PKK/KJK we PÝD/ÝPG gatnaşy barada ýurtlaryň beren maglumatlary baradaky beýanatlar

PÝD/ÝPG-niň PKK/KJK terror guramasynyň Siriýadaky bölegidigi birnäçe ýurduň merkezi razwetka we howpsyzlyk güýçleri tarapyndan kabul edildi

PKK/KJK we PÝD/ÝPG gatnaşy barada ýurtlaryň beren maglumatlary baradaky beýanatlar

PÝD/ÝPG-niň PKK/KJK terror guramasynyň Siriýadaky bölegidigi birnäçe ýurduň merkezi razwetka we howpsyzlyk güýçleri tarapyndan kabul edildi. Birnäçe ýurt tarapyndan berlen beýanatda ady agzalýan guramalaryň arasyndaki tebigy arabaglanşyk ýüze çykaryldy. Şol çäkde PÝD/ÝPG-niň terror guramasydygy we PKK bilen tebigy arabaglanşygynyň bardygy barada ýurtlaryň beren beýanatlary.

  1. ABŞ

DAIŞ-e garşy göreş bahanasy bilen Siriýada PÝD/ÝPG-ä ýarag, logistiki we talim goldawyny berýän ABŞ-nyň merkezi razwetka gullugy CIA-iň resmi internet saýtynda PÝD/ÝPG, PKK/KJK-nyň Siriýadaky bölegidigi nygtalýar. Ady agzalýan razwetka gullugynyň barlaglarynda PÝD/ÝPG Siriýada iş alyp barýan “daşary ýurt çeşmeli terror guramasy” hökmündeagzalýar.

Ady agzalýan saýtda PÝD-niň ozalky lideri Salih Müslimiň PKK/KJK-nyň Siriýadaky wekilidigi aýdylýar.

 

ABŞ-nyň 11-nji sentýabrdaky hüjümden soň terrora garşy göreşde utgaşyklyk maksady bilen döredilen Milli Anti-terror merkezi NCTC tarapyndan hem PÝD/ÝPG-niň PKK/KJK-nyň Siriýadaky bölegi hökmünde kabul edilendigi guramanyň internet saýtynda nygtalypdyr. Ady agzalýan beýanat soň näme üçindir saýtdan çykaryldy. CIA we NTJT tarapyndan kabul edilen şol beýanatlar bilen birlikde Obama döwrüniň Goranmak ministri Eştyn Karter hem Senatda geçirlen DAIŞ temalymaslahatda ÝPG bilen PKK-nyň arasynda arabaglanşygyň bardygyny boýun alypdy.

  1.  

ABŞ-nyň Döwlet sekretarylygynyň metbugat geňeşçisi Heather Nauert 2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda beren beýanatynda Afrin operasiýasy we Türkiýäniň sebitdäki tagallalary barada beren beýanatynda, sebitdäki PÝD terrorçylary üçin “ÝPG” diýmegiň ýerine “PKK” sözüni ulandy. Hiç zat bolmadyk ýaly sözlerini dowam etdiren Naurt “Türkiýe Siriýanyň demirgazyk günbatarynda DAIŞ-e däl eýsem PKK-a gönükdi. Ol ýerde durnuklylyk isleýäris” diýipdi

  1.  

ABŞ-nyň açyk aýdyň ýagdaýda ýardam berýän hatda hyzmatdaşy hökmünde görýän PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD-niň NATO-nyň 2013-nji ýyldaky maslahatynda terror guramasy hökmünde kabul edilendigi, ABŞ-nyň hem şol resminamany tassyklandygy ýüze çykdy. NATO-nyň çeşmelerine esaslanylýan maglumata görä, ABŞ we NATO agza beýleki ýurtlaryň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň iýun aýynda NATO-nyň karargähiniň ýerleşýän ýeri bolan Brýusselde NATO-nyň Strategik maglumat resminamasy taýarlanýar. Şol resminamada KJK we PKK bilen birlikde PÝD/ÝPG hem “terror guramasy” hökmünde ýer alýar. ABŞ hem şol resminamany resmi taýdan kabul edýär. NATO-nyň strategik maglumat resminamasy bolan MJ-160-da PÝD, PKK bilen arabaglanşykly terror guramasy hökmünde resmi taýdan bellige alynýar.

4.

Siriýa Demokratik güýçleriniň döredilmegi meselesinde ABŞ-nyň esasy ylmy barlag guramalaryndan biri bolan Aspen institutynyň Kolorado ştatynda geçirlen ýyllyk howpsyzlyk maslahatynda PÝD barada möhüm beýanat beren ABŞ-nyň Ýörite güýçleriniň serkerdesi goşun generaly Raýmond Thomas, Türkiýäniňterror guramasy PKK bilen arabaglanşygyny görendigi sebäpli ÝPG-ä “adynyň üýtgedilmegini” maslahat berendiklerini we şol sebäpli guramanyň adyny “Siriýa demokratik güýçleri” hökmünde üýtgedendigini aýdypdy. Thomas at çalşygynyň “ÝPG-niň ynamyny az hem bolsa artdyrandygyny” ýatladypdyr.ÝPG bilen PKK-nyň arasyndaky arabaglanşygyň kynçylyk emele getirýändigini ÝPG-lilere hem ýatladandygyny gürrüň beren Thomas “Olar öz markalarynyň üstünde işlemeli. Köne haryda, ýagny PKK bilen arabaglanşygyna tabyn bolmaga dowam eden halatlarynda käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler” diýip beýanat beripdi.

5. Britaniýa

Iňlis hökümet, Britaniýanyň Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar komissiýasynyň Türkiýe barada 2016-njy ýylyň mart aýynda taýarlan “Basyşmy, Kadalaşmamy? Türkiýe üçin karar wagty-halk deputatlary oňyn iňlis roluna goldaw berýär” söz başyly 79 sahypalyk habarnama beren jogabynda Türkiýäniň PKK-nyň hüjümlerine garşy özüni goramak hukugynyň bardygyny nygtapdyr. Terror guramasy PKK-niň Britaniýanyň terror guramalarynyň sanawynda ýer alýandygyna üns çekilen jogapda, PKK-niň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG barada hem “ÝPG Britaniýanyň terror sanawynda ýer alýar. Şol bir wagtda ÝPG-niň we syýasy topary PÝD-niň PKK-a bilen gatnaşyk etmegine alada bildirýäris. Bu mesele baradaky habarlar bilen ýakyndan gyzyklanýarys we PÝD bilen duşuşyklarymyzda gün tertibine getirýäris. ÝPG bilen PÝD-ni PKK-dan we terrorçylykly hüjümlerdan çetde durmaga çagyrýarys”diýilýär.

6.

Britaniýanyň ilçisi Riçard Moore terror meselesiniň we Siriýanyň başda durmagynda möhüm beýanatlar beripdi.

PKK-a garşy göreşde Türkiýaniň ýakyn dostunyň Britaniýadygyna ünsi çeken Moore “PKK terror guramasydyr. PÝD bilen onuň bilen arabaglanşyklydyr. PÝD-niň ofisinde Abdullah Öjalanyň portretlerini görüp bilersiniz” diýipdir.

7.

Britaniýanyň Ýakyn Gündogar ýurtlardan jogapkär ministri Alistair Burt bolsa terror guramasy PKK bilen PÝD-niň arasyndaky aragatnaşyklyk barada “Gatnaşyk edýändiklerini bilýäris. PÝD we ÝPG bilen bolan duşuşygymyzda PKK bilen gatnaşyk etmekden ýüz öwürmelidigini aýdýarys. Emma gatnaşyklaryny dowam etdirýän bolsalar gerek” diýip beýanat beripdi. Burt mundan başgada “ PKK bilen gatnaşyk etmeýäris emma onuň bilen arabaglanşykly meselelere alada bildirýäris we PÝD-ä hemişe PKK-dan çetde durmagy üçin çagyryş berýäris” diýipdi.

8.

Beýleki tarapdan Britaniýada ýaşaýan S. Ö atly şahsyýet Britaniýanyň kazyýet organlary tarapyndan PKK-nyň hataryna goşulyşjakdygy sebäpli 21 aý azatlykdan mahrum edilipdir. Ady agzalýan şahsyýet maşgalasyna ýazan hatynda we wideoda DAIŞ-e garşy göreşmek üçin Aýn Al Araba ýagny Kobana gitjekdigini we PKK-nyň hataryna goşuljakdygyny aýdýar. Britaniýanyň kazyýetiniň kabul eden karary hem PKK-a tabynlykdaky  PÝD/ÝPG-niň Siriýada iş alyp barýandygyny goldaýar.

9.

Germaniýa

Germaniýada 2018-nji ýylyň 4-nji fewralynda çykan habarlarda, Germaniýanyň Mejlisinde çykyş eden Çepçi partiýanyň egindeş baştutany Katža Kippinigiň Türk ýaragly güýçleriniň Afrin operasiýasyny ýazgarýandygyna we nemes hökümetiniň şol operasiýany ýazgarýan beýanat bermändigine garşylyk görkezendigi nygtalýar. Germaniýa üçin  Alternatif partiýa AFD-niň halk deputaty Petr Bystrenyň Afrinde öldürlen terrorçylar üçin Germaniýanyň Mejlisinde ýas tutan Çepçi partiýanyň halk deputatlaryna beren jogabynda, “Türkiýe, Germaniýa tarapyndan terror guramasy hökmünde ykrar edilen PKK-niň bölegi ÝPG-ä garşy söweşýär. Sizin derdiniz bolsa Marksist PKK-ly dostlaryňyzyň nyşana alynmagy. Legal bolmadyk toparlar arkaly pul ýygnap, ýarag alyp PKK-a ýardam berýärsiňiz” diýen sözlerler bilen terror guramasynyň simwoly bolan esgiler bilen mejlise gelmeklerine garşylyk görkezipdir.

10. Gollandiýa

2018-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türk ýaragly güýçleriniň  Siriýanyň Afrin etrabynda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasy barada beýanat beren Gollandiýanyň Daşary işler ministri Halbe Zižlstra BMG-nyň şertnamasynyň özüňi goramak baradaky 51-nji maddasyna ünsi çekmek bilen “Türkiýä garşy hüjümler guralýar. Türkiýäniň özüni goramagy üçin ýeterlik sebäpleri bar. ÝPG günäsiz däl. Gollandiýanyň hökümeti asla ÝPG-ä goldaw bermedi. ÝPG bilen PKK güýçli gatnaşyk edýär. PKK bolsa hem Gollandiýanyň hem-de Ýewropanyň terror guramalarynyň sanawynda ýer alýan terror guramasydyr”diýip belledi.

11.

Ispaniýa

PKK/KJK bilen PÝD/ÝPG-niň arasyndaky arabaglanşyk meselesinde Ispaniýanyň kazyýet organlarynyň kararlaryna ser salnanda;

Ispaniýanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan 2016-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda berlen beýanatda 8-i Ispaniýanyň, 1-i Türkiýäniň raýaty bolmak bilen jemi 9 adamyň terror guramasy PKK bilen arabaglanşygynyň bardygy sebäpli tussag edilendigi nygtalýar. Tussag edilenlerin Ýewropada birnaçe ýurtdan PKK/KJK-niň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG-niň hatarynda söweşmek üçin agza ýygnandygy Ispaniýaly ýolbaşçylar tarapyndan tassyklanýar. Ispaniýanyň kazyýeti tarapyndan 2017-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda kabul edilen aýyplownamada aýyplanýanlardan ikisiniň Siriýanyň demirgazygynda DAIŞ-e garşy göreşiň çäginde ýaragly talim alandyklary, PKK terror guramasynyň Siriýanyň demirgazygynda iş alyp barýan ýaragly bölegi ÝPG-niň hataryna goşulşandyklary, PKK tarapyndan berlen görkezmeleri ýerine ýetirendikleri we şol gurama tabyn bolan ÝPG-niň hatarynda çaknyşandyklary aýdylýar. Ispan döwleti tarapyndan kabul edilen şol karar PÝD/ÝPG-niň terror guramasy PKK/KJK bilen arabaglanşygynyň Ispaniýa tarapyndan kabul edilýändiginiň görkezijisidir.

 

 



Degişli Habarlar