Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Türkiýe bilen ABŞ-nyň Türkistandaky jemgyýetçilik diplomatiýasy

674693
Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Jemgyýetçilik diplomatiýasy esasan hem 2000-njy ýyllar bilen birlikde halkara gatnaşyklarynda esasy orun eýeleýän adalgalardan biri boldy we daşary syýasatda giňden peýdalanylýan serişde ýagdaýyna geldi. Gepleşigimiziň bu günki sanynda Türkiýe bilen ABŞ-nyň Türkistandaky jemgyýetçilik diplomatiýasy hakynda maglumat bermekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň işgäri Jemil Dogaç Ipegiň mesele hakyndaky analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

ABŞ ilkinji nobatda Russiýanyň medeni täsiriniň azalmagyny we sebitde ýerleşýän ýurtlaryň garaşsyzlyklarynyň güýçlenmegini maksat edinýär. Gyrgyz Respublikasynda ortaça 143,Täjigistanda 81, Gazagystanda 76, Türkmenistanda 29 we Özbegistanda hem 21 sany asly  Amerikaly jemgyýetçilik guramasy bar. Şol jemgyýetçilik guramalarynyň bir bölegi Adam hukuklary guramasy, Žurnalistleri goramak komiteti ýaly halkara guramalaryň bir bölegidir. Russiýanyň sebitdäki täsiriniň ýaňadandan artmagy we “Öwüşginli ynkylaplar” tejribesinden soň sebitdäki ýokary gatlagyň wekilleriniň jemgyýetçilik guramalaryna has seresaply çemeleşmegi netijesinde şol guramalar täsirini ýitirmäge başlady.

Türkiýe şol sebitde ýerleşýän ýurtlaryň garaşsyz, syýasy we ykdysady taýdan durnukly, öz aralarynda we goňşulary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän, halkara guramalary bilen gatnaşyk edýän we demokratik gymmatlyklara goldaw berýän ýurtlar hökmünde barlyklaryny dowam etdirmeklerine goldaw berýär.

Türkiýe alyp barýan şol syýasaty bilen sebit ýurtlarynyň esasy hyzmatdaşyna öwrüldi. Türkiýäniň sebit baradaky jemgyýetçilik diplomatiýasy bilim, medeniýet we berýän ykdysady kömekleri bilen dowam edýär. Şol çakde ilkinji nobatda Türk medeniýetiniň, sungatynyň, diliniň we taryhy mirasyň goralmagy we şol gymmatlyklaryň dünýä tanyşdyrylmagy we geljek nesillere ýetirilmegi maksady bilen 1993-nji ýylda Halkara Türk medeniýet guramasy TÜRKSOÝ döredildi. Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan we Türkmenistan bilen birlikde Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy, Russiýa Federassiýasyna tabynlykdaky 6 Awtanomiýa we Maldowa tabynlykdaky Gagauz Awtanomiýasy hem synçy ýurt çini bilen TÜKSOÝ-a agzadyr.

Sebitde liberal ykdysadyýeti ýaýbaňlandyrmak we hususylaşdyrma goldaw bermek maksady bilen Orta Aziýa Amerika telekeçiler gaznasy iş alyp barýar. Häzirki wagtda Amerika-Orta Aziýa bilim guramasy ady bilen öz işini dowam etdirýän gurama telekeçilere goldaw berip açyk bazar ykdysadyýetiniň ýaýbaňlandyrylmagy üçin tagalla edýär.

Sebit ýurtlary bilen edýän gatnaşyklarynda bilime uly ähmiýet berýän Türkiýe 1992-nji ýylda başladylan “Uly talyp taslamasy” bilen Türki dilli ýurtlardan ýüzlerçe talyby kabul etdi. Döwrümizde “Türkiýe stipendiýalary” ady bilen Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasy tarapyndan daşary ýurtly talyplara stipendiýa berilýär. Şol meýilnamanyň çäginde “Türki dilli ýurtlar stipendiýa maksatnamasynyň” çäginde her ýyl onlarça talyp Türkiýedäki ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýär. Mundan başgada türk diliniň ýaýbaňlandyrylmagy üçin edilýän tagallalar bilen Türkiýäniň jemgyýetçilik diplomatiýasynda esasy serişdelerinden biri ýagdaýyna gelen Ýunus Emre İnstituti, Astanadaky we Bakudaky merkezleri bilen sebitde iş alyp barýar. Türkiýäniň Milli bilim ministrliginiň çäginde Gyrgyz Respublikasynda we Türkmenistanda her birinde 4, Gazagystanda we Özbegistanda bolsa 1 ylym ojagy iş alyp barýar.

Gyrgyzystan-Türkiýe Manas uniwersiteti 1997-1998 okuw ýylyndan bäri Bişkekde ýaşlara bilim berýär. 2014-2015 okuw ýylynyň görkezijilerine görä uniwersitetde 9 fakultetde,  4 Ýokary mekdepde, 1 Ýokary hünärmen mekdebinde 4891 talyp, 2 institutda bolsa 243 talyp bilim alýar.

Türk dünýäsiniň ilkinji bilelikdäki döwlet uniwersiteti bolan Ahmet Ýasawy uniwersiteti bilime we ylmy-barlaga uly goşant goşýar. Gazagystanda ýerleşýän uniwersitet 880 mugalymy bilen ýaşlara bilim berýär. Uniwersitetiň Ykdysadyýet, Tarih we bilim, Tehnalogiýa we daşary ýurt dilleri, Hukuk, Medisina, Tebigy ylymlar, Sport we sungat, İnformatika we İnženerçilik fakultetleri bilen ýaşlara döwrebap bilim berýär.

Amerikan Orta Aziýa uniwesiteti ABŞ-nyň sebitdäki esasy ylym ojaklaryndan biridir. Sebitde geljegiň liderlerini ýetişdirmegi maksat edinýän uniwersitet her ýyl ortaça 500-e golaý talyp kabul edýär we uniwersitetiň çäginde 15 ýurtdan ýaşlar bilim alýar.

Amerikaly uniwersitetleriň ýene-de biri 1997-nji ýylda Gazagystanyň Almaty şäherinde açylan Gazak-Amerikan uniwersitetidir.

Türk iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy agentligi TİKA Gazagystanda, Gyrgyz Respublikasynda, Özbegistanda we Türkmenistanda durmuşa geçirýän işleri bilen saglygy goraýyş, syýahatçylyk, bilim, tokaýçylyk, oba hojalyk we maldarçylyk pudagyna uly goşant goşýar.

Sowuk söweş döwründe ABŞ-nyň esasy propaganda serişdelerinden biri hökmünde açylan Azat Ýewropa radiosy Orta Aziýada öz işini dowam etdirýär.

2009-njy ýylyň 21-nji martyndan bäri ýaýlymlaryny dowam etdirýän Türk dünýäsiniň sesi bolmagy maksat edinýän TRT Awaz Türkiýäniň esasy başlangyçlaryndan biridir. Kanal gazak, gyrgyz, özbek we türkmen dilleri bilen birlikde Azerbaýjan türkçesinde we boşnýak dilinde ýaýlym berýär. Mundan başgada TRT-niň daşary ýurtlar dilleri departamentinde Türkiýäniň Sesi radiosy azeri, gazak, gyrgyz, türkmen, özbek, tatar we ugur dillerinde berilýän radio we internet ýaýlymlary esasy jemgyýetçilik diplomatiýasy serişdesine öwrüldi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar