Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Özbegistandan gelip gowuşdy.

“Türkiýe-Özbegistan arasynda syýahatçylyk ugrunda hyzmatdaşlyk” atly habarymyzyň mazmuny şu aşakdaky ýaly:

Özbegistanyň paýtagaty Daşkent şäherinde Türkiýe-Özbegistan bilelikdäki syýahatçylyk komissiýasynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Özbegistana giden Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň resmileri Özbegistanyň syýahatçylyk pudagynyň resmileri bilen gepleşikler geçirdi. Gepleşiklerden soň Türkiýäniň Syýahatçylyk agentlikleri Bileleşigi we Türkiýäniň Myhmanhanalar federasiýasy bilen Özbegistanyň Syýahatçylyk agentlikleri Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekildi.

Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nabi Awjy bilen Özbegistanyň Syýahatçylygy ösdürmek döwlet komitediniň başlygy Anwar Şarapowyň başda durmagynda gol çekilen şertnama Türkiýäniň Myhmanhanalar federasiýasynyň başlygy Aýyk we Türkiýäniň Syýahatçylar agentlikleri Bileleşiginiň Ýerine ýetirjiler geňeşiniň agzasy Ýüksek bilen Özbegistanyň Syýahatçylyklar agentlikleri Bileleşiginiň başlygy Kasimow dagylar gol çekdi.

Gol çekişlik dabarasynda söz sözlän ministr Awjy Türkiýe bilen Özbegistanyň şu günki güne çenli mümkinçilikleriniň örän pes derejesinde bolandygyna ünsleri çekip “Nesip bolsa mundan soň, hem Türkiýäniň hem-de Özbegistanyň mümkinçiliklerini, medeni we syýahatçylyk baýlyklaryny has köp adama ýetirmäge bul gol çekilen şertnamalar goldaw berer we Türkiýe Özbegistany, Özbegistan bolsa Türkiýäni has hem ýakyndan tanar” diýip belledi.

 

Nobatda Doganlyk ýurtlaryň umumy guramalaryndan biri bolan Türk Geňeşi bilen bagly habarymyz bar.

Türk Geňeşi Baku-Aktau-Samsun doganlyk portlaryň ikinji maslahaty Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirildi. Maslahata Bakuda bar bolan Geňeşe agza ýurtlaryň ilçileri gatnaşdylar.

Maslahat Azerbaýjanyň Transport, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministri Ramin Guluzade, Baku Halkara Deňiz söwda portynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Dr. Taleh Ziýadow we Türk Geňeşi guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Dr. Ömer Kojamanyň çykyşlary bilen başlady.

Maslahata gatnaşanlar Hytaý-Ýewropa liniýasynda logistika pudagynda bolup geçen soňky hadysalaryň üstünde durup geçip, Trans-Hazar transport liniýasynda söwdanyň ýeňilleşdirilmegi we mundan soňky taslamalaryň ýeňillik bilen dolandyrylmagy üçin transport infrastrukturasynyň döredilmeginiň wajypdygyny belläp geçdiler.

Deňiz menzilleriniň başlyklarynyň çykyşlary bilen dowam eden maslahatda Azerbaýjnayň Gümrük edarasy, Tranzit geňeş, CASPAR, Demir ýollar guramasy ýaly möhüm aragatnaşyk guramalaryň wekilleri we hususy pudakdan gelen wekiller doganlyk ýurtlaryň portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we Trans-Hazar koridorynyň üsti bilen ýerine ýetirilýän ýük daşamak operasiýalarynyň ýeňilleşdirilmeginiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatyň çäginde has netijeli hyzmatdaşlygy maksat edinýän we portlar bilen Türk geňeşi sekretariýatynyň resmilerinden ybarat toparyň döredilmegi barada karar kabul edildi. Maslahatyň ahyrynda wekiller portlaryň işleýşini we gurluşygyň dowam edýän ýerlerini görmek üçin Alatda ýerleşýän Baku Halkara deňiz söwda portyna baryp gördüler.

Türk Geňeşi Doganlyk portlaryň nobatdaky maslahaty Gazagystanyň Aktau portynda geçiriler.

 

Nobatda Gazagystandan gelip gowuşan habarymyz bar. Gazagystanyň Türkistan şäherinde Halkara Türk akademiýasy we Günorta Gazagystan welaýatynyň häkimligi tarapyndan “Türk dünýäsi we maglumat ugry” temaly I Halkara Media forumy geçirildi.

Foruma Halkara guramalaryň başlyklary bilen birlikde, Azerbaýjan, Başgyrdystan, Belgiýa, Gyrgyzystan, Özbegistan, Tatarystan, Türkiýe we Gazagystan ýaly ýurtlardan gelen habarlar gulluklarynyň we metbugat guramalarynyň ýolbaşçylary, žurnalistler, medeniýet we döwlet adamlary, ylmy işgärler gatnaşdylar.

Akademiýanyň başlygy Darhan Kydyraliniň ýolbaşçylyk etmeginde geçen Media forumynyň açylyş dabarasynda Günorta Gazagystan welaýatynyň häkimi Janseýit Tüýmbaýew eden çykyşyynda ady agzalan forumyň “Türk dünýäsiniň medeni paýtagty” dabaralarynyň çäginde geçirilen çäreleriň iň möhümleriniň biridigini belledi.

Halkara forumyň çäginde ikitaraplaýn maglumat çalşygy we umumy telewideniýe kanallarynyň döredilmegi temalary bilen 2 aýry oturlyşyk boldy. Türk dünýäsiniň ikitaraplaýyn maglumat çalşygy temaly 1-nji oturlyşykda maslahata gatnaşyjylar umumy informasiýa syýasaty döredilmeden Türk integrasiýasynyň doly ýagdaýda bolmajakdygyny nygtadylar.

“Haber agentligi” guramasynyň başlygynyň orunbasary Rinat Kertaýewiň guramaçylyk etmeginde geçirilen maslahatyň 2-nji oturlyşygynda gatnaşan adamlar 2014-nji ýylda Bodrumda geçirilen sammitde Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň öňe süren Türk dünýäsiniň umumy telewideniýe kanaly guramasynyň döredilmeginiň üstünde durulyp geçildi we taraplar öz maslahatlaryny orta atdylar.

Forumyň çäginde mundan başgada Türk akademiýasynyň başlygy Darhan Kydyrali Halkara Türk akademiýasyna degişli ýurtlardaky mümkinçilikleri we üstünlikli tejribeleri tanyşdyrjak Gazagystanyň dostlary klubynyň döredilmegini teklip etdi.

Şunuň bilen birlikde forumda Türk dünýäsiniň tanyşdyrmak üçin edilýän tagallalary goldamak we höweslendirmek maksady bilen Akademiýa tarapyndan öňe sürülen Ismail Gaspyraly Halkara media sylaglarynyň ilkinjileri eýelerine gowşuryldy.

 

Gepleşigimizi Tatarystan bilen baglanşykly habar bilen tamamlamakçy.

Tatarystandan gelen arhiwleriň işgärleri Türkiýede Premýer ministrlige degişli Osmanly arhiwinde iş tejribesini geçdiler.

Tatarystanyň Arhiw gullugyndan gelen hünärmenler daşary ýurtlarda tejribe almak üçin Stambulda ýerleşýän Premýer ministrlik Osmanly arhiwlerinde iş tejribesini geçdiler.

Gelen myhmanlar iş tejribesinde gorap-saklamak, aýyklamak we elektron ýagdaýa öwürmek işleriniň dolanşygy, abatlaýyş laboratoriýasynda işlemek we resminamalary elektron ýagdaýynda ulanmak ýaly tejribelerden geçdiler. Tatarystandan gelen myhmanlar türk kärdeşleriniň kömegi bilen Tatarystan Respublikasy we tatar taryhy bilen baglanşykly ençeme resminalar bilen tanyş boldylar. Meşhur tatar žurnalist Fatih Karimiň Ahmet Mithata ýazan haty, Kazanda dogulan aslu rus bolan gündogary öwreniji meşhur ylmy işgär we terjimeçi Olga Lebedewanyň Türkieýede ýaşan ýyllary bilen baglanşykly taryhy resminamalar şolaryň käbirleri.



Degişli Habarlar