Aktual Analiz

Germaniýada geçirilen saýlawyň netijeleri dünýäde adaty waka ýaly kabul edildi

Aktual Analiz

 

 

Germaniýada geçirilen saýlawyň netijeleri dünýäde adaty waka ýaly kabul edildi. Emma Gollandiýadan, Fransiýadan we Belgiýadan soň Germaniýada hem rasist partiýa parlamentde wekilçilik edilmäge hukuk hazandy we şol topar Ýewropa Parlamentine öz wekilini ugradar.

Ýagny, milletparazlygyň döräp, bütin Ýewropa ýaýran diýaryndan Ýewropa Parlamentinde wekilçilik ediler.

Aslyna seredilende dünýä bu meseläni giňişleýin seljerip, bu çykgynsyzlyga çärä tapmaly. Emma gynansagam bu meselede näme üçindir günbatarly intellektuallar dymmagy saýlap alýar.

Emma dymsaňyzam, dymmasaňyzam milletparazlyk belasy bir gün siziňem gapyňyzy kakar.

Milletparazlyk we rasizm Ýewropanyň idealaryndan we medeni gymmatlyklaryndan çetleşmegi bilen birlikde özüne giňişlik tapmaga başlady.

Günbataryň iki sany esasy gymmatlygy bar. Şolaryň biri demokratiýa, beýlekisi bolsa adam hukuklary baradaky garaýyşy. Emma gynansagam Sowuk uruşdan soň günbatar dünýäsi medeniýetiň özenini emele getirýän şol iki gymmatlykdan hyýanatçylykly peýdalandy.

Köpçülikleýin aragatnaşyk serişdeleri ýaýbaňlandy. Şeýlelikde biri-birine alys bolan iki adam gündelik durmuş bilen bagly maglumatlar we habarlar bilen dessine tanyşmaga mümkinçilik tapdy. Gündogarlylar hem maglumatlar elýeterli boldugy saýyn jemgyýetçilik we döwlet hökmünde has erkin bolmak islemäge başlady.

Şol talaplar günbataryň demokratiýa babatdaky ikiýüzliligini ýüze çykardy. Gündogarda adamlar erkinlik talaplaryny beýan edip, şol ugurda tagalla etdiler. Şol talaplaryny durmuşa geçirip hem bilmediler. Emma şahsy azatlyk jemgyýetler we döwlet derejesinde iş ýüzüne geçen badyna günbatar birdenkä 180 gradus öwrüm etdi.

Günbataryň garaýyşyna görä gündogarlylaryň azatlyk we sarp etme islegi günbataryň bähbitleriniň çägine çenli.

Mysal üçin, Ýewropanyň awtoulag firmasynyň Germaniýadaky we Hindistandaky fabriklerinde şol bir işi edýän iki işçini deňeşdirip göreliň. Awtoulag firmasy işçileriň hukuklaryny goramaklary üçin ellerinden gelen tagallany hem edýärler. Şu ýere çenli seredilende günbatarly inwestisiýa üçin esasy zat girdeji däl, eýsem işgärleriň abadanlyk we ýaşaýyş derejesi. Emma hakykat has başgaça.

Mysal üçin şol firmanyň Germaniýada öndüren modeli bilen Hindistanda, Pakistanda, Günorta Koreýada ýa-da Türkiýede öndüren modeliniň nyrhy bütin dünýäde bir. Emma şol modeli öndüren işçileriň aýlyklarynyň arasynda ummasyz tapawut bar. Germaniýadaky işçi öýüne her gün et alyp, Bütindünýä saglyk guramasynyň standarlaryna görä iýmitlenip bilýär. Emma hindistanly işçiniň alýan aýlygy nemes işçisiniň hepdeliginden hem az.

Bu çaprazlygy beýan edenimizde bolsa berilýän jogap çetleşdiriji, ýekiriji häsýetli.

Edil şonuň ýaly döwletleriň deň derejeli daşary gatnaşyk talaby hem günbatarlylaryň göwnünden turmaýar. Hamala diýersiňiz kolonial endiklerini dowam etdirmek isleýän ýaly. Elmydama gopbamsy, ýokardan seredýän, buýuryjy düşünje.

Mysal üçin siz gündogar ýurtlaryndan biriniň lideri. Aç-açan, demokratik usulda halkyňyzyň ýarysyndan gowragynyň sesi bilen saýlandyňyz. Siz ýurduňyzyň bähbitlerini goramak üçin günbatara garşy durup, olar bilen deň hukuklydygyňyzy beýan etmäge başlan halatyňyzda siz dünýäniň iň bir erbet adamy bolýaňyz.

Mejlisiňiz, metbugatyňyz, uniwersitetleriňiz, aragatnaşyk ulgamyňyz senzurasyz we azat-erkin işleýän hem bolsa, adyňyz birdenkä dikdator bolar, duruberer.

Siz her saýlawda garaşsyzlyga suwsan halkyňyz tarapyndan has güýçli goldandygyňyz saýyn günbatarlylaryň gözünde siz has-da dikdatorlaşarsyňyz. Siz halkyňyzdan 52 göterim ses alyp, döwletiň başyna geçeniňizde galplyk eden bolýaňyz. Emma 31 göterim ses alyp, öz hökümetini edara edýän ýewropaly syýasatçy lider demokratiýanyň ýeňijisidir.

Ýaňy hem belläp geçişimiz ýaly maglumatyň halk köpçüligine ýetirilmeginiň öňündäki ähli bökdençlikler aýrylandygy üçin Türkiýedäki çopan bilen Gamburgdaky nemes syýasatçysy şol maglumaty deň derejede alyp bilýär. Elbetde ýerlikli ýagdaýda türk çopan, “bu taýdan bir ýalňyşlyk bar” diýýär.

Ony hyzmatdaşy, şärigi hasaplaýan günbatarlysyna soraýar. Günbatarly bolsa yzgiderli häsýetde ulumsylygyny dowam etdirýär. Gündogardan gelýän soraglar we azatlyk bilen bagly talaplar köpeldigi saýyn günbatarly syýasatçy içerde milletçi çykyşlara ýönelýär.

Günbataryň uly partiýalary syýasy populizm we häkimiýet islegi sebäpli kiçi rasist partiýalaryň ýoluny saýlap alýar. Demokratiýadan, adam hukuklaryndan daş we wagtal-wagtal ýigrenç jenaýatyna çenli baryp ýetýän ýoly saýlap alan şol uly partiýalar Pedigany, nasizmi we şowenizmi ýaňadandan döretdiler.

Diňe bir uly partiýalar däl, eýsem ähliumumy adam hukuklaryny goraýjy çepçi partiýalar hem rasist, çetleşdiriji çemeleşmäge başladylar.

Günbataryň soňky çärýek asyrdaky syýasatçylarynyň tas ählisi şol ýalňyşlygy goýberip, meseläni ulaltdylar we indi günsaýyn çykgynsyzlaşgynyň öňüni alyp bilmeýärler. Belgiýada-da ýagdaý Gollandiýadan tapawutly däl. Awstriýa bolsa nasizmde Germaniýa bilen bäsleşýän ýaly. Demokratiýanyň sallançagy hasaplanylýan Fransiýada-da syýasatçylar rasizmden tama edýärler.

Uzak ýyllaryň dowamynda goýberilen ýalňyşlyklar, Ýewropa Parlamentiniň gapysyny rasist we nasist parlamentarilerine açdy. Ýewropanyň başdan geçirýän ykdysady we syýasy çökgünlik sebäpli ýaýbaňlanan rasizmden peýdalanmak isleýän partiýalar şol garaňky ýola düşerler.

Ýewropa Parlamentinde indi nasist we rasist çykyşlaryň ýany bilen ýigrenç jenaýatyny “pikir” hökmünde beýan ediler. Ýewropaly intellektuallaryň şol howpa göz ýetirmegini tama edýäris.


Etiketkalar: rasizm , gündogar , günbatar , saýlaw

Degişli Habarlar