Türkiýe-ÝB Gatnaşyklary: “Reset mümkin bolarmy?”

Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalynyň 3-nji noýabrda “Daily Sabah” gazetinde çap edilen makalasyny dykgatyňyza ýetirýäris

Türkiýe-ÝB Gatnaşyklary: “Reset mümkin bolarmy?”

Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň kadalaşmagy ýewropaly liderleriň mundan beýläk deňsiz we adalatsyz gatnaşyklaryň dowam etmejekdigini kabul etmegine bagly.

Türkiýe ÝB-ne agza bolmak üçin 2005-nji ýyldan bäri dalaşgär ýurt derejesine eýe. Türkiýäniň Ýewropanyň galan bölegi bilenbolan gatnaşyklarynda bir wagtlar tolgundyryjy we geljege umyt döreden täze bir sahypa hökmünde kabul edilen şol tapgyr, 12 ýyl ozal hiç kimiň pikir etmejek derejesindäki netijesizligi, dartgynlyklary hem ýany bilen alyp geldi.

Sebitleýin we halkara derejesinde başdan geçirilen düşnüşmezlikler we çökgünlikler Türkiýe bilen käbir Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary dartgynlaşdyrdy we ÝB-ne agzalyk tapgyryny bökdedi. Şübhesiz Türkiýe-ÝB gatnaşyklary “resetlenmeli”. Beýleki tarapdan ol, diňe iki tarapyň biri-birine adadalatly, sylaşykly we deň derejeli hyzmatdaş hökmünde çemeleşmegi bilen mümkin bolup biler.

Türkiýäniň adyna aýdylýan agyr tankydy bellikler gysga möhletli popülist bähbit getirip biler. Emma hiç kim üçin parahatçylygy, howpsyzlygy we abadanlygy kepillendirmez. Gysgaça aýdylanda başdan geçirilýän meseleler Türkiýäniň we Ýewropanyň serhetlerini aşýar we dowam edýän global çökgünlikler, ýumuryjy natiwizm, gözegçiliksiz rasizm we günsaýyn artýan umytsyzlyk döwründe musulman hem-de günbatar jemgyýetleriniň gatnaşyklaryna ýaramaz täsir ýetirýär. Yslam we günbatar dünýäsi tapawutlyklaryny ýeňip geçmek we adamzadyň umumy bähbitleri üçin işlemek üçin arkalaşman halatynda dünýä parahatçylygyny üpjün etmek, global derejede ýola goýuljak iki taraply sarpa goýmak we bilelikde ýaşamak medeniýetini ornaşdyrmak mümkin däldir.

Käbir Ýewropa ýurtlarynda Türkiýe duşmançylygy sagçy saýlawçylaryň göwnünden turýandygy üçin içeri syýasatyň esasy ugurlaryndan birine öwrüldi. emma 10 ýyl ozal möhüm mesele bolmadyk mesele hökmünde başlan bu hakykat, şu günki günde esasy akymyň bir bölegine öwrüldi. Aşa saga egilşik edýän, köşeşdiriji syýasat alyp barmagyň agyr netijeleri bolup biler. Aýdyp oturmagam gerek däl welin, Ýewropada görülýän Erdogan garşydaşlygy diňe bir Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklary dartgynlaşdyrman, şol bir wagtda ÝB-niň çäklerinde ýaşaýan millionlarça türk raýatyna-da zyýan ýetirýär.

Türkiýe şu günki günde ne 1963-nji ýylda, şol wagtky ady bilen Ýewropanyň Ykdysady Arkalaşygyna agza bolmak islän mahalyndaky Türkiýe, ne-de 1999-njy ýylda dalaşgär ýurt derejesine kabul edilen wagtyndaky ýurt. İlatymyz 1960-njy ýyllardan bäri 3 esse, milli girdejimiz 80 esse artdy.

Beýleki tarapdan käbirleriniň görmediksireýändigine garamazdan Ýewropa hem 2000-nji ýyllardakydan tapawutly. Häzirki wagtda gadymy materik neo-nasist radikalizm, populizm, bosgunlara, musulmanlara we başgalaryna garşy edilýän ýigrenç jenaýatlary bilen ýatlanýar. Ýewropada barha agyrlaşýan howpsyzlyk şertleri käbir Ýewropa döwletleriniň Türkiýä ÝB-ne agzalyk mümkinçiligini bermezlik ugrundaky tagallalary bilen birleşip, türk halkynyň ÝB-ne agzalyk tapgyryna goldawyny günsaýyn azaltdy.

Ýewropaly populistler medeniýetimizi, saýlanan liderimizi we bähbitlerimizi nyşana alan bolsa, Türkiýe yzgiderli häsýetde täze we oňyn çemeleşmeler üçin çagyryş etdi. Soňky gezek 2017-nji ýylyň aprelinde geçirilen konstitutsiýa özgertme girizmek baradaky referendumdan soň Prezidenr R.T.Erdogan Germaniýanyň Federal Kansleri Angele Merkel we käbir ýewropaly liderler bilen özara gatnaşyklarda täze sahypa açmak üçin duşuşyklar geçirdi. Erdogan şol duşuşyklary nemes hökümetiniň we käbir Ýewropa döwletleriniň terror guramalary PKK-nyň we FETÖ-niň ady belli agzalary bilen birlikde Ýewropada konstitutsion referorma garşy durýanlary goldap, Türkiýäniň içerki işlerine goşulyşandyklaryna garamazdan geçiripdi.

Referendumdan soň ÝB-niň ýolbaşçylary bilen Brýusselde geçirilen duşuşykda Prezidenr Erdogan Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň depginini güýçlendirmek isleýändiklerini ýene-de bir gezek nygtady. Emma Ýewropada aşa sagyň howply beýgelmegi bu ugurda uly bökdençlik döretdi.

Geçen aý Germaniýada geçirilen saýlaw ýene-de bir gezek Türkiýä we Prezident R.T.Erdogana garşy günsaýyn ýaýbaňlanýan ýigrenji hasam berçinleşdirdi. Emma ol hem radikal sagyň Ýewropadaky beýgelişini bökdäp bilmez.

Esasanda ozal Gündogar Germaniýada sagçy we çepçi radikal akymlar uly üstünlik gazandylar. Eýsem radikal akymlaryň nemes ykdysadyýetiniň şeýle ösýän döwründe şeýle üstünlik gazanmaklary ýoksullyk bilen radikallaşmagyň arasyndaky baglanşygyň analiz edilmegine hem sebäp boldy. Egilşik we köşeşdirme syýasaty mundan ýüz ýyl ozal işe ýaramandy we şu günki günde-de netijeli bolmagy üçin hiç hili sebäp ýok.

Biz ÝB-ne agzalygy syýasy, ykdysady we howpsyzlyk bilen bagly sebäplerde strategik maksat hökmünde kabul edýäris. Türkiýe günsaýyn howplanýan dünýäde Ýewropanyň howpsyzly üçin möhüm pozisiýa eýeleýär. Emma iki strandartlylygy, howplary we aç-açan duşmançylygy kabul etmäge razy däl.

Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň kadalaşmagy ýewropaly liderleriň mundan beýläk deňsiz we adalatsyz gatnaşyklaryň dowam etmejekdigini kabul etmegine bagly. Türk halkynyň demokratik isleglerine sarp goýmaga, Türkiýäniň saýlanan liderini hormatlamaga we Türkiýä deň derejeli hyzmatdaş hökmünde çemeleşmäge taýar bolsunlar.

Ol, Türkiýe-ÝB bosgunlar baradaky ylalaşyk we uzak ýyllar ozal türk raýatlaryna berilmegi Şengen bizasyz syýahat hukugy boýunça hem şeýle. Ýewropanyň beren sözlerinde durmazlygyny kiçijik tehniki mesele hökmünde ünsden düşürýärkä Türkiýäni oýuny bozmakda günäkärlemegi ýerliksizdir.

Ynam, iki taraply sarpa goýmaklyga we arkalaşyga esaslanýan gatnaşyk. Hem Türkiýäniň hem-de Ýewropanyň bähbitlerine hyzmat eder. emma ol bir taraply gatnaşyk däl we ony subut etme borjy hem diňe bir Türkiýäniň üssüne ýüklenmeli däl.

Eýsem ýewropalylar 21-nji asyryň hakykatlaryny göz öňünde tutup, gymmatlyklaryna we öz bähbitlerine zyýan ýetirýän Ýewropa merkezjiliği mirasynyn hötdesinden gelmek üçin bilelikde tagalla etmeli hem-de Türkiýäniň legal howpsyzlyk aladalaryna we bähbitlerine ünsli çemeleşmeli. Türkiýe-ÝB gatnaşyklaryny “resetlejek” täze klimatyň döremegi diňe adalat, deňlik, ynam we sarpa goýmak ýaly gymmatlyklaryň iki standartlylyk we syýasy oýunlaryň ýerine goýulmagy bilen mümkindir.

 



Degişli Habarlar