Aktual Analiz

“Terror we ikiýüzlilik döwri”…

Aktual Analiz

9-njy iýunda Batman welaýatynyň Kozluk etrabynda PKK terrorçylaryndan ybarat bolan bir topar, ogurlyk ulaglardan birine partlaýyjy ýükledi, etrap häkimi Weýsi Yşygyň ulagyna od açdy we soň bolsa jandarm barlag nokadynyň golaýynda bomba ýüklenen ulagy ýardy. Häkim Yşyk hüjümden halas boldy, emma başga bir ulagdaky 22 ýaşly aýdym-saz mugallymysa Şenaý Aýbüke Ýalçyn ýogaldy, esger Soner Fazlyogly şehit boldy.

PKK-nyň soňky terror hüjümi daşary ýurt metbugatynda esasan ünsden düşürildi. “Dailý Sabah” we Türkiýede iňlis dilinde çap edilýän birnäçe habar çeşmesinden daşgary daşary ýurt metbugatyndan hiç kim mugallyma gyzyň tragiki ölümi bilen gyzyklanmady. Çünki başdan geçirilen waka PKK we guramanyň Siriýadaky bölümi bolan ÝPG barada günbatarda bar bolan düşünjä gabat gelmeýär. PKK-ny aklamak we Türkiýä terrorçylyga garşy göreşde dialog hem-de gepleşikleriň ähmiýeti barada wagyz bermek üçin pursatlary sypdyrmaýanlar wakany ýazgarmaly ýa-da duýgudaşlyk ýüzlenmesi ugratmalydyram öýtmediler. Dialog we gepleşik tagallasy, halkara metbugatynyň DAİŞ ýa-da Al Kaýda garşy göreşinde günbatar ýurtlaryna asla bermejek maslahatydyr. Bu hakykat bize taryhyň haýsydyr bir döwründe görülmedik iki standartlylyklar bilen doly terror we ikiýüzlilik döwründe ýaşaýandygymyzy ýatladýar.

PKK-nyň mugallymlary, syýasatçylary we asuda ilaty nyşana alan uzak taryhy bar. Gurama 1984-nji ýyldan bäri 150-den gowrak mugallymy öldürendigini boýun aldy. Mugallymlara guralan hüjümler döwletiň awtoritaryny ejizletmegi, kürt çagalaryny bilimden mahrum etmegi we başga mugallymlaryň günorta-gündogar welaýatlarynda iş gözlemekden mahrum etmek ýaly maksatlara hyzmat edýärdi. Hat-da PKK-nyň iň agyr hüjümlerinden käbirleri mugallymlara guralypdy. 1994-nji ýylyň sentýabr aýynda okuwyň ilkinji gününde alty döwlet mekdebiniň mugallymyny Tunjeliniň şäher merkezinde öldürmek üçin öýlerinden zamun alyp, ýerli halky mugallymlaryň öldürilmegine syn etmäge mejbur edipdi. Bir aý soň bolsa dört mugallym Erzurumyň Tekman etrabynda PKK terrorçylary tarapyndan öldürilipdi. Şübhesiz bu habarlar haýsydyr bir görnüşde mediada seslenme döretdi. Emma hiç haçan adamlaryň aňynda ornaşjak derejä ýetmedi, çünki olar DAİŞ garşy söweşýän gowy, gumanist, erkinligiň tarapdary bolan PKK terrorçylaryny beýan edýän ikiýüzli düşünjä gabat gelmeýärdi.

PKK halkara hukukda söweşiji hasaplanylmaýan ýaragsyz howpsyzlyk güýçlerine garşy köp sanly hüjüm gurady. Şol hüjümlerden daşgary 1993-nji ýylyň maý aýynda Türkiýäniň gündogaryndaky Bingöl-Elazyg ýolunyň ugrunda 33 sany ýaragsyz esgeri wagşylarça öldürdi. 2016-njy ýylyň noýabrynda Kaýseridäki harby garnizona guralan bombaly hüjümde 12 esger öldi, 36 esger ýaralandy. Guramanyň Awstriýa we Germaniýa ýurtlarda ýaýlym berýän propoganda serişdeleri şol hüjümi öwüpdi. Biz bu meseleleri ýewropaly ýolbaşçylaryň dykgatyna ýetirenimizde, olar söz azatlygynyň aňyrsyna bukulmagy saýlap alýarlar. Eýsem haçandan bäri metbugat azatlygynyň aňyrsyna bukulyp, terror propogandasy geçirilýär? Günbatar ýurtlary haýsydyr bir bahana bilen terrorizmiň öwülmegine ýol bererlermi?

Elbetde ýok. eýsem Ýewropada we ABŞ-da başdan geçirilen terror hüjümlerinden soň bolşy ýaly raýatlaryny goramak üçin howpsyzlyk çärelerini hasam berkederler. Şol çäreleri görmekde olar haklydyr we hiç kim olary günäkärläp bilmez. Emma näme üçin mesele Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşi bolanda iki standartlylyyk we ikiýüzlilik ýüze çykýar?

Bu birnäçe tarapdan adaty “Gündogar üçin gowy” diýilýän çemeleşme. Ýewropa merkezçiligi häzirki dünýä ulgamynyň içine çuňňur ornaşdy. Bu çemeleşmede terror diňe günbataryň bähbitlerine zeper ýetiren halatynda erbet we gyssagly çäre görülmeli mesele hökmünde garalýar. Terroryň pespälligi başga ýerlerde ýüze çykanda bolsa günbatar üçin mesele ähmiýetsiz bolýar. Emma ol öz özüne badak salýan çemeleşme. Eýsem iki taraply garaşlylygyň höküm sürýän döwründe hemmeler howpsyz bolman halatynda hiç kim howpsyz däldir.

Geçen ýyllarda günbataryň media organlary PKK/ÝPG terrorçylaryny görelde alarlyk model hökmünde beýan etdi. 2014-nji ýylyň oktýabrynda DAİŞ bilen ÝPG-niň arasyndaky çaknyşyklar Kobanide dowam edýärkä fransuz jurnali “MAri Klir” ÝPG-niň hatarynda söweşýän 12-14 ýaşly iki sany esgeri öwendigi üçin tankyt edildi. Çagalaryň ýaşlaryny anyklan jurnalyň redaktory, şol çaga esgerleri täsir galdyryjy gahrymanlar hökmünde suratlandyrypdy. Emma PKK-nyň jenaýatlaryny aklamak we terrorçylara abraý gazandyrmak ugrundaky tagallalar henizem dowam edýär. 2017-nji ýylyň mart aýynda çap edilen makalada “Nýu-Ýork Taýms” gazeti PKK-nyň adyny agzamazdan Türkiýede “sekulýar kürtler bilen DAİŞ-iň söweşijileri” ýaly iki sany terrorçy toparyň iş alyp barýandygy ýazyldy.

Şenaý Aýbüke Ýalçynyň öldürilmegi barada metbugat berilen habarlaryň beriliş görnüşi ýa-da berilmezligi iň ýönekeýje söz bilen aýdylanda elhençlik. Dünýäniň PKK terrorçylarynyň öňlerine çykan adamlary öldürip, gorkuzyp, basyş edip maksadyna ýetmek isleýändigini görmediksiremegi, onuň etmişini ýeňilleşdirmeýär. Has erbedi şol gurama Siriýanyň demirgazygyndaky bir sebite gözegçilik edýar. Günägeçişlik guramasynyň habar bermegine görä şol gurama hem başga milletlere hem-de garşydaş kürtlere garşy şeýle jenaýatlary edýär, olary başga ýerlere göçmäge mejbur edýär. Günbataryň media organlary bulary elbetde okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär. Emma şol habarlar hiç haçan giňden ýaýradylmaýar ýa-da adamlaryň aňynda ornaşan we köp sanly metbugat organynda hem-de syýasy töwereklerde million gezek gaýtalanan waka öwrülmeýär.


Etiketkalar: metbugat , esger , mugallym , hüjüm , terro , PKK , Batman

Degişli Habarlar