Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün Tertibi

Türkiýe-Gürjistan gatnaşyklary

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün Tertibi

 

Gürjistan Günorta Kawkazyň strategik taýdan uly ähmiýete eýe bolan ýurtlaryndan biri. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Türkiýe-Gürjistan gatnaşyklaryny analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç Ipegiň mesele hakyndaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Gürjistan Günorta Kawkaz ýurtlarynyň arasynda NATO we ÝB bilen birlikde günbatar bilen gatnaşyklaryny ösdüren döwlet. Gürjistan 2009-njy ýyldan bäri ÝB tarapyndan Gündogar Ýewropanyň üç ýurdy bilen Günorta Kawkazyň üç ýurduna görä taýarlanan ÝB-Gündogar Hyzmatdaşlygyna degişli. ÝB-Gündogar Hyzmatdaşlygy başlangyjy şol ýurtlary ÝB-ne has-da jebisleşdirmek üçin ÝB bilen şol ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk, erkin söwda we wiza erkinligi boýunça ylalaşyklaryň gol çekişilmegini nazarda tutýar. Hyzmatdaşlyk ylalaşygyna 2014-nji ýylda Brýusselde gol çekişildi we 2016-njy ýylyň iýulynda güýje girdi. Gürjistan bilen ÝB-niň arasynda wiza erkinliginiň gysga möhletde başlamagy meýilleşdirilýär.

Türkiýe bilen Gürjistanyň arasyndaky gatnaşyklar Gürjistanyň garaşsyzlygyny almagyndan bäri ähli taraplaýyn ösdi we iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda köp sanly ylalaşyklara gol çekişildi. Türkiýe Gürjistanyň garaşsyzlygyny 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda ykrar etdi. Diplomatik gatnaşyklaryň açylmagy baradaky Teswirnama 1992-nji ýylyň 21-nji maýynda gol çekişildi we iki taraply häsýetde ilçihanalar açyldy. Şeýlede Türkiýäniň Batumi şäherinde, Gürjistanyň bolsa Stambulda we Trabzonda başkonsullyklary ýerleşýär.

Türkiýe bilen Gürjistanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik derejede. Türkiýe 2007-nji ýyldan bäri Gürjistanyň esasy söwda hyzmatdaşy. Gürjistana gönüden maýa goýmakda Türkiýe ilkinji ýurtlaryň hatarynda orun eýeleýär. İki ýurduň arasynda 2011-nji ýylyň dekabr aýynda güýje giren teswirnama laýyklykda iki ýurduň raýatlary biri-birleriniň ýurtlaryna diňe şahadatnamalaryny görkezip syýahat edip bilýärler. Iki ýurduň arasynda yzgiderli häsýetde ýokary derejeli saparlar guralýar. Türkiýe bilen Gürjistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi maksady bilen iki ýurduň arasynda Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşi döredildi. Geňeşiň ilkinji mejlisi 2016-njy ýylyň 19-njy iýulynda Ankarada, ikinjisi bolsa 2017-nji ýylyň 23-nji maýynda Tibilisi şäherinde geçirildi.

Azerbaýjan bilen bilelikde döredilen Türkiýe-Azerbaýjan-Gürjistan Daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn maslahatlar tapgyry sebitleýin durnuklylyga, parahatçylyga we abadançylyga goşant goşýan möhüm mehanizm. Şeýlede transport, ykdysadyýet, transport ministrleri, ýaragly güýçleriň serkerdeleri, mejlisiň daşary işler komissiýalarynyň başlyklary we işewürler geňeşleriniň arasynda-da üç taraplaýyn malashatlar guralýar.

Türkiýe bilen Gürjistan aralaryndaky gatnaşyklary hem özara hem-de sebitleýin derejede strategik häsýetde görýär. Gürjistan hem Hazaryň energiýa serişdeleriniň Türkiýä we günbatara akdyrylmagy hem-de Türkiýe bilen Azerbaýjan, Russiýa we Orta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky transport gatnawy taýdan häzirki şertlerde möhüm pozisiýa eýeleýär. Türkiýe bolsa Gürjistanyň esasy söwda hyzmatdaşy. Şol çäkde Türkiýe, Gürjistan we Azerbaýjanyň arasynda energetika we transport pudaklarynyň başda durmagynda dürli ugurlarda üç taraplaýyn hyzmatdaşlyk edilýär. Baku-Tibilisi-Jeýhan nebit turba geçirijisi we Baku Tibilisi-Erzurum tebigy gaz geçirijisi bilen Baku-Tiblisi-Kars demir ýoly taslamasy hyzmatdaşlygyň esasy nusgalary bolup durýar.

Türkiýe Gürjistanyň territorial bitewigini goldaýar. Şeýle-de Gürjistanyň içerki meseleleriniň çözülmegine goşant goşmaga synanşýar. Gürjistanyň halky üçin Abhaziýa we Osetiýa iňňän möhüm iki sebit. Emma 2008-nji ýylda bolan Gürjistan-Russiýa söweşinde Russiýa üstün çykypdy. Soň şol sebitleriň garaşsyzlyklary Russiýa tarapyndan ykrar edildi we harby ylalaşyklar bilen kepillendirildi. Russiýanyň özara ylalaşyklara esaslanyp açan harby bazalary, ekstremist hökümetleriň sebitleýin derejede legallalyk gazanmaklaryna sebäp boldy. Gürjistan iş ýüzünde garaşsyz bolan Abhaziýanyň şol derejesini ýakyn geljekde üýtgetme güýjüne eýe bolmandygyna göz ýetirip, meseläni halkara platformalarda gün tertibine getirip, hukuklaryny goramaga synanşýar. Günorta Osetiýa meselesine bolan çemeleşmesi hem şeýle. Emma Russiýanyň 2016-njy ýylyň dekabrynda Abhaziýanyň we Osetiýanyň demokratik döwletler hökmünde ösmeklerini goldajakdygy baradaky beýannamasy, onuň beýle ýeňil bolmajakdygyny görkezýär. Emma muňa garamazdan Gürjistan Russiýa bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin başlangyçlar etdi.

Türkiýe Gürjistanyň territorial bitewiligini güýçli goldaýar. Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň garaşsyzlyklaryny ykrar etmeýär we şol düşnüşmezlikleriň Gürjistanyň territorial bitewiligine laýyklykda çözülmegini arzuw edýär. Türkiýe Gürjistanyň Ýewropa-Atlantika guramalary bilen utgaşmagy baradaky tagallalaryny hem goldaýar.

Türkiýe-Gürjistan gatnaşyklaryndaky esasy  ugurlardan biri mesheti türkleriniň ata watanlaryna dolanyp gelmekleri bolup durýar. Türkiýe mesele bilen ýakyndan gyzyklanýar we Gürjistanyň 1999-njy ýylda Ýewropa Geňeşine agza bolan mahaly öz üstüna alan borçlaryna laýyklykda mesheti türkleriniň ata watanlary Ahyska dolanyp barmaklarynyň öňündäki ähli bökdençlikleriň aýrylmagyny talap edýär. Gürjistanyň bu ugurda etjek başlangyçlary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkider.



Degişli Habarlar