Yslamy Öwreneliň

Nebis, ruh we durmuş ýaly manylary aňladyşy ýaly höwes, ýagny bedeniň erbet we ähmiýetsiz islegleri manysyny hem aňladýar

641095
Yslamy Öwreneliň

Yslam düşünjesinde nebis esasan adamyň içindäki erbet duýgularyň, legal däl islegleriň çeşmesi manysynda ulanylypdyr. Şeýlelikde nebise garşy göreş, içerki hasaplaşyk bolup, musulmanlar üçin iňňän möhüm ähmiýete eýedir.

Gurhanda beýan edilşine görä nebis hem şeýtanyň was-wasalaryna açyk, hem-de özi adama käbir etbetlikleri etmegi üçin was-wasa berýär. “Kasam edýän, adamy biz ýaratdyk we nebsiniň oňa beren was-wasasyny hem biz bilýäris.”, “Nebisler gabanjaňlyga we men-menlik duýgulary öjükdirýändir” aýatlary bilen Hezreti Ýusubyň dilinden beýan edilýän “Adamyň nebsi erbetlik etmäge ýykgyn edýändir” diýilýän aýat, nebsiň meýilini aňladýar. Adam Atanyň ogullaryndan biriniň doganyny öldürmegi we Ýakup pygamberiň ogullarynyň doganlary Ýusuby guýa taşlamaklary barada gurhanda gürrüň berilýän wakalar, nebsiň adamy nämelere alyp baryp biljekdigini we hiç kimiň nebsin erbetliklerinden goranmaýandygyny görkezýar. Emma Muhammet pygamberiň hem beýan edişi ýaly adam nebsiniň was-wasa hem-de erbet arzuw-isleglerini berjaý etmedigi saýyn borçly däldir.

Yslam düşünjesine görä adama berilen durmuşyň her pursadynyň we berilen nygmatlaryň ählisiniň hasaby ahyretde soralar. Şol synag düşünjesine laýyklykda adamyň öz içki dünýäsininde yzgiderli ýagdaýda hasap ýöretmegi talap edilýär. Musulmanyň özüni yzgiderli häsýetde sorag etmegine nebis hasabaty diýilýär. Düşünjeli musulman edenlerini ýygy-ýygydan seljerip, öz-özüni tankyt edip bilmelidir. Şonuň netiejesine göre bolsa eden haýyr-sahawatlary üçin allaga şükür eder; günäleri sebäpli bolsa puşman bolup, toba eder, özüni düzetmäge synanşar. Şeýlelikde bu hasabat musulman üçin iňňän möhüm tagalladyr. Nebisde oýanan duýgularyna gözegçilik etmegine we musulmanyň içgin, ärdemli adam bolmagyna alyp barar.

Beýik biribar “Nebsini saplan halas bolandyr. Ony erbetliklere gömüp, hapalan adam zyýan çeker” diýip buýurýar. Nebsi saplamak, erbet hüý-häsýetlerden çetleşmek, gowy endikler edinmek we gowy işler etmek bilen bolar. Ony görmek we berjaý etmek üçin bolsa nebis ýygy-ýygydan sorag edilmeli. Hezreti Omardan rowaýat edilýän şu waka ony ajaýyp görnüşde beýan edýär: “Hasap soralmazdan ozal özüňizi sorag ediň, uly hasabat güni üçin özüňizi taýarlaň! Çünki kyýamat güninde hasam bermek diňe aýatdaka özüni sorag edenler üçin ýeňil bolar.” Bu hasabat alla ýolunda edilmeli ähli göreşiň özenini emele getirýär.

Yslam düşünjesine görä nebis adamlardan aýry däldir. Şeýlelikde nebis bilen göreşmek adamyň özi, harsydünýäligi, yzy üzülmeýän islegdir arzuwlary bilen synagy hem-de göreşmegidir. Hezreti pygamber “Akylly adam nebsi bilen hasaplaşyp, oňa höküm edýän we ölümden soňky durmuşy üçin işleýändir. Biçäre adam bolsa nebsinin ähli arzuw-isleglerine boýun egýän we şonuň bilen birlikde entegem alladan gowulyk tama edýändir” diýmek bilen, şol göreşi akyllylygyn talaby hökmünde kabul edipdir.

Muhammet pygamber nebsiň ýa şeýtandan ýa-da melekden alýan ylhamy bilen hereket edýändigini habar beripdir. Şeýtan adama dünýä durmuşyna çekmäge synanşar. Durmuşdan lezzet almagy üçin höweslendirer. Melek bolsa etjek hereketiniň netijesini pikir etmegini ündär. Hasabata çagyrar. Hezreti pygamber musulmanlara şol ylhamlaryň netijelerini ýatlatmak üçin “Jähennem nebsiň hoşuna gelýän zatlara, jennet bolsa nebsiň halaýan kynçylyklary bilen gurşalypdyr” diýip buýurýar. Nebsin hasabynda göz öňünde tutulmaly iň esasy kriteriýadan biri hem şol tabşyrykdyr.

Musulmanyň içerki hasabaty özüni, borçdyr jogapkärçiliklerini ýatlamagyna, ahyrete barýan ýolda geçen aralygyny görmegine we öz ýagdaýyny seljermegine sebäp bolar. Hasabat nebsiň hoşuna gelmän biler. Eýsem ölmegi ýatlamagy, käbir zowky-sapalary terk etmegi, agyr borçlary ýerine ýetirmäge girişmegi talap eder. Eşretli dünýä durmuşy, mäla-mülke ýykgyn etmek, nebsiň erbet arzuwlary bolsa adama borçlaryny, ahyret hasabyny, allany unutdyrar. Aslyna seredilende adam bolmaklygyň borjuny, başga bir söz bilen aýdylanda adamyň özüni unutdyrar. Beýik alla bu barasynda “allany unudan we şol sebäpli allanyň özlerine özlerini unutdyran adamlary ýaly bolmaň” diýmek bilen ünsleri çekýär.

İçki dünýä hasabaty musulmana arzuwlaryna, hereketlerine gözegçilik etmäge pursat döredýär. Dogrylaryny we ýalňyşlaryny wyjdanynyň sğzgüjinden geçirmegine ýardam berer. Nebisde bardygy bilinýän ýaramaz dugularyň haýyra tarap gönükdirilmegine ýol açar. Jemläp aýdanymyzda hasabat musulmany netijä alyp barýan gymmatly ýolbeletdir.


Etiketkalar: #yslam , #nebis , #adam , #ata

Degişli Habarlar