Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Türkiýe-Fransiýa gatnaşyklary

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

 

 

Fransiýada ýaňy ýakynda prezident saýlawy geçirildi. Saýlawyň ikinji tapgyrynda Emmanuel Makron üstünlik gazandy. Biz hem gepleşigimiziň bu günki sanynda Fransiýada geçirlen prezident saýlawy we saýlawyň Türkiýe-Fransiýa gatnaşyklaryna ýetirjek täsiri hakynda maglumat bermekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç Ipegiň mesele hakyndaky analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

Fransiýada geçirlen prezident saýlawynda Ýöriş hereketiniň dalaşgäri Emmanuel Makron sesleriň 66,1 göterimini alyp Fransiýanyň täze prezidenti boldy.

Makron 1 ýyl ozal hem beýle ýakyndan tanalmaýardy. Prezident Olandyň ýolbaşçylygyndaky Ministrler kabinetinde Ykdysadyýet ministri wezipesini ýerine ýetirýärdi. Sosýalist partiýadan aýrylyp Ýöriş hereketi partiýasyny gurdy. Gysga wagtda hem Fransiýanyň iň ýaş prezidenti boldy. Makronyň ýeňişini Ýewropa şowhunly ýagdaýda gutlady. Liberal we sosýal demokrat syýasatçylar Makrony ÝB-niň halas edijisi hökmünde görýär. Bu netije daşary syýasat taýdan Günbatarly ýurtlary arkaýynlaşdyrdy. Çünki Makron halkara platformada ÝB-ne we garaýyşlaryna uly ähmiýet berýär.

Makron Fransiýanyň ykdysady we sosýal taýdan başdan geçirýän kynçylyklarynyň hötdesinden gelinmegi üçin täze garaýyşlar we taslamalar teklip etdi. Şol sebäpli jemgyýetiň ähli gatlagynyň goldawyny aldy, emma yly synaglardan geçmeli bolar. Fransiýa ykydysady taýdan uly kynçylygy başdan geçirýär we şol kynçylyklar 2020-njy ýylda Fransiýanyň bujetini çykgynsyz ýagdaýa getirip biler. Fransiýa häzirden ykdysady kynçylygy başdan geçirýän ýurda öwrüldi. Berk çäre görülmän halatynda bagtyýar döwlet aýratynlygyny ýitirip biler.

Fransuzlar prezident saýlawynyň yzy ýanyndan ýagny 11-nji iýunda hem halk deputatlaryny saýlamak üçin ses berer. Saýlawyň birinji tapgyrynda sesleriň azyndan 50 göterimini alan dalaşgärler göniden halk deputatlygyna saýlanar.

50 göterim ses alyp bilmedik dalaşgärler üçin saýlawyň ikinji tapgyry geçirler. 18-nji iýunda geçiriljek ikinji tapgyra bolsa birinji tapgyrda azyndan 12,5 göterim ses alan dalaşgärler gatnaşar. Ikinji tapgyrda iň köp ses alan dalaşgär halk deputatlygyna saýlanar.

OpinionWaý atly ylmy barlag guramasy saýlawyň ikinji tapgyry hakynda ýaňy ýakynda barlag geçirdi. Barlagyň netijelerine görä, Makronyň ýolbaşçylygyndaky Ýöriş hereketi partiýasy öňde barýar.

Makronyň alan netijesi Fransiýada daşary ýurt duşmançylygy, türkofobiýa we yslamofobiýa akymynyň pese gaçandygy manysyny aňlatmaýar. Le Peniň alan 33 göterimlik sesi bolsa şol akymlaryň güýçlenendigini görkezýär. Fransiýadaky saýlawlardan soň Ýewropada aşa sagçylaryň syýasy aktýor ýagdaýyna gelendigini aýdyp bileris. Gynansakda Ýewropada aşa sagçy ýewropaly syýasatçylar türkofobiýa we yslamofobiýa akymynyň güýçlenmegine sebäp boldy. Şol kynçylygyň gysga wagtda çözülmeginiň ýeke-täk ýoly bolsa ÝB-niň Türkiýäni agzalyga almagydyr.  Bu şol bir wagtda Ýewropanyň aşa sagçylar tarapyndan ýesir alynmagynyň öňüni almagyň ýeke-täk ýolydyr.

Makronyň Türkiýäni ýakyndan gyzyklandyrýan daşary syýasat meselesinde nähili syýasat alyp barjakdygyny öňünden bilmek kyn. Çünki ýaş lider syýasy taýdan beýle tejribeli däl. Ýöriş hereketi partiýasyny hem ýaňky ýakynda gurdy. Makron Türkiýäniň birnäçe ugurda ýakyndan işleşjek lideri bolup biler. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron maý aýynyň ahyrynda Brýusselde geçiriljek NATO-nyň liderler maslahatynyň çäginde duşuşyp biler. Makronyň Olland döwründäki Türkiýe bilen ýakyn gatnaşyk etmek syýasatyny dowam etdirjekdigi çaklanýar. Aslynda Makron häzire çenli Türkiýe we Türkiýäniň ÝB-ne agzalygy hakynda diýseň az beýanat berdi. Beýatlarynyň birinde ÝB-niň Türkiýä gapylaryny ýapmaly däldigine ünsi çekdi.

Türkiýe soňky döwürde Germaniýa, Gollandiýa, Awstriýa ýaly ÝB-ne agza ýurtlar bilen käbir kynçylyklary başdan geçirdi. Fransiýa bolsa Türkiýä has ünsli çemeleşdi we Siriýa krizisi ýaly käbir meselelerde Türkiýä goldaw berdi. Türkiýe bilen Fransiýanyň ýakyndan gatnaşyk etmegi, Ýewropa we Siriýa meselesinde hyzmatdaşlyk etmegi strategiýa taýdan iki ýurduň bähbidine bolar. Makronyň prezidentlige saýlanmagy we NATO-nyň liderler maslahatynyň çäginde boljak Erdogan-Makron duşuşygy munyň üçin  uly pursat bolup biler.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç Ipegiň Fransiýada geçirlen prezident saýlawy we saýlawyň Türkiýe-Fransiýa gatnaşyklary hakyndaky analizini dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar