Türkiýäniň we Ýewraziýanyň  gün tertibi

Manas dessany we Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň  gün tertibi

 

Türklerinden atalaryndan biri bolan Manasa degişli heýkel ýaňy ýakynda Türkiýäniň Stambul şäherinde açyldy. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda Manas dessany we Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda maglumat bermekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç Ipegiň mesele hakyndaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Gyrgyz heýkeltaraş tarapyndan gurlan 4 metr belentligindäki Manas heýkeli ýaňy ýakynda Stambul şäheriniň Sütlüje seýilgähinde dabaraly ýagdaýda açyldy. Manas diňe bir türkler üçin däl eýsem dünýäniň taryhy we edebiýaty taýdan hem özboluşly ýere eýedir. Dünýäde Manas dessany ýaly uly göwrümli we keramatly kytaplar ýaly her bir setiri ýatdan bilinýän başga dessan ýokdur.

Manas heýkeliniň açylyş dabarasyna Gyrgyz Respublikasynyň Premýer ministri Soroonbaý Jeenbekow, Gyrgyz Respublikasynyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi İbrahim Junusow, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuş, Stambulyň welaýat häkimi Wasyp Şahin, Stambulyň şäher häkimi Kadir Topbaş bilen birlikde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Heýkel iki halkyň biri-birini has ýakyndan tanamagyna uly goşant goşar we iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da ösdürer.

Manas diňe bir gawduwsyz gahryman däl eýsem şol bir wagtda gyrgyz halkyna dogry ýoly görkezýän hökümdar hökmünde bilinýär. Şol sebäpli hem türki halkarlar Manasa uly sarpa goýýar. Stambul şäheri Türk dünýäsiniň esasy şäherlerinden biri we şol şäherde Manasyň heýkeliniň açylmagy Türk dünýäsi üçin hem diýseň möhüm. Stambullylar  her gezek Manasyň heýkelini görende gyrgyz halkyny ýatlar. Heýkel iki halkyň dostlugynyň simwoly hökmünde baky ýaşar.

Heýkeliň açylşy mynasybetli Türk dünýasiniň şäher häkimlikleri bileleşiginiň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentliginiň goldaw bermeginde Manas dessasy türk dilinde neşir edildi. Kytap 2017-nji ýylda 150 ýaşy bellenilip geçirilýän meşhur Manasçy Sabymbaý Orozbakowyň dilinden ýazylan tutuş Manas dessanynyň ilkinji türkçe terjimesidir. Orozbakow Manas dessanyny giňişleýin gürrüň berýär. Manas dessanynyň türkçe neşiri Gyrgyz Respublikasy bilen Türkiýäniň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ösendigini görkezýär.

Gadymy türk dessanlaryndan biri bolan Manas türk mifalogiýasynyň we sähra medeniýetiniň galyndylaryny özünde jemleýär. Bent taýdan bolsa Eýranly Firdewsiniň, Finlileriň Kalewala, nemesleriň Nibelungen, hindileriň Ramaýana, gadymy grekleriň İlliada we Odessia ýaly dessanlaryndan has uzyn. Manas 500 müň bendi bilen dünýäniň iň uly dessanydyr. Manas dessany şol bir wagtda mazmuny we dili bilen diňe bir gyrgyz halkynyň däl eýsem türk halklarynyň medeniýetine degişli galyndylary özüne çemleýändigi taýdan esasy resminama häsiýetine eýedir.

Türk-gyrgyz gatnaşyklary barada aýdanymyzda bolsa, Türkiýe 1991-nji ýylyň 16-njy aprelinde Gyrgyz Respublikasynyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinij ýurt boldy. İki ýurduň arasynda 1992-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda diplomatik gatnaşyklar başlady. Şol ýyl  Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde Türkiýäniň, Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankarada hem Gyrgyz Respublikasynyň ilçihanasy açyldy.

Iki ýurt medeni we ykdysady taýdan ýakyndan gatnaşyk edýär. Gyrgyz Respublikasynda iki ýurduň bilelikdäki Türk-Manas uniwersiteti ýaşlara bilim berýär we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine itergi berýär. Türkiýe Gyrgyz Respublikasy bilen edýän gatnaşyklaryny ähli taraplaýyn ösdürmek üçin tagalla edýär we geljekde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar pajarlap öser.

Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk derejesinde dowam edýär. Türkiýe döwlet eýeçiligindäki ähli kärhanalary we jemgyýetçilik guramalary bilen Gyrgyz Respublikasyna goldaw berýär. İki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady, söwda, harby, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we aragatnaşyk pudagynyň başda durmagynda köp taraply gatnaşyklar bar.

Gyrgyz hökümeti Türk geňeşiniň başda durmagynda Türk dünýäsiniň çäginde iş alyp barýan guramalaryň hatarynda ýer alýar we şol guramalaryň durmuşa geçirýän işlerine goldaw berýär. Türkiýe Orta Aziýada demokratiýalaşmak üçin uly tagalla edýän Gyrgyz Respublikasynyň durnuklylygyna we galkynyşyna uly ähmiýet berýär we Gyrgyz Respublikasyna ähli taraplaýyn goldaw berýär.  Türkiýe şol bir wagtda Fetullahçy terror guramasy FETÖ Orta Aziýada esasan hem Gyrgyz Respublikasynda öz barlygyny dowam etdirýär, doganlyk ýurt Türkiýe hem FETÖ-niň Gyrgyz Respublikasyndaky işleriniň öňüniniň alynmagyna we FETÖ-niň ýurdundaky ähli guramalarynyň işleriniň bes edilmegine garaşýar.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç Ipegiň Manas dessany we Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hakyndaky synyny diňlediňiz.



Degişli Habarlar