Dost-Doganlygyň Taryhy

Türkmen halk edebiýatynda dessançylyk

Dost-Doganlygyň Taryhy

Däli köňlüm melul bolma,

Meniň hem bagrym daş oldy.

Geldi güçli ganym ugrap,

Ýetmedi güýjüm, ýaş oldy.

 

          Göroglynyň, Arapdan ýeten zorluk, sütem bilen baglanşykly atasy Jygalybegiň beren nesihatyna gulak asyp, öz-özüne göwünlik bermek üçin aýdan şygryndan alan bir bendimiz Gündogarşynas alym Ý. E. Bertels'iň Görogly barada aýdan bu sözleri örän ýerlikli aýdylan söz.

„Türkmen halky Göroglynyň üsti bilen özüni talap, gul etmek islän ähli şalaryň, hanlaryň, begleriň we beýleki wagşylar bilen söweşde arkadagy – hemaýatçysy, goragçysy bolan gahrymanyň obrazyny döredipdir. Görogly halk bilen berk baglydyr, halk bilen Göroglynyň arasyny üzmek mümkin däl“.  

Geçmişdäki taryhymyza ser salsaň, türkmen halkynyň, türkmen topragynda watan goragynda söweşen ýigitleri hakynda ençeme dessanlary döredendigini görmek bolýar. Yhşa şeýle dessanlarymyzyň biri hem “Görogly” dessanydyr. Türkmen dessançylyk sungatynyň nusgawy eserlerinden biri bolan “Görogly” dessany 2015-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen halkynyň desssançylyk sungatynyň kämil nusgasy hökmünde UNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Dilden-dile geçip gelýän dessanlarymyz halk suhangöýleri ösdürýärler. Dessanlar ýerine ýetirilende beýan etmek, aýdym, onuň şekillendirilişi we milli saz gurallarynda ýerine ýetirilýän sazlar bilen utgaşdyrylmagy möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu özboluşly döredijiligiň milli ýörelgelerini wagyz etmek biziň günlerimize ýetip gelen dessanlary täzeden açmak maksady bilen, Aziýa ýurtlarynda suhangöýleriň festiwal bäsleşigini geçirmek boýunça teklipler öňe sürüldi.

Suhangöýleriň şeýle bäsleşikleriniň geçirilmegi hakyndaky pikiriniň öňe atylmagy we bu pikirleriň durmuşa geçirilmegi türklemnleriň ösen dessançylyk sungatynyň bolandygynyň we şol sungatyň diňe bir Türkmenler tarapyndan däl–de eýsem beýleki türki halklar we milletler tarapyndan hem ykrar edilendigine şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň milli medeniýetiniň iň oňat nusgalaryny emele getirýän, şu günki günlerimizde hem ähmiýetini ýitirmeýän dessanlarmyzdan Asly–Kerem, Gül–Senuber ýaly yşky–liriki dessanlar bolýan bolsa, Görogly, Oguznama ýaly dessanlarymyz türkmenleriň özleriniň hemaýatkärlerini we arkadaglaryny taryp eden dessanlar bolup durýar. Türkmen dessanlary diňe gahrymançylygy ündew edýän, yşky lirika ýugrulan dessanlar bolmak bilen galman Baba Röwşen ýaly dessanlary ynsanperwerligiň ündew edilýän dessanlary hökmünde mysal hökmünde görkezilip binler.  

Türkmeniň dessançylyk däpleriniň ösdürilmeginde we türkmeniň dessançylyk däpleriniň sowet döwründäki tanymal türkmen ýazyjy we şahyrlarynyň döredijiligine ýetiren täsiri hem uly bolupdyr. Şonuň üçin hem türkmen dessançylygynyň täsiriniň aýratynlygy hakynda agzap geçmeklik gerek bolsa ilki bilen Nurmuhammet Andalypdan başlansa ýerlikli bolsa gerek.   

Nur­mu­ham­met An­da­lyp türk­men ede­bi­ýa­tyn­da iň köp des­san ýa­zan şahyr­la­ryň bi­ri hök­mün­de ta­nal­ýar. Oky­jy­lar onuň Leý­li–Mej­nun, Ýusup–Züleýha, Ba­ba­röw­şen, Zeý­ne­la­rap des­san­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­lar.

Magrupy arap we pars medeniýeti, ylymy we edebiýaty bilen çuň tanyş, liriki şygyrlara ussat "Seýpelmelek–Methaljemal" dessanyny ýazýar. "Döwletýar" eserini taryhy planda ýazýar. Onyň "Ýusup-Ahmet" atly eseri ajaýyp milli nusga bolmak bilen bu eseriniň dowamy hökmünde "Aly beg we Baly beg" eseri bilen tümken dessançylygyna öz goşandyny goşýar.

Häzirki zaman ösen türkmen edebiýaty tarp ýerden däl türkmen halkynyň uzak asyrlaryň jümmüşine siňip gidýän baý edebi mirasynadan dörän edebiýat bolmak bilen edebi mirasymyz dürli mazmundaky ertekidir, rowaýatlary, yşky we gahrymançylykly dessanlaryndan gözbaşyny alyp gaýdýar. Türkmen dessançylygynyň nusgawy eserleri häzirki türkmen edebiýatynyň irki wekilleri üçin ajaýyp göreldedi.

Türkmen dessançylyk ýörelgeleriniň häzirki zaman türkmen prozasyna, dramaturgiýasyna, ýazyjydyr–şahyrlaryna ýetiren täsiri hakynda kelam agyz söz aýtmak gerek bolsa ýigriminji ýyllarda kyssa görnüşinde bolyp türkmen halkynyň arasynda giňden belli bolan Myralynyň, Keminäniň, Aldarkösäniň, Ependiniň, Japbaklaryň we başgalaryň atlary bilen baglanyşykly gysgajyk hekaýalardan ybarat bolypdyr. “Görogly” dessanynda we türkmen dessanlarynda suratlandyrylýan wakalar kyssanyň hem-de şygryň gatyşdyrylyp getirilmegi bilen beýan edilýär. Bu däp XX asyryň başlaryna çenli dowam edipdir. Meselem, Mollamurt “Emir we Zerli” dessanyny ýazýar. Türkmen edebiýatynda proza we dramaturgiýanyň ýüze çykmagy üçin ähmiýetli rol oýnan faktorlaryň biri türkmen dessançylygy we dessançylyk ýörelgesiniň täsiridir.



Degişli Habarlar