Türkiýäniň daşary syýasatyna syn

Prezident R. T. Erdoganyň Watikana guran sapary

Türkiýäniň daşary syýasatyna syn

 

 

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan Papa Fransiskiň myhmany hökmünde Watikanda saparda boldy.

Biz hem gepleşigimiziň bu günki sanynda Prezident Erdoganyň Watikana guran sapary we saparyň Türkiýäniň daşary syýasatyna ýetirjek täsirleri barada maglumat bermekçi.

Atatürk uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky analizini dykgatyňyza ýetirmekçi.

Watikan we Katolik dünýäsi bilen Türkiýäniň arasyndaky  gatnaşyklarda ilkinji resmi wekilçilik Fatih Soltan Mehmet döwründe açyldy. Şeýlelikde Papalygyň Stambulda wekilhanasynyň bolmagy üçin mümkinçilik döredildi. 1959-njy ýylda döwrüň Prezidenti Jelal Baýaryň Watikan sapary bilen Papa Žean XXII bilen bolan duşuşygyndan soň 1960-njy ýylyň 11-nji aprelinde diplomatik gatnaşyklar başlady. Şol günden soň Türkiýede Watikanyň, Watikanda hem Türkiýäniň ilçihanasy açyldy.Türkiýäniň Watikandaky ilçihanasy 1962-nji ýylda öz işine başlady. Papa Paul VI Papa hökmünde Türkiýä ilkinji sapary gurady. 1979-njy ýylda Papa Žean  Paul II, 2006-njy ýylda Benedikt XVI we soňky gezek hem 2014-nji ýylyň noýabr aýynyň 28-30-y aralygynda Papa Fransisk Türkiýede saparda boldy.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Erdogan Papa Fransiskiň çakylygyna laýyklykda ýaňy ýakynda Rimde saparda boldy. Erdogan Watikandaky gepleşiklerinden soň Italiýanyň Prezidenti Mattarella, Premýer ministri Gentiloni we işewür adamlary bilen Türk-İtaliýan gatnaşyklary barada pikir alyşdy.

Prezident Erdpgan Papa bilen bolan duşuşygynda Türkiýe-Watikan gatnaşyklary, Iýerusalym bilen arabaglanşykly wakalar, sebitara meseleler, Siriýada başdan geçirilýän adamzat pajygasy, terror, daşary ýurt duşmançylygy we Yslamofobia garşy göreş ýaly meseleler barada pikir alyşdy.

Prezidentiň metbugat sekretarlygyndan Erdogan-Papa duşuşygy barada beýanat berildi. Beýanatda duşuşykda Amerikan hökümetiniň Iýerusalym kararynyň durmuşa geçirilmeginiň has howplydygyna üns çekilendigi nygtaldy.

Erdogan bilen Papa duşuşykda Iýerusalymyň BMG-nyň kararlary we halkara hukuk tarapyndan kesgitlenen statusynyň goralyp saklanmagynyň ähmiýetini nygtadylar.

Erdoganyň Watikana guran sapary simwoliki taýdan diýseň möhüm.  Erdogan 59 ýyl soň prezident derejesinde Türkiýeden Watikana ilkinji sapary gurady. Mundan başgada Katolik dünýäsiniň ruhany lideri Papa bilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin ýolbaşçysy Erdogan saparyň çäginde Iýerusalym meselesiniň ynjyklygyny ýene-de bir gezek gün tertibine getirdi.

Ýadyňyza düşýän bolsa ABŞ-nyň Prezident Tramp 2017-nji ýylyň 6-njy aprelinde İýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän karar kabul edipdi. Şol karara Prezident Erdogan berk garşylyk görkezipdi. Erdogan birnäçe ýurduň lideri bilen mesele barada pikir alyşdy. R. T. Erdogan Papa Fransisk bilen hem iki gezek mesele barada pikir alyşdy. Papa Fransisk Iýerusalimiň üç din üçin keramatlydygyna ünsi çekipdi we BMG-nyň kararyna laýyklykda Iýerusalimiň statusyna sarpa goýulmagy çagyryşyny beripdi. BMG-nyň Baş Assambleýasynda geçirlen sese goýulşykda ABŞ-nyň ýalňyz galmagynda bu garşylygyň täsiri bolan bolsa gerek. ABŞ-nyň parahatçylyga zeper ýetirýän şol kararyna garamazdan Watikan bilen ABŞ-nyň Iýerusalym meselesindäki ünsli çemeleşmesi musulman dünýäsi bilen günbatarly ýrutlaryň arasyndaky gatnaşyklarda uly dartgynlygyň öňüni aldy. Erdogan ABŞ-ny tankyt edýärkä beýleki tarapdan hem Ýewropanyň we hristiýan äleminiň hem Iýerusalym meselesindäki biynjalyklygyny beýan etdi.

Papa Fransisk wezipä başlan ilkinji gününden bäri açyk pikirleri, güler ýüzlüligi we içginligi bilen ünsleri özüne çekdi. Watikanyň Iýerusalym melesinde alyp barýan tutumy musulman dünýäsinde oňyn garşylandy. Bu tutum musulmanlar bilen katolikleri biri-birine has-da ýakynlaşdyrdy. Bu ýagdaý aslynda geň galdyryjy däl. Iýerusalim katolikler üçin hem keramatly ýerlerden biri. Şol sebäpli bilen ABŞ bilen Ysraýylyň bir taraply kararyny kabul etmekleri mümkin däl.

Erdoganyň Watikana guran sapary soňky döwürde Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň ýakynlaşmagy tagallasy we terrora garşy göreş taýdan hem diýseň möhüm. Papa Fransisk 2017-nji ýylyň mart aýynda ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleri bilen bolan duşuşygynda ÝB-niň 60 ýyllyň hassalygyny bejermek üçin täze garaýyşlaryň üstünde işlemelidigini aýdypdy

Häzirki şertlerde Ýewropa durnuklylyk, howpsyzlyk we bosgunlar meselesinde Türkiýe bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeli. Içerki meselelerini çözmekde kynçylyk çekýän ÝB, Siriýadaky we Yrakdaky krizisleriň çözülmeginde täsirli rol oýnap bilmedi.

Türkiýäniň terror guramasy PKK-ÝPG-ä garşy alyp barýan göreşine beriljek goldaw ÝB-Türkiýe gatnaşyklarynyň ösmegine iteri berer.

Erdogan-Papa duşuşygynda nygtalan Iýerusalim arkalaşygy Ýewropanyň Türkiýe bilen gatnaşyklaryny janlandyrmak üçin simwoliki başlangyç bolup biler.

Prezident Erdoganyň Watikana guran sapary Türkiýe Respublikasynyň we Prezident Erdoganyň parahatçyk, howpsyzlyk we dostluk baradaky arzuwlaryny açyk aýdyň beýan edýär.

Atatürk uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň Prezident Erdoganyň Watikana guran sapary hakyndaky analizini dykgatyňyza ýetirdik

 

 

 



Degişli Habarlar