Fetullah Güleniň yzyna berilmegi üçin gol ýygnama kampaniýasy başladyldy

Fetullah Güleniň Türkiýä yzyna berilmegi üçin Ak Tamyň resmi internet saýtyndan gol ýygnama kampaniýasy başladyldy

Fetullah Güleniň yzyna berilmegi üçin gol ýygnama kampaniýasy başladyldy

ABŞ-da ýaşaýan türkler Fetullah Güleniň Türkiýä yzyna berilmegi üçin Ak Tamyň resmi internet saýtyndan gol ýygnama kampaniýasyny başlatdy.

15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň yzyna serpikdirilmeginiň birinji ýylynda taýarlanan “Adalat üçin Fetullah Güleni Türkiýä yzyna beriň” söz başyly tekstde agdarlyşyk synanşygynda ýogalanlaryň we ýaralananlaryň gynanjynyň, gam gussasynyň azda kände egsilmegi üçin Amerikan hökümetiniň Fetullah Güleni gysga wagtda Türkiýä yzyna berjekdigine ynanýarys” diýildi.

Gol ýygnama kampaniýasyna Ak Tamyň internet saýtyndaky arzalar “petitions” bölüminden “petitions.whitehouse.gow” salgysyndan goldaw berip bilersiňiz.

30 günde 100 müň gol ýygnalan halatynda kampaniýa resmi ýolbaşçylaryň gün tertibine alynar.

 



Degişli Habarlar