Stambulyň zabt edilmeginiň 564-nji ýyly

Stambul şäheri zabt edileninden soň Osmanly imperiýasynyň täze paýtagty boldy

Stambulyň zabt edilmeginiň 564-nji ýyly

Osmanly imperiýasy esasan hem Wizantiýanyň topraklaryny basyp alyp ulaldy we güýçlendi. Osmanlylaryň hem Anadolydaky hem-de Rumilindäki basyp alyşlarynyň netijesinde Wizantiýa diňe Stambuldan ybarat şäher döwletine öwrüldi.

1453-nji ýylda Osmanly Patyşasy Soltan Mehmet Stambul şäheriniň Wizantiýanyň elinde bolmagynyň Osmanly döwleti üçin howpdygyny aýdyp, uly goşun bilen Stambuly gabaw astyna aldy.

Ençeme gün dowam eden söwşleriň netijesinde we Osmanlylaryň ulanan döwrebap toplarynyň saýasynda Stambul 1453-nji ýylyň 29-njy maýynda zabt edildi.

Şeýlelik bilen Stambul şäheri Osmanly imperiýasynyň täze paýtagty boldy.

Orta asyrlaryň soňy we täze döwrüň başlangyjy bolan Stambulyň zabt edilmegi dünýä taryhyna hem uly täsir ýetirip günbatarda Özgertmeleriň we Galkynyşyň başlangyjy boldy.


Etiketkalar: soltan , Stambul , zabt etmek

Degişli Habarlar