Aktual analiz

Rohiniýany we Rohiniýadaky “watansyz” musulman azlygy  bilen 2000-nji ýyllaryň başynda tanyşypdym

Aktual analiz

 

2000-nji ýyllarda Mýanmadaky harby hunta dolanşygynyň ýurtda demokratiýa we pikir azatlygyny basgylaýandygy baradaky habarlar halkara habar gulluklarynda beýan tapypdy. Şondan soň işim sebäpli Mýanma gitdim. Ýurt harby hunta tarapyndan dolandyrylýardy. Emma dogrusyny aýtsam žurnalist hökmünde uly basyş görmedim. Şol ýyllarda öý tussaglygynda bolan, häzirki döwlet Ýolbaşçysy Ang San Su Çi bilen duşuşmagyň ýollaryny tapypdyk.

Günbatar tarapyndan demokratiýa gahrymany hökmünde görkezilen hanym Çi dogursy milletçi çepçi düşünjäniň täsiri astyndady. Näme üçindir günbatar ony görmediksireýärdi. Eýsem milletçi çepçi hassalygyndan iň agyr zyýany günbatar dünýäsi çekipdi.

Gitler tarapyndan 1930-njy ýyllarda Germaniýada başladan milletçi çep, ýagny natsizm Ýewropada we dünýäde millionlarça adamyň janyny aldy.

Natsizm hassalygy bütin Ýewropada ýaňadandan ýaýraýar. Germaniýada diňe bir Sosial demokratlaryň, ýaşyllaryň we çepçi toparlaryň arasynda däl, sagçylaryň arasynda-da milletçi çep düşünje barha ýaýbaňlanýar.

Federal Kansler Angela Merkeliň saýlaw kampaniýasynda aýdan sözleriniň Adolf Gitleriň çykyşlary bilen deňeşdirilende arasyndaky meňzeşlikleriň sizi hem geň galdyrjakadygyna doly ynanýaryn. Şol ýaramaz düşünje gynansagam beýleki Ýewropa ýurtlarynda-da ýaýbaňlanýar.

Şol sebäpli “Demokratiýanyň sallançagy we günbatar medeniýetiniň mirasdary” bolmak bilen öwünýän Günbatar Ýewropa, hususanda ÝB Mýanma döwletiniň edýän yzgiderli gyrgynçylygyny we genosidini görmeýär, görüp bilmeýär.

Ýewropanyň we ÝB-niň 2000-nji ýyllaryň başynda Mýanmada adamlaryň pikirlerini gypynçsyz beýan edip bilmeýändigi sebäpli basyş edendigine garamazdan, şu günki günde edýän genosidine synçy bolup galmagynyň sebäbi nämekä eýsem?

Dünýäde abraýly orun eýeleýän Nobel baýragy topary gyrgynçylyk buýrugyny beren Mýanmanyň Prezidenti hanym Aung Su Çiniň alan baýragy barada maslahat geçirermikä?

Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan Bangladeşiň hökümetinden Arakanlylary bosgun hökmünde kabul etmegini isledi. Erdogan bosgunlaryň ähli çykdajylarynyň Türkiýe tarapyndan beriljekdigini hem beýan etdi. Eýsem arakanlylaryň golaýynda Malaýziýa we İndoneziýa bar. İkisem musulmanlaryň hökmürowan bolan ýurtlary.

Şu günki günde dünýäniň esasy ykdysady güýçlerine eýe bolan Pars aýlagynda ýerleşýän ýurtlardan hiç hili reaksiýanyň bildirilmezligi yslam we musulmanlar üçin utandyryjy waka.

Arakanlylar dünýäniň iň esasy “watansyz” azlygy. Çagalary üçin şahadatnama, gaçmak üçin pasport, hukuklaryny gözläre kazyýet ýaly başlangyç adam hukuklarynyň ählisinden mahrum. Olar, Mýanma garaşsyzlygyny yglan eden gününden bäri 60 ýyldan bäri şol hukuklaryň ählisinden mahrum.

Azyk önümlerini tapmakda kynçylyk çekýän musulmanlaryň ýaşaýan sebitinde birdenkä gymmat bahaly ýaraglar bilen üpjün edilen “Rohingiýa azat ediji goşuny” atly gurama ýüze çykdy. Aksiýalary guraýyş usullary günbatarly terror guramasy DAIŞ-e diýseň meňzeş. Mýanmanyň harby goşuny bilen şol terror guramasy çaknyşýar. Emma näme üçindir ölýänleriň ählisi asuda ilatdan. Entek öli ýa-da diri ele salynan ýekeje terrorçy hem ýok.

Soňky çaknyşykda bolşy ýaly ýene-de bir gezek iň agyr ýigini asuda ilat çekdi. Azyndan 3 müň sany arakanly musulman pida boldy. Harby goşun basyşy güýçlendirýär. Tas günde 20 oba ýakylýar. Çekilýän ýitginiň mukdaryny bilmek mümkin däl. Ozal çaknyşyklaryň başlamagyndan bäri 2-3 müň adamyň ýogalandygy habar berilipdi. Emma ol diňe anyklanan san.

Emma şol san hem hakykaty beýan etmeýär. Çünki golaýda diňe bir Buthidaung etrabyndaky birnäçe oba 1500-e golaý adamyň gyrylandygy garaşsyz habar gulluklary tarapyndan habar berildi. Uly obada 400 adam galypdyr. Galanlary bolsa diriligine ýakylypdyr.

Mýanmanyň harby goşunynyň gyrgynçylyk usuly şeýle: İlki obalara ýaraglar we paltalar bilen barýarlar. Öldürip bilen adamlaryny öldürýärler. Esgerlere budistler hem kömek edýar. Galanlar obadan gaçmaga synanşýar, emma goşunyň obanyň daşyna gömen minalaryny basyp, maýyp bolýarlar. Esgerler bolsa bukuda garaşýar. Gaçanlara raketa bilen od açylýar. Soň obalary ýakýarlar. Ýaralylaryň esasy böleginde 3-nji derejeli ýanyk bar.

Häzirki wagtda Mýanmada galan musulmanlaryň 70-80 göterimi zenanlardan we çagalardan ybarat. Maungdaw we Buthidaung şäherleriniň ýaşlarynyň we erkekleriniň esasy bölegi Bangladeşe, Malaýziýa gaçdy. Obalarda zenanlar we çagalar galdy.

Maungdaw Bangladeşe diýseň ýakyn. Ol ýerde ýaşaýanlar serhede tarap gaçýar. Emma ol ýerde soýdaşlary bolan Bangladeş döwleti serhedi açmaýar. Bitarap zolaga sygynanlaryň sany diýseň köp. Serhede ýakyn bolmadyk ýerlerden gaçanlar tokaýlyklarda gizlenýärler.

Serhede baranlary Bangladeş esgerleri yza serpikdirýär. Mýanmanyň esgerleri bolsa çem gelen ýere od açýar.

Bu wagşylygy Türkiýeden başga haýsydyr bir ýurduň gün tertibine getirmezligi adamzat üçin utandyryjy ýagdaý. Türkiýäniň Prezidenti Erogan gurban baýramynda dünýä liderleri bilen telefon arkaly gepleşik geçirip, gyrgynçylygyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bes edilmegi üçin iş alyp bardy.

BMG-nyň gyrgynçylygyň öňüni almak üçin gyssagly işe girişip, netijeli başlangyçlar etmegini tama edýäris.

Mýanmanyň tejribesiz lideri hanym Çi, başladan gyrgynçylygynyň ýurdunyň täze bir güýç hasaplaşygyna öwürendigine göz ýetirmeýär. Ol göz ýetiren mahaly häzirki wagtda musulmanlary öldürýän budistleriň ölüm habarlaryny ýazaýmasak.


Etiketkalar: Mýanma , musulman , Arakan

Degişli Habarlar