Dost-Doganlygyň Taryhy

Medinede Muhammet, Türkistanda Hoca Ahmet

Dost-Doganlygyň Taryhy

Kaýda görseň köňli synyk, merhem bolgul,

Ondag mazlum ýolda bolsa, hemdem bolgul,

Ruzy-magşar didaryna mährem bolgul,

Maýu-menlik halaýykdan gaçdym men-ä.

 

«Medinede Muhammetden» soň «Türkistanda Hoja Ahmet» diýdiren, türkmeniň meşhur piri, Hoja Ahmet Ýasawy, seljuk türkmenleri zamanynda ýaşap, ajaýyp hikmetleri ýazyp bize miras galdyran ussat şahyrdyr. 800 ýyllap dowam eden uly bir edebi mekdebi döreden Hoja Ahmet Ýasawy, seljuk türkmenleri döwründe şeýle uly mekdebi döretmek bilen galman eýsem şol döwürde pars diliniň hökmürowanlyk süren zamanasynda ilkinji bolup oguz türkmen dilindäki ýazuwly edebiýaty esaslandyran we gelejekki nesillere miras goýup giden ussatdyr.

Ýokarda, Hoja Ahmet Ýasewiniň “Hikmetlerinden” alan beýdimiz, onyň, biziň nesillermize goýup giden şol mirasynyň müňde biri bolmasa hem, ondan galan mirasyň näderejede adamzat üçin wajypdygyndan habar berýär.  

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde «Ýa yklym eýesi Ahmet Ýasawy, meniň Sahypjemalymny gördüňmi?!», «Hyrka geýen Hoja Ahmet, Seýramdadyr Seýramda» diýip ýat edip geçmek bilen adyny hormat bilen tutan alymy, şahyry, medet diläni, Türküstan Şyhy Hoja Ahmet Ýasawydyr. Ol diňe bir Magtymguly atamyza öz täsirini ýetirip bilen şahsyet hökmünde bolman eýsem özüniň dünýägaraýyşlary, sopyçylyk ýoly bilen musyrmanlaryň ýaşan Gündogarynda ymykly yz galdyrmagy başaran tanymal şahysdyr. Onuň özünden soňky edebiýatda nijeme zehinlere ylham çeşmesi bolandygy bellärliklidir. Nusgawy edebiýatymyzda, Ahmet Ýasawa zehini daş ýaran şahyrlarymyzyň ýüzlenmekleri, onuň hakykatdan hem edebi akabanyň gözbaşy bolandygyndan habar berýär.

Hoja Ahmet Ýasawy 1105-nji ýylda Türkistanyň Ýassy obasynda Şyh Ybraýymyň maşgalasynda eneden doglup, 1166-njy ýylda aradan çykýar. Ýedi ýaşda atadan galan Hoja Ahmet ilki Arslan babadan, soňra Buharada Ýusup Hemedanydan tälim alýar. Ol öz ömrüni tutuşlygyna sopuçylyk ylmyna bagyşlap, bu ugurda «ýasawyçylyk» (ylmy çeşmelerde „ýasawiýa“) mekdebini esaslandyrýar.

Ahmet Ýasawynyň özüne ýeterlik çylşyrymly döredijiligi bar. Ol zamanasynyň din ylmyndan hem sopuçylyk pelsepesinden hem kemsiz ýüküni tutupdyr. Onuň hikmetleri hakykatdan hem paýhas çeşmesi bolup durýar.

Hoja Ahmet Ýasawynyň “Hikmetlerinden” alyp, gepleşigiň başynda beren bir oýnam beýdimizde adamkärçilikden söz edilýän bolsa, aşakdaky beýdimizde Allany özüne ýar edenleriň gözleriniň açylyp, azaşman bu dünýädäki özleri üçin dogry bolan ýoldan, dogry ýere gönükdirjek ýolyny tapjakdygyny, bu dünýäde gereksiz işe gümra bolyp ömrüni bihuda ötürmejekdigini aýdyp geçýär.

 

Haýsy gula Alla ady bolsa hemra,

Açylar gözi, ýolun tapar, bolmaz gümra,

          – diýen bolsa,

 

Ýasawylyk ady berilen sopyçylyk akymynyñ ýolbaşçysy bolan "Hezreti Türkistan" lakamly Hoja Ahmet Ýasawynyñ galamyndan çykan hikmetleriniň diňe bir ýol görkeziji däl eýsem bu hikmetlerdäki dana pikirleri tirmegi başaranlara hormat we rehmetiň ýagjakdygyny hikmetlerinde şeýle nygtap geçýär:

 

Eger bolsa miýesser kime Hikmet,

Ony kylar Resulalla şefagat.

 

Meniň hikmetlerim kim kylsa yzzat,

Halaýyklar tapar dünýäde rehmet.


Hoja Ahmet Ýesewi baş goýan ýolunda ýeke özü ýöremek bilen galman ýolynyň dowam etmegi üçin güç–gaýratyny gaýgyrmandyr. Şonuň üçin hem onyň ençeme müridi, şägirdi bolupdyr. Eden işleri, ýetişdiren şägirtleriniň saýasynda onuň ady birnäce asyrlaryň dowamynda keramatly öwliýa, pir diýilip dilden dile, nesilden nesile geçip, biziň şu günki günümize çenli gelip ýetipdir.

Hoja Ahmet Ýesewi “Hikmetlerini” okan we amal edenleriň rehmet we rehnet görjekdigini belläp geçen bolsa, atamyz Magtymguly pyragy onyň “Hikmetleriniň” hümmetiniň hem bardygyny “At islärin” goşgysyndan alan aşakdaky beýdimizde şeýle belläp geçýär.

 

Hajy Bekdaş, Abdylkadyr,

Hoja Ahmet, Ymam Ryzadyr,

Feridun bir öwlüýadyr,

Baryndan himmet islärin.  

 

Beýik akyldar Magtymguly Pyragy bu beýik piri özüniň halypasy hasaplapdyr we oňa "Türkistanda Hoja Ahmet, Medinede Muhammet" diýip örän ýokary baha beripdir. Hoja Ahmet Ýasawyny ýat edip geçip Magtymguly atamyz ony öz setirlerinde hormatlamak bilen galman,eýsem  oňa ýokary derejede beýgeltmek bilen ony şeýle yatlap gecipdir. Ynha şol ýatlamalara ýer berlen setirlere bir mysal, Magtymguly atamyzyň “Gördüňmi” goşgysyndan:

 

Hezret Aly etgeç älemge dagwy,

Kapdan Kaba düşdi hazretiň çawy,

Ýa yklym eýesi Ahmet Ýasawy!

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

 

Hoja Ahmet Ýaswynyň döredijiligi hakynda gürüň gozgalan halatynda belläp geçilmeli zatlaryň biri hem, Hoja Ahmet Ýasawynyň türkmen diline bolan söýgüsi we onyň türkmen dilini ösdürmekde tutan ornydyr. Hoja Ahmet Ýasawy, Nowaňýydan has ir türki dilde, has takygy türkmen dilinde hikmet aýdyp ugraýar. Munuň özi Hoja Ahmet Ýasawynyň türkmen diline bolan söýgüsidi. Döwrüň men-men diýen söz ussatlaryna türki dilde hem ajap, kämil şygyrlary döredip bolýandygyny subut etmek aňsadam däldi. Bu dogruda Hoja Ahmet Ýasawy şeýle ýazýar.

 

Hoşlamaýdur alymlar biziň aýtgan türküni,

Ariflardan eşitseň, açar köňül mülküni.

Aýat, hadys, manysy türki bolsa muwafyk,

Manysyga ýetenler ýerge koýar burkuny.

 

          Hoja Ahmet Yasawy 1166–njy ýylda dünyäden ötýär, onuň mazary Türkistan şäheriniň yanyndaky Yasy (Yassy) obasynda ýerleşýär. 1395–1397-nji yyllarda Emir Teýmir, Hoja Ahmet Ýasawynyň köne mazarynyň üstüne haşamly gummez galdyrýar.



Degişli Habarlar