“Türkiýe, ABŞ-dan nämä garaşýar?”

Ibrahim Kalyn Türkiýäniň ABŞ-dan garaşýan tamalaryny gürrüň berdi

“Türkiýe, ABŞ-dan nämä garaşýar?”

 

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Türkiýäniň ABŞ-dan garaşýan tamalaryny gürrüň berdi.

Daily Sabah gazeti üçin makala ýazan Kalyn “Türkiýe, ABŞ-dan nämä garaşýar?” atly makalasynda ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä berýän goldawyny tankyt etdi.

Kalyn “Ynamsyzlygyň ortadan aýrylamgy üçin Amerikan hökümeti hem PÝD/ÝPG hem-de FETÖ meselesinde anyk tagalla etmeli. Şeýle bolman halatynda onlarça ýyllyk gatnaşyklarymyza we hyzmatdaşlygymyza uly zeper ýetirler. Ýaňy ýakynda geçirlen gepleşikler indi anyk netije bermeli”diýdi.

Makalasynda “ABŞ-nyň terror guramalary bilen däl eýsem hyzmatdaşlary bilen işleşmeginiň wagty geldi” diýen Kalyn resmi Waşingtona Munbiç meselesinde çagyryş berdi.

Kalyn “ABŞ, PÝD/ÝPG-den çetde durmaly we şol guramalary Munbiçden çykaryp Ýefradyň gündogaryna ugratmaly. Türk we Amerikan güýçleri ýerli halk bilen hyzmatdaşlyk edip Munbiçde howpsyzlygy ýola goýup biler. Jarablus-Çobanbeýlide hem edil şeýle boldy. Türkiýäniň Ýefrat galkany bilen DAİŞ-den saplan şol ýerlerinde ne DAIŞ, PÝD/ÝPG ne-de Asada tabynlykdaky güýçler bar. Munbiçde hem şeýle bolup biler. Türkiýe Zeýtun şahajygy operasiýasy netijesinde Afrinde hem edil şonuň ýaly howpsyzlygy ýola goýmagy maksat edinýär” diýdi.

Makalasynda Siriýada täze wekilçilik söweşiniň başladylmazlygynyň ähmiýeti barada durup geçen Kalyn “Demokratik Siriýanyň geljeginde Siriýa kürtleriň legal wekilçiligine ähmiýet berilmeli” diýdi.

 



Degişli Habarlar