PKK/PÝD-ÝPG WE DAEŞ GATNAŞYGY

Terror guramalary PKK/PÝD-ÝPG bilen DAEŞ-iň arasynda bolan çaknyşykdan soň özara bähbit gatnaşygyny ýola goýandygy ýüze çykdy

PKK/PÝD-ÝPG WE DAEŞ GATNAŞYGY

Terror guramalary PKK/PÝD-ÝPG bilen DAEŞ-iň arasynda bolan çaknyşykdan soň özara bähbit gatnaşygyny ýola goýandygy ýüze çykdy we şol gatnaşyk bilen bagly käbir maglumatlar açyk çeşmlelerde beýan tapdy.

Terror guramalary PKK/PÝD-ÝPG bilen DAEŞ-iň arasyndaky gatnaşyk bilen bagly iň anyk mysal; Terror guramalary PKK/PÝD-ÝPG-niň Rakka şäheriniň gözegçiligini ele alýarka terror guramasy DAEŞ bilen gazanan ylalaşygyna laýyklykda DAEŞ terrorçylarynyň şäherden awtobuslar bilen çykarylyş pursadyndaky fotosuratlaryň bolmagy. Terror guramasy DAEŞ tarapyndan 2014-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda basylyp alynan Rakka şäheri ABŞ bilen Halkara hyzmatdaşlygynyň ýarag, gury ýer we howa goldawy netijesinde Terror guramalary PKK/PÝD-ÝPG tarapyndan 2017-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda alyndy. Rakka alynýarka Terror guramalary PKK/PÝD-ÝPG bilen DAEŞ-iň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda; Rakkadaky DAEŞ terrorçylary ABŞ-nyň we Halkara hyzmatdaşlygynyň rugsady bilen awtobuslar arkaly Rakkadan çykarylyp Markada, Al Suwar we Deýrezzor etraplaryna getirildi. Şol ylalaşyk we terrorçylaryň çykarylmagy baradaky habarlar “BBJ-niň” habarçylary Quentin Sommerwille we Riam Dalat tarapyndan taýarlandy(1).

Rakkada Terror guramalary PKK/PÝD-ÝPG bilen DAEŞ-iň arsynda gazanylan ylalaşyk ABŞ-nyň we Halkara hyzmatdaşlygynyň ýolbaşçylary tarapyndan hem ykrar edildi. Pentagonyň metbugat sekretary Erik Pahon ylalaşygyň dolulygyna asuda ilaty goramak maksatlydygyny öňe sürüp; “Hyzmatdaşlarymyz bilen käte ylalaşman bileris, emma olaryň öz meselelerine çözgüt tapmagyna sarpa goýýarys” diýipdi. Halkara hyzmatdaşlygynyň metbugat sekretary polkownik Rýan Dillon hem twitter arkaly ylalaşygyň “syr” bolmandygyny beýan edipdi(2).

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkiýä boýun egen we soň Britaniýanyň “Taýms” gazetine interwýu beren SDG-niň metbugat sekretary Talal Silo, SDG-niň Rakkadan ozal şeýle ylalaşyga Menbiçde-de gelendigini beýan edipdi. Silo PÝD/ÝPG-lileriň Menbiçden giden DAEŞ terrorçylaryna öz gözegçiligindäki ýerlerden erkin geçmekleri üçin 200 dollardan başlaýan syýahatnamasyny satandygyny beýan etdi(3).

SDG-ni gönükdirýän Şahin Jilonyň ABŞ bilen ylalaşandygyny we Menbiçiň halas edilmeginden ozal 2 müň DAEŞ-liniň ýörite gorag bilen şäherden çykmagyna rugsat berilendigini aýdan Silo, SDG-niň we ABŞ-nyň DAEŞ-lileriň howpsyzlygyny üpjün edip, Jarablusa tarap gitmeklerine ýol bermekleriniň ABŞ bilen SDG-niň arasyndaky ilkinji ylalaşykdygyna ünsi çekipdi. Beýleki bir ylalaşygyň Ýefrat derýasynyň ugrundaky Tabka etrabynda gazanylandygyny beýan eden Talal Silo, Şahin Jilonyň terror guramalary PÝD/ÝPG-SDG-niň adyndan amerikalylar bilen duşuşandan soň DAEŞ-lilere howpsyz çykyş rugsadynyň berilendigini nygtady(4). Şu wakalara laýyklykda PÝD/ÝPG bilen DAEŞ-iň arasynda özara bähbit gatnaşygynyň açylandygyny aýtmak mümkin.

Talal Silo “Anadoly” habarlar gullugyna beren beýanatynda bolsa PKK-nyň Deýrezzordaky we Hasakadaky nebit känlerini dolandyrmagy bilen bagly soraga şeýle jogap berdi: “ÝPG we PKK 2012-nji ýylda Rumeýlandaky nebit guýularyny alandan soň dolandyrmaga başlady. Şol nebit ilkiler DAEŞ-iň gözegçilik edýän ýerleriniň üsti bilen eksport edilýärdi. PKK terrorçylarynyň Jizredäki maliýe işleriniň jogapkäri Ali Şeýr Kamyşlyda ýaşaýar. PKK-nyň ýolbaşçylary bilen gönüden gatnaşygy bar. Nebit boýunça şertnamalary baglaşmaga ygtyýarly adam. Gazanylan girdejileri diňe şol bilýär. Ol, PKK-nyň syrydyr. Ali Şeýr 2012-nji ýyldan bäri nebiti daşary satýar. Ozallar satuw diňe DAEŞ-iň gözegçiligindäki ýerleriň üstaşyr edilýärdi. Hökümetiň goşunynyň ofiseri Al Katyrjy PKK-dan nebit alýan umumy ýolbaşçy. Hatda Şahin Jilonyň hem onuň işine goşulyp bilmejekdigini aýtdylar. Nebit meselesi guramanyň syrydy. Sorap-idäp käbir maglumatlara eýe boldum. Satan nebitiniň puly Liwanyň banklarynda özlerine ýakyn käbir adamlaryň hasabyna geçirilýärdi. Soň pul Ýewropa geçirilýärdi. Adamlaryň ählisi PKK terrorçysy. Mesele iňňän uly. Günde ýüzlerçe tanker bilen nebit gatnadylýardy(5).

Terror guramalary PKK/PÝD-ÝPG-niň soňlar Deýrezzor tarapyndan basybalyjylykly işlere girişmekleri bilen terror guramasy DAEŞ-iň köp sanly strategik ýeri ýekeje ok atmazdan terror guramalary PKK/PÝD-ÝPG-ä bermegi üns çekijidir.

Terror guramalary PKK/PÝD-ÝPG-niň Deýrezzor şäheriniň gündogaryna guran hüjüminde; DAEŞ bilen ýaňadandan ylalaşdy. “Qasioun” habarlar gullugy tarapyndan mazmuny çap edilen ylalaşyk terror guramalary PKK/PÝD-ÝPG bilen DAEŞ-iň arasynda hüjümleriň bes edilmegi barada ylalaşyk gazanylandygyny ýüze çykardy. Gazanylan ylalaşyk bilen birlikde terror guramalary PKK/PÝD-ÝPG, DAEŞ-e degişli ýerlere guraýan hüjümlerini bes edip, DAEŞ terrorçylarynyň sebitinden çekilip, Siriýanyň gündogaryna gitmeklerinden soň Deýrezzor şäheriniň gündogar bölegini basyp aldy.

Siriýada Terror guramalary PKK/PÝD-ÝPG-niň basybalyjylygyna şert döretmeginden daşgary DAEŞ bilen Türkiýe duşmançylygy boýunça hem köp sanly gepleşikler geçirilýär. Häzirki wagtda Terror guramalary PKK/PÝD-ÝPG-niň Rakkadaky we Deýrezzordaky tussaghana diýilýän ýerlerindäki köp sanly DAEŞ terrorçysy Türkiýä garşy aksiýa guramaklary şerti bilen boşadylýar.

DAEŞ terrorçylary Türkiýä garşy aksiýalara işjeň gatnaşmaýan hem bolsalar, Türkiýäniň harby güýçleriniň ýerleşýän ýeri bolan İdlibe we “Ýefrat galkany” operasiýasynyň geçirilen ýerlerine dürli ýollar bilen baryp, Türkiýe üçin howp emele getirýär. Şeýle hem şol adamlar terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG tarapyndan halkara jemgyýetçiliginde Türkiýäni DAEŞ bilen ýakyn ýaly edip görkezmek üçin gara propoganda serişdesi hökmünde peýdalanylýar.

Terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy sebäpli Türk ýaragly güýçlerine we Azat Siriýa goşunyna garşy söweşmekleri şerti bilen Afrin tussaghanasyndaky DAEŞ terrorçylaryny boşatmaga başlady. Täze çykan habarlara seredilende PKK/PÝD-ÝPG-niň gidere ýeri galmadyk beýleki DAEŞ-lilerden peýdalanmak üçin olara täze bir durmuş wada berýändigi we käbirlerini Ýefrat derýasynyň gündogaryndan Afrine getirýändigi görülýär. Ýurduna dolanmadyk, emma söweşme we bomba ýasama ukyby ýokary bolan DAEŞ terrorçylarynyň PKK/PÝD-ÝPG tarapyndan seredilende we PKK/PÝD-ÝPG-niň özi üçin işlejek DAEŞ-lilere atlaryny terror sanawyndan çykarmagy wada berendigi hakykatdyr (6). PKK/PÝD-ÝPG-niň DAEŞ terrorçylaryndan peýdalanmak üçin edýän başlangyçlary şol terror guramalarynyň arasyndaky tarapdarlaryň bir tarapdan beýleki tarapa geçmeginiň nähili ýeňildigini görkezmegi taýdan hem möhüm. Şeýle bolan halatynda DAEŞ-e garşy göreş ady bilen ABŞ-nyň we Ýewropa ýurtlarynyň ýany bilen köp sanly döwletden goldaw alýan PKK/PÝD-ÝPG-niň ikiýüzliligini we bähbidine laýyklykda iň uly duşmany bilen hyzmatdaşlyk edip biljekdigini görkezýär.

PKK/PÝD-ÝPG; basyp alan ýerlerinde etniki saplaýyş etmek, sebitiň demografik gurluşyny özgertmek maksady bilen esasanda arap we türkmen ilatyny göçmäge mejbur edýär. Terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG; tussaghana hökmünde ulanýan ýerlerinde bolmagyny islemeýän DAEŞ terrorçylaryny hem göçmäge mejbur eden ilatynyň arasyna goşup, Türkiýä ugradýar. Şeýlede terror guramasynyň DAEŞ-e degişlidigi bilinýän toparlary Türkiýe-Siriýa serhedindäki gizlin geçelgeler arkaly (tuneller) Türkiýä geçirýär.

Beýleki tarapdan Amerikanyň “Nation” žurnaly 2017-nji ýylyň 9-njy fewralynda çap eden habarnamasynda PÝD(ÝPG-niň Siriýanyň demirgazygynda harby jenaýat edendigi we onlarça müň adamy ýurdundan jyda düşürendigi beýan edilýär. ÝPG-niň Siriýanyň demirgazygynda gözegçilik edýän ýerlerinde onlarça müň arap we kürt ilaty sürgüne mejbur edendigi, harby jenaýat edendigi barada nygtalýan habarnamada ünsi çekýän zat bolsa; ÝPG-niň sebitde DAEŞ bilen çaknyşmaýandygy, tersine çaknyşýan toparlaryň öňüni alyjy pozisiýa eýeleýändigi barada maglumat berilmegi (7). Şol jähtden habarnamanyň PKK/PÝD-ÝPG-niň DAEŞ bilen edýän hyzmatdaşlygyny nygtamaga synanşýandygyny aýdyp bileris.



Degişli Habarlar