Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Güntertibi

Türk Akymy taslamasy

693878
Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Güntertibi

Türkiýe tarapyndan tassyklanmagyndan soň aprel aýynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem Türk Akymy tebigy gaz turba geçiriji taslamasy baradaky Türk-Rus ylalaşygyny tassyklady. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Türk Akymy taslamasy we onuň sebite ýetirjek täsirleri barada durup geçmek isleýäris.

Atatürk uniwersitetinin Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türk Akymy tebigy gaz turba geçiriji taslamasy baradaky Türk-Rus ylalaşygyny tassyklady. Ylalaşyk Türkiýäniň Mejlisinde 2016-njy yýlyň 2-nji fewralynda kabul edildi. Russiýanyň Döwlet Dumasy bolsa 20-nji ýanwarda, Federasiýa Geňeşi bolsa 1-nji fewralda ylalaşygy kabul etdi. Türk akymy taslamasy baradaky hökümetara ylalaşyk bolsa Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 2016-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda gol çekişilipdi.

Taslamanyň deňiziň aşagyndan geçjek bölegi Russiýanyň Anapa diýilýän ýerinde başlap, Türkiýäniň Frakiýa sebitindäki Kyýyköýde tamamlanar. Türkiýe taslama bilen tebigy gazy has arzan bahadan alyp biler. Çünki tebigy gaz Türkiýä üstaşyr däl, eýsem gönüden geler. Türkiýe häzirki wagtda Ukraina, Moldowa, Rumyniýa, Bolgari liniýasynda ýylda 14 milliar m3 tebigy gaz alýar. Taslama bilen indi Russiýadan gönüden tebigy gaz alynar. Ol hem geçiş töleglerini tölemejek Türkiýe üçin has amatly şert döredýär. Geljekde Russiýa-Ukraina ýa-da Russiýa-Rumyniýa/Bolgariýanyň arasynda ýüze çykmagy ähtimal düşnüşmezlikler Türkiýä zyýan ýetirmez. Türk akymynyň göz öňünde tutulýan göteriş mümkinçiligi 63 milliard m3. Türkiýe bolsa taslamadan ýylda 14 milliard m3 tebigy gaz alar, galan 49 milliard m3 tebigy gazyň Türkiýäniň we Gresiýanyň üstaşyr Ýewropa akdrylmagy meýilleşdirilýär.

Günbataryň iki standartly syýasatlary Türkiýe bilen Russiýany hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirýär. Şeýlelikde halkara we sebitleýin konýenktura Türk Akymy taslamasy üçin amatly syýasy şert döredýär. Türk Akymy taslamasy Türkiýäniň tebigy gaz üpjünçiligi taýdan möhüm, emma taslamanyň energetikanyň köpugurlylygyna boljak goşandy çäkli. Türkiýäniň energetikadaky importa garaşlylygy 72 göterime barabar. Türkiýänin tebigy gazda Russiýa bolan garaşlylygy bolsa hususy pudak bilen birlikde 42 göterim, hususy pudak degişli bolmanda 29 göterime barabar.

Türk Akymy taslamasy Türkiýäniň global energiýa üpjünçiliginiň howpsyzlygynda eýelemegi meýilleşdirýän pozisiýasy tranzit ýurt bolmak ugrundaky maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine-de goşant goşar. Türk Akymy taslamasy bilen Türkiýe Russiýadan goşmaça tebigy gaz almaz. Diňe alýan tebigy gazynyň ugruny üýtgedýär. Türk Akymy bilen Ýewropa akdyryljak tebigy gazyň Türkiýäniň üstaşyr geçmegi Türkiýäniň energetikanyň merkezine öwrülmek baradaky strategiýasyna goşant goşant goşar. Rus tebigy gazynyň Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrylmagy Türkiýe-Russiýa gatnaşyklaryny hem durnuklaşdyrar. Şonuň bilen birlikde Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynda-da energetika arkaly täze bir tapgyryň başlamagy ähtimal.

Türk Akymy taslamasy Russiýanyň Türkiýä bolan ynamynyň netijesidir. Türk Akymy energiýanyň geçirilmeginde täze ugur emele getirmegi we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary goşjak oňyn goşandy taýdan möhüm. Şeýle-de Türkiýäniň ilkinji ýadro bekedi Akkuýu ýadro bekediniň rus firmasy tarapyndan gurulmagy hem özara gatnaşyklara özboluşly goşant goşar.

Soňky döwürde global derejede ähmiýetli energiýa taslamalarynda orun eýeleýän Türkiýe energiýa merkezine öwrülmek taýdan Türk Akymy taslamasy bilen täze bir tapgyra gadam barýar. Ehem Türk Akymy hem-de TANAP we TAP taslamalary bilen Türkiýe energiýanyň üstaşyr akdyrylmagy taýdan möhüm pozisiýa eýelär. Şeýlelikde global energetiýa kartasynda strategik ähmiýete eýe bolar. Energetikanyň global syýasatdaky we global ykdysady bazarlardaky ähmiýeti ählimize mälim. Türkiýäniň energiýa merkezine öwrülme strategiýasyna laýyklykda bu başlangyçlary, onuň sebitleýin aktýordan global aktýora öwrüliş etabynda möhüm ähmiýete eýe bolup biler.

Global derejede pozisiýa eýelemek isleýän Türkiýäniň energiýa bazasyna öwrülmek urgundaky tagallasyna diňe bir ykdysady taýdan seretmek dogry bolmaz. Ol şol bir wagtda syýasy taýdanda Türkiýäniň pozisiýasynyň güýçlenmegi diýmekligi aňladýar. Elbetde bular ýeterlik däl. Türkiýe sebitde geografik ýerleşiş we mümkinçilik taýdan energiýa söwda merkezine öwrülme mümkinçiligine eýe. Emma Türkiýäniň energiýa syýasatynyň çür depesini emele getirýän energetika merkezine öwrülme maksady üçin ýokary mukdarda gaz akdyrmaly we üpjünçiligiň köpugurly häsýete eýe bolmaly.

Türkiýe häzirki wagtda rus gazyny Mawy Akym we Trans Balkan turba geçirijileri arkaly alýar. Türk Akymy bilen üpjünçiligini artdyrar. Türkiýe geljekde energiýa geçirijileriniň geçiş ugurlary boýunça işjeň syýasat alyp barmaly. Şol çäkde dine geçiriji pozisiýasynda bolmaly däl. netijede Türk Akymy Türkiýäniň milli energiýa syýasatyny güýçlendirmek ugrundaky möhüm başlangylaryndan biri bolar.



Degişli Habarlar