Dost-Doganlygyň Taryhy

MÄNE BABA RUBAGYLAR

651024
Dost-Doganlygyň Taryhy

Dost dosta gowuşsa, ýaryna hem ýar,

Bu jahan mülkünde ondan ýeg ne bar?

 

Türkmen topragy müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhy üçin ähmiýetli wakalaryň mesgeni boldy.

 

        Türkmen jemgyýetleri Garadepe, Göksüýri, Ýylgynly ýaly ajaýyp ýadygärlikler, gadymy oguz-türkmen döwleti, seljuk türkmenleriniň döwletleri, osman türkmenleriniň soltanlyklary we beýleki türkmen döwletleri adamzadyň syýasy taryhynda özboluşly adalat baýdagy bolup pasyrdan mirasy bize goýup gitiler.

 

        Ata-babalarymyz dünýä gymmatlyklarynyň arasynda özboluşly, milli öwüşgin bilen lowurdaýan ruhy we medeni baýlyklary bize miras galdyrdy. Türkmeniň medeni mirasy — türkmeniň şan-şöhratdan doly geçmişine buýsanjy, şu gününe söýgüsi, ertirine bolan ynamy, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda hoşalap çöplän paýhas hakydasy, ertiriniň ýol çelgisidir.

 

        Türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan edebi akabalarynyň, sungat däpleriniň gözbaşynda durup, gelejegimize giden ýolumuzda, dana sözleri, rubagylaryndaky setirleri bilen gelejegimize barýan ýollarda çelgiler çyzan danalar az bolan däldir.

 

          Şeýle danalaryň biri-de 967-nji ýylda şol wagt we şu günki günlerde hem Mäne obasy hökmünde bilnen ýerde dünýä inip, 1049-njy ýylda 83 ýyl 4 aý, ýagny müň aý ýaşap, dogduk depesi Mänede ýagty jahan bilen hoşlaşan pir Abu Seýit Abylhaýyr – Mäne babadyr.

 

Mäne baba ýaşlykdan örän zehinli bolupdyr. Ol Merwde ymam Abdylla Hazaryň elinde bäş ýyl okapdyr.

 

Mäne baba Merwden soň Saragta gelip ymam Abu Aly Zahyr bin Ahmet Fakyhyň ýanyna barýar. Soňra ol ylym uran pir Lukman Saragtynyň kömegi bilen Abylfazl Saragtynyň ýagny Saragt babanyň ýanyna barýar we birnäçe wagt onuň elinde tälim alýar.

 

Mäne baba diňe bir halatly pir, keramatly danyşment bolmak bilen çäklenmän, ruhubelent, ynsanperwer şahyr bolupdyr. Onuň häzire çenli 726 rubagysy, 38 bölekleýin setiri, 88 sany dürli ölçegdäki goşgulary bize gelip ýetipdir. Munuň özi Gündogar şygryýetinde rubagy ýazan Omar Haýýam, Mahmyt Pälwan, Owhadeddin Enweri ýaly şahyrlar bilen deňeşdirilende hem san taýdan artykmaçlyk edýär. Rubagylar örän çeper, akgynly we ruhubelentligi wasp edýän setirler. Ol ähli dindäkileri hormatlan, olara duýgudaşlyk bildiren dana:

       

Gel, gel, her kes bolsaň, gel,

Kapyrmyň, gäwürmiň, butparazmyň, gel,

Bu gapy näumytlaň gapysy däldir,

Ýüz gezek tobany syndyrsaňam, gel.

 

Mäne baba gäwür bolsun, butparaz bolsun hemmeleri ýagşy, adamlara peýdaly işlere ündäpdir, hiç wagt näumyt bolman, «ýüz gezek tobany sypdyrsaňam», umydy elden bermeli däldigini wesýet edipdir.

 

Ol söýmegem, söýülmegem başaran ynsan, onuň döredijiliginde ylahy söýgem, ynsany söýgem öz mynasyp ornuny tapypdyr:

 

Gözlerimden uky ornun sil aldy,

Kalbym seni görmek üçin suw oldy.

Diýýärler «uklagyl, düýşde görersiň»,

Uky nirde, ýürek-bagrym owuldy.

 

Mäne baba gije-gündiz zikr edip, Haweranyň ot-çöpüne dem salyp, topragyny bagryna basyp, pikir edip, ýeriň ýüregine, arşa diň salyp bilen keramatly pir bolyp onyň şahyrana döredijiliginde türkmen topragyna, tebigatyna, ot-çöpüne söýgi, mähir bar.

 

Haweranyň topragynda har olmaz,

Kişi meň işime giriftar olmaz.

Seň jemalyň lutfy-yhsany üçin,

Ýüz-müň jany gurban bersem, ar olmaz.

         

Mäne babanyň döredijiliginde hiç kimiň minnetini çekmän, diňe Alla sygynmak pikiri eriş-argaç bolup geçýär, Haka sygynyp, çarhypelegiň salýan oýunlary agralyp başlanda, Alla doga bilen ýalbarsaň, işiň oňyn ýol aljakdygy ündelýär:

 

Minnet çekmezligi Hakdan dilegin,

Aýagna toz bolup, her bir telegiň,

Doga bilen işimiz ýol almasa,

Üç talagyn biýrin çarhypelegiň.

 

«Hak ýoly – hakykat ýoly». Alla sygynmak, onda-da durkuň, janyň-teniň bilen sygynmak gerek. Bu işde hiç hili ikilik bolmaly däl. Rumuň gülşeni Jelaletdin Rumynyň «Ýa-ha görnüşiň ýaly bol, ýa-da bolşuň ýaly görün» diýşi ýaly, bolşuňy ýasama edip, üýtgetmeli däl. Bu barada beýik pir şeýle diýipdir:

 

Käbä barsaň Haka biliň baglagyl,

Ýogsa «tagat zaýa» diýip aglagyl.

Ýüregiňde Alla ady bolmasa,

Gowusy meý içip, göwnüň çaglagyl.

 

        – diýen setirlerinde ruhy taýdan arassa bolmak, Alla tagala ynanmak gerekdigini ýatladýan bolsa, aşakdagy setirlerinde öz döwründäki uruş–jenjellerden hem habar berýän setirleri, onuň döwet galamyndan çykyp, häzirki günümize çenli ýetip gelipdir:

 

Tebiller urulýar Daňdanakanda,

Leşgerler gyrylýar Daňdanakanda.

Läş-läşe kaklyşýar, maslyk-maslyga,

Toprak üzre gyrmyzy gan akanda.

 

Ýokardaky setirlerden hem belli bolşy ýaly, Mäne babanyň zamanasy dürli harby çaknyşyklaryň, dini akymlaryň galagoply döwri bolupdyr. Şeýle ýagdaý onuň döredijiliginde belli bir yz goýupdyr:

 

Hijran ody bagrym birýan eýledi,

Gam tupany çeşmim girýan eýledi.

Bu köne dünýäniň hary-tikeni,

Oda-suwa salyp haýran eýledi.

 

Dana özüniň ýaşap geçen döwri galagoply bolan bolsa hem watana, dogduk depä wepaly bolma babatyndaky wataçylyk pikirlerini, asuda Nişapury goýup gaýdandaky pikirlerini aşakdaky şygyr setirlerine sygdyryp, watana bolan wepa sözlerini ine şeýle beýan edipdir:

 

Didaryňy gören ýerme ýortaryn,

Baryp diwaryna ýüzüm sürterin.

 

Dana piriň şahyrana döredijiliginden alan bir bendimiz bilen gepleşigimizi tamamlamagy makul bildik.

 

Töwerekde selme erşi-de – argaç,

Ýol ugry miweli, miwesiz agaç,

Gök ýüzünde petreýän ak ýyldyz,

Söwer ýara salamymy aýdyp öç.



Degişli Habarlar