Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Türkiýe howadan goranyş ulgamyny güýçlendirmek üçin Russiýadan S-400 kysymly roketa goranyş ulgamlaryny satyn almak isleýär

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Türkiýe howadan goranyş ulgamyny güýçlendirmek üçin Russiýadan S-400 kysymly roketa goranyş ulgamlaryny satyn almak isleýär. Günbatarly ýurtlar bolsa Türkiýäniň Russiýadan S-400 kysymly roketa goranyş ulgamlaryny satyn almagyna garşy. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda Türkiýäniň näme sebäpli howadan goranyş ulgamyny satyn almak isleýändigi we bu meseläniň sebite ýetirýän täsirleri hakynda maglumat bermekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç Ipegiň mesele hakyndaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Siriýadaky dartgynlygyň içerki urşa öwrülmegi, Yrakda we Siriýada DAIŞ, PKK ýaly terror guramalarynyň bolmagy, goňşy geografiýalardaky krizis Türkiýäniň howadan goranyş ulgamlary bilen ýakyndan gyzyklanmagyna we bu barasyndaky işleriniň depginini güýçlenmegine sebäp boldy. Goňşy ýurtlardaky ýokary howplar sebäpli roketa ulgamlary bilen himiki ýaraglara garşy Türkiýäniň ähli taraplaýyn çäre görmegi gutulgysyz ýagdaýa geldi. Şu günki günde  bu mesele Türkiýäniň goranyş syýasatynda esasy orun eýeleýär.

Esasan hem Siriýa krizisi sebäpli NATO agza Türkiýäniň roketa howpy astyndadygyna garamazdan Patriot howadan goranyş ulgamlary NATO tarapyndan Türkiýä giç getirildi. İspaniýadan we İtaliýadan daşary beýleki ýurtlar howadan goranyş ulgamlaryny ilkinji pursatda yzyna alyp gitdi.

Şu günki günde terror guramasy PKK/PÝD/ÝPG-niň elinde NATO-nyň hem ulanýan ýeňil we agyr ýaraglary bar. NATO degişli güýçleriň ulanýan harby partlaýjy maddalary terrorçylar tarapyndan Stambul şäheriniň merkezinde ulanyldy. Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyna garşy Günbatarly ýurtlar ýeterlik derejede garşylyk görkezmedi. Başdan geçirlen wakalar sebäpli Türkiýe çäre görmeli boldy.

Russiýanyň beren amatly teklibi, Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň kadalaşmagy we Türkiýäniň günbatarly hyzmatdaşlaryndan esasy ugurlarda goldaw alyp bilmezligi ýaly sebäpler Russiýanyň S-400 kysymly howadan goranyş ulgamy Türkiýe üçin ilkinji alternatiw ýagdaýyna geldi. Türkiýäniň Russiýadan S-400 kysymly roketa goranyş ulgamlaryny almagy baradaky meýilnamalary sebäpli günbatarly hyzmatdaşlarynyň tankydy bellikleri we duýduryşlary soňky hepdelerde has-da artýar. Şuňa meňzeş wakalaryň ýene-de biri birnäçe ýyl mundan ozal Türkiýäniň hytaýly firma bilen howadan goranyş ulgamyny almagy baradaky gepleşik etabynda hem başdan geçirlipdi.

Türkiýäniň satyn almak isleýän S-400 kysymly roketa goranyş ulgamlary tehniki taýdan NATO üçin howply däl. Türkiýäniň günbatarly hyzmatdaşlarynyň görkezýän garşylygynyň esasy sebäbi tehniki däl eýsem syýasy ýaly görünýär. Türkiýäniň şol günbatarly hyzmatdaşlary Gresiýa Russiýadan S-300 ulgamyny öz milli howadan goranyş ulgamyna utgaşykly ýagdaýa getirmek kararyna ýada Ak Bürgüt-2013 harby türgenleşiginde S-300 ulgamlaryny ulnan mahaly bolsa beýle garşylyk görkezilmedi.

Türkiýäniň Russiýadan S-400 ulgamyny almagy meselesi Türkiýeli ýolbaşçylar tarapyndan birnäçe gezek beýan edildi we mesele mejbury ýagdaýa geldi.

Soňky döwürde Türkiýäniň NATO we esasan hem ABŞ bilen daşary syýasat we harby howpsyzlyk taýdan bähbitleriniň biri-birine bap gelmeýändigi bilinýän hakykat. Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky häzirki gowy gatnaşyklar hem bir gün ýaňadandan bozulyp biler. Şol sebäpli hem Türkiýäniň goranyş taýdan hyzmatdaşlarynyň sanyny köpeltmegi ýerlikli bolar. Elbetde Türkiýe goňşy sebitlerinden geljek açyk we ýakyn howplara garşy çäre görmeli bolar. Şol sebäpli hem Türkiýäniň öz howadan goranyş ulgamynyň bolmagyna dogry düşünilmeli. Günbatarly ýurtlaryň meselä oňyn garamaýandyklary sebäpli Türkiýäniň elinde Russiýadan we Hytaýdan başga alternatiw  hem galmaýar. Elbetde bu etap gysga möhletli çözgüt. Uzak möhletde türk goranyş senagatynyň ýerli mümkinçilikleri bilen öz howadan goranyş ulgamyny öndürmegi gutulgysyz ýagdaýa geldi.

NATO-nyň Türkiýäniň S-400 kysymly roketa goranyş ulgamlaryny almagyna garşy. NATO S-400 howadan goranyş ulgamynyň öz ulgamyna utgaşykly ýagdaýa gelmegini  hem kabul etmez. Bu ýagdaýda Türkiýe bu ulgamy NATO ulgamyndan garaşsyz ýagdaýda diňe öz ýerleşýän ýerini goramak üçin ornaşdyrar.

Türkiýä goňşy Kawkaz, Balkanlar, Ýakyn Gündogar ýaly geografiýalarda soňky asyrda köp sanly çaknyşyk, krizis we söweş başdan geçirildi. Türkiýe hem şol söweşler sebäpli uly howpy başdan geçirýär. Şol sebäpli hem esasan-da 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygyndan soňky etapda howpsyzlyk taýdan berk çäre görmegi maksat edinýär. Türkiýäniň günbatarly hyzmatdaşlarynyň hem şol howpa göz ýetirip Türkiýe bilen ýakyndan gatnaşyk etmekleri diýseň möhümdir.



Degişli Habarlar