Dost-Doganlygyň Taryhy

Ülkämiň adamlarynyň keşbi – Nazym Hikmet

Dost-Doganlygyň Taryhy

Haýdarpaşa menzilinde,

1941-iň ýazynda,

          Sagat on bäşde.

 

Nazym Hikmet, “Ülkämiň adamlarynyň keşbi” atly eserini 1939-njy ýylda ýazmaga başlan hem bolsa, 1960-njy ýylyň ikinji ýarymynda çap edilen şygyr kitabydyr.

Bäş kitapdan ybarat bolan şygyr kitabynyň birinji kitabyndan alnan ýokardaky goşgy setirleri, Türkiýäniň Yssambyl şäherindäki meşhur demir ýol menzilinden urgan poçta otlysyndaky ýolagçylar hakyndaky maglumatlary goşgy setirlerinde getirmek bilen, şol adamlaryň edim-gylymlary, gylyk-häsiýetleri hakynda habar berýän setirler bilen dowam edýär.

Müňlerçe goşgy setirlerinden ybarat bu eser, Nazym Hikmetiň döredijiliginiň iň kämil eseri hasaplanýar. Kitap “Ikinji konstitutsion hökümetiniň höküm” süren döwründen başlap, “Ikinji dünýä söweşine” çenli bolan döwri öz içine alýan wakalary we şol döwürde ýaşan adamlaryň durmuşlaryny okyjylaryna açyp görkezýär.   

Şahyr, 1939-njy ýylda, eserini ýazmaga başlanda, kitabyna “Meşhur adamlaryň ensiklopediýasy” diýip at beripdir. Şahyr, Germaniýa Sowet Soýuzynyň üstüne ähtiýalanlyk bilen çozandygy hakynda eşiden wagtynda ýigrimi birinji asyryň taryhyny ýazmagy göz öňünde tutupdyr.

“Ülkämiň adamlarynyň keşbi”, Nazym Hikmetde ýigrimi birinji asyryň taryhy hakynda dörän şol pikirleriň bir önümi hökmünde ýüze çykan eserdir. “Meşhur adamlaryň ensiklopediýasy” kitabyny 1941-nji ýylda Bursada tussagda wagty ýazmaga başlaýar. Soňra bu kitap “Ülkämiň adamlarynyň keşbi” atly kitabynda onyň bir bölümi hökmünde ýer alýar.

Nazym Hikmet, eserleriniň naýbaşysy hasaplanýan “Ülkämiň adamlarynyň keşbi” atly eserini ýazmaga başlan wagty öz öňünde goýan wezipeleri hakynda gysgaça şeýle diýýär:

Meniň bir islegim bar. Okyjylarym 12.000 goşgy setirlerinden ybarat bolan eserimi okan wagty, eýlenmedik suwyk hamyr mysaly adamlaryň magşar günine meňzeýän durmuşy hakyndaky maglumatlary okamaklaryny isleýärin.  

Başga bir islegim bar, ol hem, şol adamlaryň magşar güniniň anyk düşündirişini okyjylara belli bir döwürdäki, jemgyýetiň belli bir gatlagyna degişli adamlaryň durmuş ýolynyň üsti bilen, ýagny, Türkiýede ýaşaýan adamlaryň üsti bilen Türkiýäniň belli bir döwrüne degişli bolan durmuşyny düşündirmek.

Islegim bar ikinji derejeli hem bolsa, Türkiýedäki jemgyýetiň daşyny gurşap alan dünýädäki ýagdaýlaryň belli bir döwürde ýetiren täsiriniň düşnükli bolmagy.

Isleglerimiň biri hem, nireden geldik, biz nirede, nirä barýarys? diýen ýaly soraglara, meniň gözýetimimiň, maňa berýän mümkinçilikleriniň çäklerinde jogap bermek.  

Şahyr, 1950-nji ýylda türmeden çykan wagty eseriniň 66 müň setirini yazandygyny agzap geçýär. Soňraky ýyl ýurdy terk edip gitmeli bolan wagty dessanynyň käbir bölümlerini ýoldaşlaryna paýlapdyr. Ýoldaşlarynyň käbirleri bolsa tussag edilmekden gorkandyklary üçin ellerinde bar bolan bölümlerini ýakyp ýok edipdirler. Ýagdaýyň şeýle bolandygyna garamazdan, Nazym Hikmediň bu eseri 1965-nji ýylda Türkiýede çap edilen wagty 17.000 setiri galypdyr.

Eseriň birinji bölümi, Yssambylyň meşhur demirýol menzili bolan Haýdarpaşada, 1941-nji ýyl bilen başlanýar. Eserde öz beýanyny tapýan wakalar sagat 15.45 de uzak ýoly külterlemäge başlan otlydaky 510 belgili üçünji derejeli, häzirki döwrüň otlylary göz öňünde tutulanda umumy wagonda Eskişähere tarap ýola düşip, sagat 18.30 da Ankara barjak wagtyna çenli bolan aralykdaky wakalary öz içine alýar. Wagondaky ýolagçylar adaty oba adamlary, esgerler, işçiler we tussaglardyr. Şol ýolagçylaryň käbirleriniň durmuş ýollardynda gören-eşidenleri, olaryň dünýägaraýyşlary we oý-pikirlei eseryň bölüminiň boýundan başyna dowam edýär.   

Ikinji kitapdaky wakalar başga bir otlyda, ýene-de Haýdarpaşa menzilinden ýola çykan ýolagçylar hakynda. Bu gezekki ýolagçylar syýasatçylar, diplomatlar, tüçjarlar, kärhanalaryň eýeleridir. Bu bölümde “Azat ediş dessanyndan” käbir bölümler esere goşylypdyr. 

Üçünji kitapdaky wakalar türmede we hassahanada ýaýbaňlanýar. Dördünji kitap Sowet soýuzy we Fransiýanyň faşizme garşy alyp baran göreşleri we beren gaýtawullary hakynda. Gutarylman galan bäşinji kitabynda bolsa urşyň türk jemgyýetindäki galdyran yzlary, çekilen kynçylyklar we kynçylyklar bilen doly durmuş şertleri suratlandyrylýar.

 

Ap-ak gije geçýärdi, mawy aýnalaryň aňyrsyndan.

          Daşarda aý bardy, daşarda deňiz bardy,

Daşardaky bagtyýarlyk aýyň astyndaky toprakda.

Parhynda hem däldi munyň lýuks wagondaky mawy aýnanyň içindäkiler.

 

          - diýip Nazym Hikmediň, “Ülkämiň adamlarynyň keşbi” atly eserinde suratlandyrýan adamlary öz dertleri, öz ykballary bilen gümra adamlardy. Olaryň ne hä içinde otyran wagonlarynyň aýnasynyň aňyrsynda geçýän wagt, ne de dünýä gamlaryna däldi. Olaryň bar aladalary güzeranlary, bu dünýäde galmak üçin alyp barýan söweşleridi.

“Ülkämiň adamlarynyň keşbi” eserinde diňe bir Türkiýedäki däl, eýsem Moskwadaky, Germaniýadaky, Angliýadaky adamlar, urşyň orta çykaran ýagdaýlary bilen baglanşykly bolan Gitler hem bardy, Çerçil hem bardy. Esasy zat bolsa uly adamlar üçin urşan kiçijik adamlaryň pajygaly ykballary bardy.  

Her adamyň öz paýyna düşen ölüminin bardygyna ynanan Nazym Hikmet, hiç haçan umydyny ýitirmandir. Şonuň üçin hem eserinde “Heýembir umyt ýeňilermi?” diýip ýazan eseri, ne şygyr, ne roman, ne hekaýa, ne oýun, ne de dessan diýip aýdyp bolmaýan bu eser şol bir wagtyň özünde agzalyp geçilenleriň hemmesinden bir zatlary özünde jemlemegi başaran we türk edebiýatyndä täze bir görnüşiň dünýä inýändiginiň habarçysy bolmak bilen Nazym Hikmediň şygyrlarynyň naýbaşylary hasaplanýar.

 


Etiketkalar: meşhur , şygyr , kitap , eser , Nazym Hikmet

Degişli Habarlar