30-njy Awgust Ýeňiş Baýramy

Şu gün azat edijilik söweşini ýeňiş bilen netijelendiren 30-njy Awgust ýeňiş baýramyny belläp geçýäris

30-njy Awgust Ýeňiş Baýramy

1-nji Jahan urşunda Osman döwletiniň ýeňilmegi we ýurduň daşarky güýçler tarapyndan basylyp alynmagynyň üssüne Gresiýanyň goşunlarynyň Anadolyny basyp alma synanşygy hem goşulypdy.

Şol sebäpli birnäçe ýyl dowam eden Azat edijilik söweşi başlapdy.

Azat edijilik söweşiniň soňky tapgyry 1922-nji ýylyň 30-njy awgustynda üstün çykylan Baş serkerdelik meýdan söweşi boldy.

Şol ýeňiş garaşsyz Türkiýe Respublikasynyň gurulmagyna şert döretdi.

Garaşsyzlygymyzyň kepillendiriji bolan gahryman goşunyň we milletimiziň 30-njy awgust Ýeňiş baýramyny gutlaýarys.

Şol mukaddes ýeňişiň gazanylmagyna goşant goşan, ganyny, janyny gahrymanlarça döken we bu gözel ýurdy bize sowgat eden gahryman ata-babalarymyzy rehnet we minnetdarlyk bilen hatyralaýarys.



Degişli Habarlar