Aktual Analiz

Prezident R.T.Erdoganyň ABŞ-na guran sapary

Aktual Analiz

Prezident R.T.Erdoganyň ABŞ-na guran sapary Türkiýe-ABŞ gatnaşyklarynda ýüze çykan düşnüşmezliklerden biriniň täsiri astynda guraldy. Duşuşykdan ozal Amerikan metbugatynda Erdoganyň Trampyň “iň agyr myhmanlaryndan” biri boljakdygy barada analizler berildi. Hem ýerli hem-de daşary ýurt metbugatynda dartgynly tapgyry başdan geçirýän Türkiýe-ABŞ gatnaşyklarynda öwrülşik nokadynyň boljakdygy we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hasam dartgynlaşjakdygy barada makalalar ýazyldy. Emma biziň ozalky makalalalarymyzdan birinde hem beýan edişimiz ýaly duşuşyk bularyň ählisini puja çykardy. Prezident Tramp myhmanyny gapynyň öňünde garşy alyp, Prezident Erdogana iňňän ýokary derejede çemeleşdi. Metbubata berilen beýannamalarda-da iki lider hem Türk-Amerikan gatnaşyklarynyň ähmiýetini nygtap, düşnüşmezlige sebäp bolan ugurlar barada-da durup geçmediler. Şeýlelikde duşuşygyň halk köpçüligine aýan bolan tapgyrynda onuň oňyn we netijeli geçendigini aýdyp bileris.

Saparyň eýeleýän ähmiýetine laýyklykda Hormatly Prezident duşuşyga gün tertibiniň esasy ugurlary we esasy ministrlerden hem-de resmilerden ybarat bolan wekiliýet bilen gatnaşdy. Seljerilen ugurlaryň hatarynda harby, strategik, syýasy we ykdysady gatnaşyklardan terrorçylyga garşy göreşe çenli Türk-Amerikan gatnaşyklaryna ýaramaz täsir ýetirýän käbir meseleler seljerildi. Şol ugurlara ser salanymyzda; olaryň Siriýa we Ýakyn Gündogar bilen bagly umumy meseleler, Türkiýäniň isleg bildirýän harby ýaraglary we enjamlary, terrorçylyga garşy göreş, FETÖ meselesi, ÝPG-ä, DAIŞ-e garşy göreş we Rakka guralmagy meýilleşdirilýän operasiýa ýaly Türk-Amerikan gatnaşyklaryny gyzyklandyrýan ugurlardygy görülýär.

ABŞ-daky duşuşyklaryň netijelerine garalanda hem Prezident Erdoganyň hem-de wekiliýetiň düzümindäkileriň beren beýannamalaryndan we metbugatda berilen analizlerden mälim bolşuna görä sapar garaşylýan netijäni berdi. Esasanda FETÖ meselesi we terror guramasy ÝPG bilen bagly meselelere ABŞ-nyň başgaça çemeleşýändigi aç-açan ýüze çykdy. Prezident Tramp FETÖ meselesiniň hukuky tapgyrdan ybaratdygyny öňe sürüp, Türkiýäniň isleglerine oňyn çemeleşmedi. Emma FETÖ-niň işlerini seljermek üçin ýörite toparyň döredilmegi barada söz berdi. ÝPG meselesinde bolsa, onuň PKK-dan tapawutly gurluşa eýe bolandygy tezisinden ugur alynyp, ABŞ-nyň DAIŞ-e garşy göreşinde we Rakkanyň alynmagynda onuň bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigi beýan edildi.

Meseläniň oňyn tarapyndan seredilende saparyň köp sanly oňyn netijeleri hem boldy. Şolaryň başynda Türk-Amerikan gatnaşyklary näbellilik girdabyna batmakdan halas boldy. İki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlyklaryň duzagyndan halas bolup, gözegçilik astyna alyndy we şeýlelikde Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda täze bir döwür başlady. Täze döwürde özara gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine göterilip-göterilmejekdigini bolsa ediljek syýasy hem-de harby başlangyçlar bilen olaryň iş ýüzüne geçirlişi kesgitlär. Emma iň bolmanda dartgynlaşan Türk-Amerikan gatnaşyklary ýaňadandan kadalaşdy. Mundan başga-da Türkiýäniň isleg bildirýän 100-den gowrak Skorski kysymly dik uçar we uçarmansyz howa ulaglarynyň satuwy meselesinde Prezident Tramp goldaw berjekdigini beýan etdi. ÝPG meselesinde bolsa Türkiýäniň islegi kanagatlandyrylmadyk hem bolsa, ABŞ-nyň bu meselede gowşamagyny üpjün etdi. Prezident Tramp ÝPG-niň Türkiýä hüjüm guramazlygy we şol gurama berilen Amerikan ýaraglarynyň Türkiýä garşy ulanylmazlygy barada kepillendirdi. Belki geljekki tapgyrda ÝPG-ä berilen agyr ýaraglar Rakka operasiýasyndan soň ýygnalyp bilner.

Netijede ABŞ-nyň bähbitleri global güýç hökmünde pozisiýasyny dowam etdirmek üçin sebitleýin güç bolan Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy talap edýär. Prezident Trampyň Sowuk uruş döwründäki Türk-Amerikan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ünsi çekmegi ABŞ-nyň Türkiýä bolan şol strategik isleginiň netijesidir. Türkiýe bolsa ABŞ ýaly güýjüň hususan Siriýada we Yrakda, umuman Ýakyn Gündogar sebitinde alyp barjak syýasatynyň ýaramaz täsirlerinden goranmak hem-de olary umumy bähbide öwürmek üçin gatnaşygy dowam etdirmeli.



Degişli Habarlar