD/ÝPG-ni guryýer güýçleri hökmünde yglan etdi. Şol çäkde ABŞ olara agyr ýaraglar bilen üpjün etmek we tälim berme syýasatyny saýlap aldy.

Bu çemeleşme terrorçylyga garşy göreş jähtinden ABŞ-nyň halkara hukuk kadalary bilen bilelikde BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň mesele baradaky kararyny äsgermeýändigini görkezýär. Şol çäkde 11-nji sentýabrdaky hüjümlerden soňky döwürde BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň 2001-nji ýylyň 28-nji sentaýabrynda 4385-nji mejlisinde kabul eden 1373 belgili kararyna[1] ser salynanda “terror aksiýalarynyň usullarynyň we praktikalarynyň BMG-niň maksatlaryna hem-de ýörelgelerine ters gelýändigi, şeýle-de terror aksiýalarynyň maliýeleşdirilmegi, meýilleşdirilmegi we onuň höweslendirilmeginiň hem BMG-niň maksatlaryna we ýörelgelerine gabat gelmeýändiginiň yglan edilendigi” görülýär.

Şeýle-de kararda “terror guramasynyň agzalarynyň tarapdar toplamagy bilen terrorçylara ýarag bermegini nazarda tutup; ähli döwletleriň terror aksiýalaryna goşulyşan adamlara ýa-da guramalara, işjeň ýa-da gowşak haýsy görnüşde bolsa bolsun, goldaw bermekden çetde durmalydygy” kabul edildi. BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň 2017-nji ýylda kabul eden 2370 belgili[2]  kararynda döwletleriň terrorçylary goldamaly däldigine üns çekildi.

Tema boýunça 2018-nji ýylyň 3-nji fewralynda “Anadoly” habarlar gullugynyň beren habaryna[3] ser salanymyzda Stambul uniwersitetiniň Hukuk fakultetiniň Jenaýat we Jenaýat Deňeşdirmeleri Hukugy kafedrasynyň müdiri Prof.Dr. Adem Sözüeriň terror guramasy PÝD/ÝPG-ä berilýän Amerikan goldawynyň BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň kararyna ters gelýändigi barada beýanat berendigi görülýär. ABŞ-nyň terror guramalaryndan birini ýaraglandyrmak we agzalaryna tälim bermek ýaly gönüden terrorizmi goldaýjy işlere girişendigini beýan eden Sözüer, onuň BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň kabul eden 1371 belgili we geçen ýyl ýyl bir agyzdan kabul eden 2370 belgili kararlaryna ters gelýändigini nygtaýar.

Degişli kararar bilen birlikde 1371 belgili kararyň gaýtadan tassyklanandygyny we döwletleriň terrorçylara haýsydyr bir görnüşde goldaw bermeli däldigi bilen birlikde döwletleriň terrorçylary ýarag üpjünçiliginiň öňüniň alynmagynyň ýörite nygtalandygyna üns çekilýär. Sözüer şol kararyň 7-nji maddasynyň agza ýurtlaryň milli, sebitleýin we halkara derejesinde halkara hukugyna laýylykda çaknyşyklaryň dowam edýän ýerlerinde döwletleri terrorçylaryň ýaraglandyrylmagyna garşy çäre görmäge çagyrýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Sözüer BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň 1371 belgili kararyna we halkara hukugynyň umumy kadarlaryna laýyklykda döwletleriň ýaraglandyrylan toparlar döredip, başga bir döwletiň serhetlerine hüjüm etdirmek üçin olary guramalaşdyrmakdan ýa-da oňa höwelendirmekden çetde durmagynyň mejburlygynyň bardygyny nygtap: “Şol sebäpli ABŞ-nyň ýerliksiz etmiş jogapkärçiligi sebäpli jogapkärçiligi ýüze çykyp biler. Şol jähtden Halkara Adalat Diwanyna ýüz tutma meselesi gün tertibine gelip biler. BMG-niň Howpsyzlyk Geňşinde weto hukugy bolan ABŞ-na we beýleki ýurtlara garşy sanksiýa goýmak barada karar kabul edilip bilinmeýär. Şol sebäpli Amerikan ýolbaşçylarynyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi üçin Ruanda ýa-da Ýugoslawiýa mysallaryndaky ýaly “ad hok” kazyýetlerini döretmek beýle mümkin däl. Şeýle bolan halatynda Türkiýäniň ýa-da başga bir ýurduň özüne garşy bolsun ýa-da bolmasyn, terror jenaýatlary öz ýurunda edilmedik hem bolsa jenaýat jogapkärçiligine çekme ugtyýary bar. Türkiýe hem PKK/PÝD-ä beren ýaraglary sebäpli Amerikaly ýolbaşçylary jenaýat jogapkärçiligine çekip biler” diýlen analizi berdi. Jenaýat hukugy taýdan ABŞ-nyň jogapkärçiliginiň terror guramasy PKK-nyň ýaran toparlaryna edýän “güýçli gözegçiligi” sebäpli ýüze çykyp biljekdigini beýan eden Professor Sözüer, ABŞ-nyň we Siriýanyň Halkara Jenaýat Kazyýetiniň agzasy däldiklerine hem ünsi çekýär. Şol çäkde şu günki güne çenli Wiýetnam, Owganystan, Yrak we Liwiýa ýaly ýurtlarda edilen harby/gumanitar jenaýatlar, köp sanly ýurtda guralan pajygaly agdarlyşyklar we Guantanamodaky gynamalar sebäpli ABŞ-ny Halkara jenaýat hukugy taýdan günärkärlejek mehanizmiň döredilmänligini nygtady.

Şu maglumatlardan we analizlerden ýola çykyp, terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi bolan PÝD/ÝPG-ä tälim, ýarag we ok-däri goldawyny beren ABŞ-nyň 1373 we 2370 belgili kararlar ýaly BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň terrozime garşy göreş boýunça kabul eden kararlaryny berjaý etmändigini aýdyp bileris.

Beýleki tarapdan ýakyn taryhymyza ser salanymyzda ABŞ-nyň şol hususda birmeňzeş düşnüşmezligi Nikaragua bilen başdan geçirendigi görülýär. Mesele resmi Waşingtonyň terror guramalary bilen hyzmatdaşlyk edendigi, tarapdarlaryna tälim berendigi, ýarag bilen üpjün edendigi we maliýeleşdirendigi üçin 1980-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda Halkara Adalat Diwanynyň (HAD) garamagyna hödürlendi. Diwan kararyny 1986-njy ýylda kabul etdi. Şol jähtden Diwanyň 1986-njy ýylyň 27-nji iýunynda kabul eden “Nikaraguada we Nikaragua garşy Harby we Hakynatutma Aksiýalar Işi” baradaky karary mesele bilen bagly möhüm nusga emele getirýär.[4]

1979-njy ýylda Nikaraguada çepçi Sandinista ynkylapçylary tarapynda sagçy Somoza hökümeti agdarlyp, täze koalisiýa döredildi. Şonuň netijesinde hâkimiýet başyna geçen Sandinisanyň ýolbaşçylygyndaky hökümet harby güýjüni artdyryp, döwrüň sosialist ýurtlary bolan Sowet Soýuzy we Kuba bilen ýakyn gatnaşyk açmaga başlady. Ol sosialist dünýä bilen göreşýän ABŞ-nyň bähbidine ters gelýändigi üçin Amerikan hökümeti Sandinisa garşy bolan ýaragly toparlara harby we logistiki goldawyň ýany bilen taktika we maglumat talimini beripdi. Nikaraguanyň hökümeti ABŞ tarapyndan goldanan toparlara garşy göreşde başarnyksyz bolandygy üçin Halkara Adalat Diwanyna  ABŞ-na garşy içerki işlerine goşulyşandygy we güýç ulanandygy sebäpli harby ýa-da ýarym harby işleri üçin jerime talap edip ýüz tutupdy.

Nikaragua ýüztutmasynda ABŞ-nyň BMG-niň we Amerikan Döwletleri Guramasynyň (OEA) kanunlarynda bar bolan kadalary bozandygyny öňe sürdi. ABŞ bolsa oňa Diwanyň BMG we OEA ýaly köp taraply şertnamalaryň düzgünleriniň bozulmagy barada kabul edilmegi ähtimal kararyň diňe bir iki tarapy däl, şol şertnama gol goýan beýleki döwletlere-de ýaramaz täsir ýetirjekdigi garaýyşy bilen garşy durupdy. ABŞ-nyň garaýyşyna görä Diwanyň ähli taraplaryň razylygy bolman halatynda şol işe seretmäge ygtyýar ýok. Diwan ABŞ-nyň öňe süren sebäplerinden ikinjisini saýlap aldy. Üçünji taraplaryň bar bolandygy üçin kazyýet işine BMG-niň we OEA-nyň düzgünleriniň bozulmagy taýdan seretmändi; emma halkara däp-dessur hukugyna we umumy buýrujy hukuga esaslanyp, halkara hukugynyň düzgünleriniň bozulyp, bozulmandygyny kesgitlemä ygtyýarlydygy barada höküm çykardy. Diwan şol usul bilen eden seljerişi netijesinde ABŞ-nyň aşakdaky üç hususda halkara hukugyň başlangyç kadalaryny bozandygy barada karar gelýär:[5]

  • Başga bir döwletiň özygtyýarlygyna güýç ulanmak arkaly goşulyşmak.

Diwanyň beýan etmegine görä ABŞ şol düzgün bozmany garşy toparlary ýaraglandyrmak, maliýeleşdirmek arkaly amala aşyrypdyr. Oňa esas hökmünde ABŞ tarapyndan goldanýan toparlaryň 1983-84-nji ýyllarda Puerto-Sandino, Korinto, Potosi, San-Žuan ýaly ýerlere guran hüjümleri, Nikaraguanyň howa giňişligini bozmagy, guryýer suw giňişliklerini we içerki suw giňişliklerini minalamagyny görkezdi.

  • Gumanitar hukugyň umumy kadalaryna bap gelmeýän aksiýalara höweslendirmek. Diwan şol çäkde Amerikan hökümetiniň aç-açan we anyk görnüşde goldan partizan urşunda psihiki operasiýa gurandygy baradaky anyk delillere ünsi çekipdir.
  • Özara dostluk, söwda we nawigasiýa ylalaşygynyň düzgünleri bozmak.

Diwan şol çäkde ABŞ-nyň Nikaragua goýan 1881-nji ýyldaky ykdysady we 1985-nji ýyldaky umumy embargosynyň şol özara ylalaşyga bap gelmeýändigini nygtapdyr.

Diwan şol sebäplerden halkara däp-dessur hukugyna esaslanyp ABŞ-nyň Nikaragua soň kesgitlenjek (17 milliard dollar) jerime tölemegi barada höküm çykarýar.

Nikaragua işinde Diwanyň 3-e garşy 12 ses bilen kabul eden karar käbir jähtlerden möhümdir. Diwan ilkinji nobatda ABŞ-nyň Nikaraguanyň hökümetine garşy durýan güýçlere ýarag, tälim, üpjünçiliň we maliýe goldawyny berendigini; şol goldaw bilen bilelikde Nikaragua Respublikasyna garşy güýç ulanyjy çäreler görüp, halkara hukuk kadalarynyň çägindäki “başga bir döwlete garşy güýç ulanmazlyk” borjuny berjaý etmändigini we Nikaraguanyň içerki işlerine goşulyşyp, garaşsyzlygyna zeper ýetirendigine karar berdi. Şol kararlardan mälim bolşy ýaly HAD ABŞ-nyň ýaragly başbozarlara goldaw berendigini we köp sanly ugurda kömek berendigini kesgitläpdir; şol sebäpli degişli aksiýalardan ABŞ-ny günäli saýyp, Nikaraguanyň hökümetiniň bähbidine kararlar kabul etdi. Bu, ilki bilen BMG-niň 2-nji maddasyndaky güýç ulanma gadagançylygyna bap gelmeýär we başga bir döwletiň içerki işlerine goşulyşmak manysyny aňladýar. Diwan hem ABŞ-nyň başga bir döwlete garşy güýç ulanmazlygy baradaky hukuk kadasyny Nikaraguada bozandygyna karar berýär.[6]

Diwan soň bolsa ABŞ-nyň başbozarlara beren goldawynyň göwrümini hem öwrenipdir we şol goldawyň ýaragly hüjüm derejesinde bolup bolmandygyny seljeripdir.Diwan bu meselede bolsa “ýaragly hüjüm” adalgasynyň diňe ýaragly güýçler tarapyndan guralan aksiýalardan ybaratdygyny beýan edip, başbozarlara ýarag, logistika ýa-da başga görnüşli goldawlary öz içine almaýandygyny beýan edipdir.

Diwan, döwletiň başga bir döwletiň ýurduna ýaragly toparlary ugratmagynyň ýaragly hüjüm guramak üçin ýeterlik boljakdygyny; emma şol toparlara ýarag kömeginiň berilmeginiň ýa-da goldaw berilmeginiň ýaragly hüjüm hökmünde kabul edilip bilinmejekdigini beýan edipdir. Şol sebapli şeýle kömekleriň diňe güýjüň ulanylmagyna ters gelýän we döwletleriň içerki işlerine goşulyşmak hökmünde kabul ediljekdigi nazarda tutulyp bilner. Nikaragua işi garşydaş toparlar ýa-da guramalara döwlet tarapyndan ýarag we goldaw bermegiň ýaragly hüjüm bilen deň görülmejekdigi we şeýlelikde onuň başga ýurtlara legal goranyş hukugyny ulanma ygtyýaryny bermeýändigi baradaky kararyň çykmagy sebäpli hem möhümdir.[7]

Diwanyň peýdalanan bu mantyk ulgamyny seljeren hünärmenler terrorçy toparlaryň ýa-da adamlaryň döwlet organy däldigine garamazdan döwlet tarapyndan goldanan ýa-da gönükdirilen halatynda resmi däl döwlet işgärine öwrülip biljekdigini beýan edýärler. Şol sebäpli döwlet; meýilleşdiren, gönükdiren ýa-da goldaw beren adamlary we guramalary tarapyndan guralan terror aksiýalaryndan şol aksiýalary hamala öz guramalary eden ýaly jogapkär bolarlar.[8] Emma, döwlete degişli bolmagyk güýçleriň guran aksiýasynyň döwlete degişli edilip edilmejekdigi meselesi hem seljermäge degişli bolup durýar. HAD bu taýda Nikaragua işinde ABŞ-nyň Sandinistanyň ýolbaşçylygyndaky hökümete we asuda ilata garşy hüjüm guran partizanlary ýarag bilen üpjün edendigini, maliýe we logistiki goldaw berendigini anyklapdyr; emma ABŞ-nyň şol işleriniň hüjüm häsýetinde däldigini beýan edip, partizanlara ýa-da olaryň guran hüjümlerine berk gözegçiligi bolan halatynda hukuky jogapkärçiliginiň boljakdygyna karar beripdir. Şonuň bilen birlikde güýçli gözegçilik derejesiniň çäkleriniň namelerden ybaratdygy boýunça kesgitlemesi hem ýok. Şeýle-de Diwan ABŞ-nyň hukuky jogapkärçiliginiň ýüze çykmagy üçin Nikaraguanyň ABŞ-nyň kontraslaryň guran operasiýalarda güýçli gözegçiligini subut etmäge mejburdygyny beýan edipdir.[9]

ABŞ kontraslaryň guramalaşmagyna, tälim almagyna, üpjünçiligine goldaw beripdir we kontraslary gönükdirip, käbir operasiýalaryň meýilleşdirilmegine gatnaşypdyr. Emma Diwan kontraslaryň guran aksiýalarynyň ABŞ-na degişli edilmegi üçin gerek bolan çägi diýseň ýokardan goýupdyr; ABŞ-nyň kontraslary berk gözegçilik astynda tutmandygyny we olaryň ABŞ-nyň iş ýüzünde organyna öwrülmändigine karar beripdir. Diwan kontraslaryň guran aksiýalarynyň ABŞ-na degişli boljak derejede ABŞ-na garaşly bolmadyklary sebäpli ABŞ tarapyndan aýlawly hüjümleriň guralmandygyna höklüm edipdir.

Jemläp aýdanymyzda döwletiň başga bir döwlete garşy aýaga galanlara ýarag kömegini bermeginiň we logistiki, maliýe, tälim, maglumat goldawyny bermeginiň BMG-niň konwensiýasynda bar bolan hem içerki işlere goşulyşmazlyk düzgünine hem-de güýç ulanmak gadagançylygyna bap gelmeýändigini; emma şol kömekleriň “ýaragly hüjüm” hökmünde kabul edilmejekdigini aýdyp bileris. Şeýlelikde şol ýollardan haýsydyr biriniň netijesinde bähbitlerine howp abanan döwletleriň legal goranyş hukugyna laýyklykda güýç ulanmaga haky ýok.[10] Şonuň bilen birlikde garşy gelmeklik şol garşy gelmeklige sebäp bolan döwlete jerime tölemek borjuny ýüze çykaryp biler. Onuň hem jerime tölemegä höküm edilen döwletiň halkara derejesinde abraýdan düşmegine sebäp boljakdygy äşgärdir.

Terrorçylara müňlerçe konteýner ýarag beren ABŞ-na garşy jenaýat işi gozgalan halatynda ilki bilen PÝD/ÝPG bilen PKK-nyň arasyndaky gatnaşygyň seljerilmegi ýokary ähtimallykdyr. 2016-njy ýylyň aprelinde ABŞ-nyň Goranmak ministri Aşton Karteriň Senatyň Ýaragly hizmatlar komitetinde senatorlaryň soraglaryna jogap berýärkä PKK bilen PÝD/ÝPG-niň gatnaşygy barada beren beýanaty mediada beýan tapypdy.[11] Senator Lindsaý Grahamyň “PÝD we ÝPG barada eşitdiňizmi?” diýlen soragyna “Hawa” diýip jogap beren Karter, Senatoryň: “Olaryň kim?” diýlen soragyna bolsa: “Kürt toparlar” diýip jogap beripdi. Grahamyň “ÝPG, PÝD-niň ýaragly bölümimi?” diýlen soragyna: “Hawa, dogry” diýip jogap beren Karter; Grahamyň “Habarnamalar olaryň PKK bilen gatnaşyklarynyň ýa-da iň bolmanda möhüm gatnaşyklarynyň bardygyny beýan edýär. Şol dogrumy?” diýlen soragyna hem “Hawa” diýip, jogap beripdi.[12] Grahamyň PKK-nyň Türkiýe üçin terror guramasydygyny beýan etmeginden soň Karter: “PKK diňe bir Türkiýäniň däl, ABŞ-nyň gözünde-de terror guramasy” diýýär. Karteriň çykyşynda beýan edenleri PKK-PÝD/ÝPG gatnaşygy barada resmi Waşingtonyň ýokary derejeden beren beýanaty hökmünde görlüp bilner.

Mesele barada “Posta” gazetinde 2018-nji ýylyň 7-nji fewralynda çap edilen makalada[13] Türkiýäniň terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi bolan PÝD/ÝPG-ä beren ýaraglary sebäpli ABŞ-na garşy jenaýat işini gozgamaga taýarlanýandygyny ýazan Nedim Şener, onuň gijä hem galynandygyny öňe sürdi. Şeýle jenaýat işi gozgalan halatynda terrorçylara ýarag beren ABŞ-nyň PÝD/ÝPG bilen PKK-nyň gatnaşygynyň bolmandygyny öňe sürjekdigini; emma PKK-PÝD/ÝPG gatnaşygy barada Amerikan hökümetiniň elinde-de habarnamalaryň bardygyny beýan etdi. Aslyna seredilende artykmaç delil gözläbem oturmak gerek däldigini beýan edýän Şener, 2016-njy ýylyň aprelinde Amerikan Senatynyň Ýaragly hyzmatlar komitetinde Senator Lindseý Grahamyň soraglaryna jogap beren ABŞ-nyň şol wagtky Goranmak ministri Aston Karteriň şol gatnaşygyny ykrar edendigini beýan etdi we şol çäkde ABŞ-nyň jezalandyrjak delilin Amerikan Senatynyň ýazgylarynda bardygyny sözleriniň üstüne goşdy.

Beýleki tarapdan soňky döwürde milli mediada mesele bilen bagly köp sanly habaryň bardygy görülýär.[14] Degişli habarlarda umuman ABŞ-nyň Siriýada terror guramasy PKK tarapdarlarynyň dolandyrmagyndaky ÝPG-ä beren goldawy bagly diskusiýalarda Türkiýäniň mamladygynyň halkara platformada gün tertibine getirilmelidiginiň beýan edilendigi nygtalýar we ABŞ tarapyndan ýarag kömegi we logistiki goldaw berilýän ÝPG/PÝD bilen PKK gatnaşygynyň subut edilenliginden ugur alyp, Amerikan hökümetiniň Amerikan konstitutsiýasyna görä jenaýat işländigi, onuň hem islenen halatynda jenaýat işiniň gozgalmagyna sebäp bolup biljekdigi beýan edilýär. Bu ýerde Barak Obamanyň prezidentligi döwründe Ak Tamda döredilen Terrorçylyga garşy göreş boýunça howpsyzlyky bölüminiň taýarlan habarnamasy ýatladylýar we habarnamada PÝD bilen PKK-nyň gatnaşygyna üns çekilýändigi nygtalyp, Amerikan konstitutsiýasyndaky “Sanawa goşulan terror guramalaryna goldaw bermek konstitutsion jenaýatdyr” diýlen hökümiň gün tertibine getirilip bilinjekdigi barada pikirleriň bardygy nygtalýar.

 

[1] BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň 2001-nji ýylyň 28-nhji sentýabrynda kabul eden karary üçin serediň. https://www.un.org/en/sc/ctc/specialmeetings/2012/docs/United%20Nations%20Security%20Council%20Resolution%201373%20(2001).pdf

[2] BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň 2017-nji ýylyň 2-nji awgustynda kabul eden 2370 belgili karary üçin serediň.

 https://www.un.org/press/en/2017/sc12938.doc.htm

[4] Akın Özçer, “Adalet Divanı ABD’yi Nasıl Mahkûm Etmişti?”, Serbestiyet, 06-njy fewral 2018.

http://serbestiyet.com/yazarlar/akin-ozcer/adalet-divani-abdyi-nasil-mahkum-etmisti-845450

[5] Akın Özçer, “Adalet Divanı ABD’yi Nasıl Mahkûm Etmişti?”, Serbestiyet, 06-njy fewral 2018.

http://serbestiyet.com/yazarlar/akin-ozcer/adalet-divani-abdyi-nasil-mahkum-etmisti-845450

[6] Case Concerning Military And Paramilitary Activities In And Against Nicaragua (Nicaragua V. United States Of America), International Court Of Justice, 27 Haziran 1986.

http://www.icj-cij.org/files/case-related/70/070-19860627-JUD-01-00-EN.pdf

 

[7] Eren Alper Yılmaz ve Orhan Irk, “Nikaragua Divan Kararları Işığında Kuvvet Kullanma Ve Meşru Müdafaa Sorunu”, Celal Bayar Üniversitesi Sosyal Bilimler Dergisi, Cilt:13, Sayı:2, Haziran 2015, s. 159.

 

[8] Ahmet Hamdi Topal, “Uluslararası Hukukta Devlet Destekli Terörizme Karşı Kuvvet Kullanma”, Doktora Tezi, Ankara Üniversitesi Sosyal Bilimler Enstitüsü, 2004, Ankara, s. 158

[9] A.a.e., sah. 165.

[10] Yılmaz ve Irk, a.g.m, s. 158

[13] Nedim Şener, “Aranan Delil ABD Senatosu’nda”, “Posta” gazeti, 7-nji fewral 2018.

http://www.posta.com.tr/aranan-delil-abd-senatosu-nda-nedim-sener-yazisi-1379577



Degişli Habarlar