Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Tatarystandan gelip gowuşdy. Türkiýe gapysyny ýaňadandan açmagy bilen Tatarystanda pasport talaby 3 esse artdy.

Uçar krizisinden soň gadagan edilen Türkiýe tur paketleriniň ýaňadandan satylmaga başlanmagy bilen Russiýa Federasiýasyndan Türkiýä dynç almaga gelýän syýahatçylaryň sany örän artdy. Türkiýäniň russiýaly syýahatçylara açylmagy bilen tatarystandan pasportlara bildirilýän talap 3 esse artdy we soňky 2 ýylyň rekordyna ýetdi.

Tatar-Inform habarlar agentliginde metbugat işgärleri bilen duşuşan Tatarystanyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa meseleleri departamendiniň başlygy Artýom Kuznetsowyň beren maglumatyna görä geçen ýyl daşary ýurt pasportlaryna bildirilen talap 19 müňdi, şu ýyl bolsa häzirki wagta çenli 68 müň pasport berildi.

Onuň sebäbiniň Tatarystanyň raýatlarynyň 2 ýyllap daşary ýurt syýahatlaryna köp çykmandygyny aýdan Kuznetsow şol wagt aralygynda Türkiýäniň we Müsüriň Russiýa Federasiýasynyň turistleri üçin ýapykdygyny we Türkiýäniň gapylaryny açmagyndan soň köp sanda raýatyň dynç almak üçin Türkiýäni saýlandygyny aýdanlarynyň üstüne goşdy.

 

Gepleşigimizi Gazagystandan gelip gowuşan habarymyz bilen dowam etdirýäris.

Türkiýe 2017-2018-nji okuw ýylynda Gazagystanly 500 talyba talyp hakyny berer.

 Gazagystanyň Bilim ministrliginden berilen beýanatda täze okuw ýylynda Türkiýäniň 500 gazak talypa talyp hakyny berjekdigi mälim edildi.

Talyp haklary üçin ýüz tutmalaryň başlandygy aýdylýan beýanatda talyp hakyny almaga hukuk gazanan 500 talybyň Gazagystanyň Türkistan şäherindäki Hoja Ahmet Ýasawy uniwersitetinde 1 ýyl talyp haky bilen bilim aljakdygy bellendi.

Beýanatda taýarlyk synpyny üstünlikli tamamlanlaryň 1-nji synpa kabul ediljekdigi mälim edildi.

Beýanatda Hoja Ahmet Ýasawy uniwersiteti barada: “Uniwersitet dünýäde bilim guramasy we merkezi ýagdaýyna öwrüldi” diýildi.

Beýanatda ýylda takmynan 400 talybyň 1 semestrini Türkiýäniň we Ýewropanyň tanymal unisersitetlerinde okap bilmek mümkinçiligine eýedigi, uniwersitedi tamamlan ýaş oglan-gyzlaryň Gazagystanyň uly kärhanalarynda, guramalarynda we edaralarynda dolandyryjy wezipelerinde işleýändigi bellendi.

Gazagystan we Türkiýäniň umumy uniwersiteti bolan Hoja Ahmet Ýasawy uniwersitetiniň düýbi 1991-nji ýylyň 6-njy iýunynda tutuldy. Ol ýerde gurulmagynyň esasy maksadynyň bolsa Orta Aziýanyň taryhy ylym we medeni merkezi bolan Türkistan şäherini galkyndyrmakdygy habar berildi.

Hoja Ahmet Ýasawy uniwersitetinde häzirki wagtda dünýäniň 17 aýry ýurdyndan ýüzlerçe talyp okaýar. Uniwersitetiň gurulmagyndan bäri Türkiýe uniwersitetde okaýan müňlerçe ýaş oglan-gyza talyp hakyny berdi.

 

 Soňky habarymyz sungat bilen baglanşykly. TÜRKSOÝ-yň Ýaşlar hory täze albom çykarar.

Halkara türk medeniýeti guramasy TÜRKSOÝ-yň türk dünýäsiniň zehinli ýaşlaryny bir ýere jemläp emele getiren Ýaşlar hory türk dünýäsiniň milli aýdym-sazynyň möhüm nusgalaryny özünde jemleýän albom çykarar.

Ýaşlar topary özleriniň hormeýsterleri bolan Azerbaýjandan Elnara Kerimowanyň we Gazagystandan Gulmira Kuttybadamowanyň ýolbaşçylygyny taýarlyklaryny çaltlandyrdylar. Albomda türk dünýäsiniň halklaryna degişli milli aýdym-sazlar bilen birlikde Günbataryň klassiki eserleri hem bolar.

Horyň taýarlyklary bilen baglanşykly beýanat beren hormeýster Elnara Kerimowa TÜRKSOÝ-yň Ýaşlar horunyň döredilen ýyly bolan 2015-nji ýylda Germaniýada geçirilen bäsleşikde 3 altyn medala eýe bolandygyny ýatladyp, horyň ilkinji gezek profesional ýagdaýda albom çykarjakdygyny nygtady. Kerimowa: “Hor eýýäm 3 ýyl bäri iş alyp barýar. Bu ýylam hem albom sebäpli hem-de konsertler sebäpli jemlendik. Hora täze giren agzalar bar we olaryň biri-birine öwrenişmegi we ysnyşmagy gerek. Hor türk dünýäsiniň zehinli ýaşlarynyň arasyndan saýlanan örän güýçli seslere eýe. Örän tejribeli bolandyklary üçin bolsa berilen eserleri gysga wagtda seslendirip bilýärler” diýdi.

Her ýyl repertuwary düzülen mahaly Türk dünýäsiniň tapawutly halklarynyň halk aýdymlaryna ähmiýet berýändiklerini aýdan Kerimowa: “Horumyz türk dünýäsiniň baý aýdym-sazlaryny ýetirmek bilen galman, eýsem günbatar dünýäsiniň hem aýdymlaryny seslendirýär. Şu ýylky repertuwarymyz we çykarjak albomymyz hem şol ýörelgä esaslanýar. Albomdan hem Türki dilli halklaryň halk aýdymlaryny hem-de 15-16-njy asyrlaryň klassiki eserlerini diňläp bilersiňiz. Geçen ýyl TÜRKSOÝ-yň Ýaşlar horunyň beren konsertini albom edip çykaryp, muşdaklara hödürläpdik. Şu ýyl çykarjak albomymyz Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň meşhur halk aýdymlary ilkinji gezek profesional stýudioda ýazga geçirildi. Albomda şeýle hem 2017-nji ýylda dogulanyna 100 dolan meşhur gazak aýdymçy Bakytjan Baýkadamowyň eserleri hem bolar” diýip mälim etdi.



Degişli Habarlar