Dost-Doganlygyň Taryhy

Orhan Kemalyň Bereketli topragyň üstünde romany

Dost-Doganlygyň Taryhy

 

Orhan Kemal, 1914-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Adananyň Jeýhan etrabynda dünýä inýär. Kakasynyň syýasy garaýyşlary sebäpli çagalygy Siriýa we Liwiýada geçýär. Adana gaýdyp gelenden soň işçi, dokmaçy, ambar işçisi, kätiplik ýaly işlerde işleýär. 1939-njy ýylda esgerlikde wagty ýazan eserinde kommunizmi wagyz edýär bahanasy bilen günä ýöňkelip 5 ýyl azatlykdan mahrum edilýär.

Ömrüniň ahyrky döwürlerinde Bolgariýanyň we Rumyniýanyň bileleşikleriniň çakylygy bilen, çakylykdan ötüri, saglygyny bejertmek maksady bilen Sofiýa gidýär. 1970-nji ýylyň iýun aýynyň 2-ne saglygyny bejerdýän hassahanasynda beýnisine gan inip aradan çykýar.  

Altmyşdan gowrak roman ýazan ýazyjy “Kakamyň öýi” eserinde çagalyk ýyllary hakynda ýazan bolsa, “Bikärlik ýyllarym” eserinde özüniň ýaşlyk ýyllary hakynda ýazýar.

“Bereketli topragyň üstünde” romanynda bolşy ýaly eserleriniň agramly böleginde ezilen, garyp-gasar adamlary saýlap alýar. Şol adamlaryň durmuşlaryny, olaryň durmuşlarynda gabat gelýän kynçylyklaryny, içerki dünýälerini suratlandyran wagty kine etmän, olara duýgudaşlyk bildirip, umyda bil biglamak bilen eserlerindäki wakalary suratlandyrýar. Eserleriniň agramly böleginde, “Bereketli topragyň üstünde” romanynda bolşy ýaly ýaşan jemgyýetleriniň gurluşyndaky gapma-garşylyklary ussatlyk bilen suratlandyrmagy başarypdyr. Güçli synçylygyny, özüne mahsus bolan we sada beýan etmek usulyny ulanmak bilen häzirki günde hem köp okalýan we söýülýän eserleri döretmegi başarypdyr.

“Bereketli topragyň üstünde” romanynda bolşy ýaly eserlerinde çaltlyk bilen akyp geçýän wakalary we şol wakalaryň akyşyny suratlandyran mahaly, diňe bir wakalaryň akyşyna däl, eýsem-de şol wakalar bilen baglanşykly iki kişiniň arasynda geçýän gepleşikleri hem çeper ulanmagy başarypdyr. Bunuň şeýledigini, Adananyň degre-daşyndaky ýer eýeleriniň ekin meýdanlarynda we zawodlarynda işleýän işçileriň durmuşyny ele alýan we aşakda gysgaça mazmuny berlen “Bereketli topragyň üstünde” romanynda hem görmek bolýar.   

Her ýyl bolşy ýaly, bu ýylam orta Anadoludaky obada ýaşaýan erkekler, töwerekdäki iş tapyp bolaýjak sebitlere gidýärler. Ekip-diker ýaly ýerleriniň we gurallarynyň bolmandygy sebäpli güzeranlary şol sebitlere gidip, şol ýerlerdäki işlerine baglydy.

   Iflahsyzyn Ýusuf, Hasan Köse we Pehliwan Ali bilelikde ýola çykýarlar. Ýusuf bundan owal Siwasda lokomotiw deposynda işleýär, beýleki ýoldaşlaryndan kän zat bilýärdi. Onyň ýoldaşlary bolsa ömürlerinde birinji gezek şshere gidýärdiler.

 Otla minenlerinden soň senagat we iş sebti Çukurowa gelýärler. Bir zawodyň eýesi ildeşlerini gözleýärler. Şonyň kömegi bilen işe girýärler. Açyk meýdanda we arassa howaly ýerde işlemäge endik eden Köse Hasan dymyk we erbet ysly zawoda öwrenişip bilmän keselleýär. Jübisinde gara şaýy bolmandygy üçin söwda we myhmanhana saraýynda ölýär.

Dostlar zawodda işlän wagtlary, zawoddaky adalatsyzlykdan we Günlükçileriň başynda durýan we olara gözegçilik edýän adamyň salýan salgydyna çydaman gozgalaň turuzýarlar. Zawodyň eýesiniň ildeşleri bolandygy üçin olary gorar öýdýärler. Şeýle hem bolsa, ýagdaý olaryň pikir edişleri ýaly bolmaýar. Hojaýyn hem erbet niýetli adamlaryň arkasyny çalýar. Ikisi hem işden kowulýarlar.

  Ençeme günläp iş gözläp gezýärler. Işlemeseler bolar ýaly däldi. Pehliwan Ali, obasynda bir gyz bilen nikalanandy. Bäş manat gazanyp ekin-dikin üçin gerekli bolan guraldyr abzaly almak, halaşýan gyzy bilen durmuş gurmak isleýärdi. Yusuf bolsa öz öýüne bir gaz plitasy äkitmek, obadaşlaryny geň galdyrmak isleýärdi.

 Ahyrynda gurluşyklaryň birinden iş tapýarlar. Şondan soňra, Ali sürüjileriň biriniň oýnaşyna aşyk bolýar. Patma diýilýän şol oýnaş aýal, Alynyň barja gazanan pulyny iýip-içip sowuryp gallaç goýýar. Ali abat işlemän başlaýar. Şonuň üçin hem gurluşykdan kowulýar. Obadaşlarynyň biriniň kömegi bilen ýer eýýeleriniň biriniň ot üweýän maşynyny işletmäge başlaýar. Hojaýyn döwpisint adamy ujypsyzja pula işledýär. Aram-aram onyň ýanyna baryp, onyň taryna kakyp, arşa çykaryp, it oýnan ýaly oýnap has köp işledýär. Ali güji-kuwwaty ýerinde, emma türkana bir ýigit bolandygy üçin hojaýynyň hajyk-hujygyna ynanýar, birnüçe adamyň etmeli işini ýeke özi edýär. Ot üweýän maşynda işlemek hem agyr hem-de gaty ünsli bolmagy talap edýän iş. Ali gün geçdikçe agyr işden ýaňa ysgyndan gaçyp başlaýar. Üstesine hem ony gijelerine hem işletýärler. Bir gije ukysyzlygy sebäpli deňagramlylygyny ýitirýär, iki aýagynyň ikisi hem maşynyň agzyna düşýär. Bu waka bolandan soň, onyň bil baglan hojaýyny bilen onyň adamlarynyň bolyp-geçenler üçin gyly hem gymyldamaýar. Ali köp gan akandygy sebäpli ölýär.  

 Yusuf azda-kände pul gazanýar. Indi, yzyna, oba gaýtmak isleýär. Dogrysy ýoldaşlaryndan jyda düşen hem bolsa olaryň eden wesýetlerini ýadyndan çykarmandy. Olaryň sargyt eden aýna daraklaryny we gaz plitasyny alypdy. Gurluşykdakylar ony näçe goýbermek islemeseler hem Yusuf işi taşlap gaýtmaly bolýar. Işeňňir we dogryçyl bolandygy üçin ony gowy görýärdiler, ondan başga hem ol ökde kerpiç örüýän ussa bolypdy.

Wagty-sagady gelip oba gitmek üçin ýola düşýär. Obasyna baryp ýetenine hem begenýär hem-de gynanýardy. Ölen ýoldaşlarynyň dogan-garyndaşlary ýeke özüniň gaýdyp gelendigini gören wagtlary aglaşyp-eňreşerler, ses ederler. Şol günden soňra Yusuf daş-töweregine üýşüren we ömründe şäheriň garasyny görmedik obadaşlaryna başyndan geçirenleri hakynda gürrüň berer.

 

 


Etiketkalar: ýazyjy , hekaýat , roman

Degişli Habarlar